Ï Türkmenistanyň eksport syýasaty: bäsdeşlige ukyply önümçilik ösdürilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň eksport syýasaty: bäsdeşlige ukyply önümçilik ösdürilýär

view-icon 4232
Türkmenistan dünýäniň ykdysady ulgamyna giňden aralaşmak ýoluna düşüp, häzirki döwürde sazlaşykly ösýän döwletleriň hatarynda öz ornuny berkitdi. Soňky ýyllar türkmen döwleti üçin ýurduň ykdysady mümkinçilikleriniň pugtalandyrylmagyna, halkyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen birnäçe möhüm çözgütleriň kabul edilýän döwrüne öwrüldi.

Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 6-njy iýulynda geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow eksport syýasaty ulgamynyň wezipeleri hakynda aýtmak bilen, Türkmenistanyň çig mal ugradýan ýurt bolanlygyndan, döwrebaplaşdyrylan hem-de ýokary tehnologiýaly senagata, gaýtadan işleýän pudaklaryň häzirki zaman ösen düzümine daýanýan we bäsdeşlige ukyply önümleriň möçberlerini we görnüşlerini yzygiderli artdyrýan innowasion ýurda öwrülendigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ähli degişli ýolbaşçylardan dünýä bazarynyň ýagdaýyny, şol sanda haýsydyr bir önüme bolan bahany jikme-jik öwrenmegi talap etdi we munuň özi milli eksport syýasatynyň has-da kämilleşdirilmegini şertlendirer diýip belledi. Milli Liderimiz gürrüňi dowam etmek bilen, bazar ykdysadyýetiniň möhüm bölegi bolan häzirki zaman marketinginiň görnüşlerini we derejelerini öwrenmegiň möhümdigini belledi hem-de bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Mälim bolşy ýaly, ykdysadyýetiň döwrebaplaşdyrylmagy, onuň diwersifikasiýa edilmegi we açyklyk häsiýete eýe bolmagy bazar usullary bilen döwlet dolandyryşynyň sazlaşygy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan täze ykdysady syýasatynyň möhüm tapgyrlary bolup durýar.

Şunlukda, ýangyç-energetika toplumyny, obasenagat ulgamyny, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän ýokary tehnologiýaly pudaklary ösdürmek bilen bir hatarda, ýurduň ulag we maglumat – kommunikasiýa düzümini giňeltmäge, bilim, ylym, şeýle hem saglygy goraýyş, medeniýet, durmuş ulgamyna ägirt uly serişdeleri goýberilýär.