Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýaňy-ýakynda bolup geçen giňişleýin mejliisinde döwlet baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdy 2016-njy ýyla çenli döwür üçin hemme taraplaýyn ösdürmegiň Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça öňde duran wezipeleriň esasy ugurlaryny anyklady. Mälim bolşy ýaly, bu Maksatnama şu ýylyň fewral aýynda Hormatly Prezidentimiziň gaýtadan Prezidentlik wezipesine girişenden soňra kabul edilen ilkinji resminamalaryň biridir. Maksatanamanyň esasy maksady bolsa, ykdysadyýeti ösdürmek we türkmen halkynyň maddy-hal ýagdaýyny mundan beýläk hem ýokarlandyrmak bolup durýar.
2012-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň jemlerinden görnüşi ýaly, - bu barada Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda hem aýdylyp geçildi, - esasy zat, Prezident Maksatnamasy ýokary depginlerde amala aşyrylýar. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende şu ýyl onüm öndürilişi 128,2 göterime çenli artdyryldy.
Içerki uly göwrümli taslamalary durmuşa geçirmek üçin köp möçberde serişdeler göýberilýär. Olaryň arasynda – „Awaza“ milli syýahatçylyk zolagynyň desgalarynyň gurluşygynyň nobatdaky tapgyry bar. Şol ýerde, Balkan welaýatynda, golaý wagtda „Mollagara“ sagadylş merkezi ulanylmaga beriler. Demirgazyk-Günorta demir ýolunuň gurluşygy hem tamamlaýjy tapgyra gadam basdy. Nebitgaz pudagynda – asyryň gurluşygy bolan Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisi boýunça Hytaý döwletine akdyrylýan gazyň möçberini artdyrmak we biziň ýurdumyzdan Owganystanyň we Päkistanyň üsti bilen Hindistana gaz geçirijisini gurmak boýunça baglaşylan şertnamalar bar. Uzynlygy bir müň kilometr bolan Gündogar-Günbatar döwletiçre gaz geçirijisiniň gurluşygy öz güýjümiz bilen alnyp barylýar. Türkmenistanyň günorta-gündogarynda himiýa pudagynyň iri gurluşygy – Garlygyň dag magdan baýlaşdyryş kaliý kombinatynyň gurluşygy alnyp barylýar. Ýurduň geologiki kartasynda nebitiň we gazyň, beýleki peýdaly gazylyp alynýan serişdeleriň täze we täze ýataklary peýda bolýar.
Paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň ak mermere beslenip, çalt depginlerde ösdürilmegi bellenmäge mynasypdyr. Muňa ýaňy-ýakynda şäheriň 10 ýyl Abadançylyk köçesiniň ugrunda ulanylmaga berilen ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň 18-niň berilmegi doly şaýatlyk edýär. Paýtagtyň gurluşygynyň nobatdaky tapgyrlary hem örän haýran galdyryjydyr.
Bilim ulgamyny ösdürmeklige, ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamaklyga aýratyn üns berilýär. Muňa Ministrler Kabinetiniň 6-njy iýulda bolup geçen maslahatynda hem uly ähmiýet berildi. Iň bir gerekli hünärler bolan – gurluşykçylary, arhitektorlary we dizaýnerleri, şeýle hem nebitgaz pudagy üçin hünärmenleri taýýarlamak üçin Aşgabatda iki sany ýokary okuw mekdebi açyldy. Ýurtda gerek bolan hünärmenleri taýýarlamak üçin goşmaça hojalyk hasaplaşygyndaky täze okuw jaýlary açylýar. 2012-2013-nji okuw ýyllarynda ýurduň ýokary okuw mekdepleri talyplaryň 5766 sanysyny kabul eder, ýagny geçen ýylkydan 711 adam köp kabul ediler. Orta hünärment okuw mekdeplerine 5765 okuwçy kabul ediler – bu bolsa geçen ýyldaka garanyňda 1794 adam köpdür.
Obalarda amala aşyrylýan uly göwrümli özgertmeler we Hormatly Prezidentimiziň Maksatnamasyna laýyklykda bu işler golaý geljek bäş ýylyň dowamynda has-da ýaýbaňlandyrylar. Ony amala aşyrmak üçin eýýäm 2 milliard 247 million manat goýuldy diýip, Milli Liderimiz aýytdy. Öňde – 2012-2016-njy ýyllarda ýurduň welaýatlaryny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny ýerine ýetirmek, welaýatlardaky desgalaryň gurluşygyny tamamlamak boýunça gyzgalaňly işler garaşýar.
Maýa goýum maksatnamasyny durmuşa üstünlikli ornaşdyrmak meselesi umumy döwlet ähmiýetine eýedir. Bu günki gün Türkmenistanda 1880-e golaý desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar. Olaryň umumy bahasy bosa ABŞ-niň 35 milliard 400 million dollaryna barabardyr (maýa goýumynyň 116,6 göterim ösdürilmeginde).
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow „...şu ýylyň ikinji ýarymynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde uzak möhlete niýetlenen, toplumlaýyn maksatnamamyzy we özgertmelerimizi durmuşa geçirmek örän möhüm, ileri tutulýan ugurlar bolmagynda galýar“ diýip, aýratyn nygtady. Diňe ýaňy-ýakynda bolup geçen Ministrler Kabinetiniň giňeldilen mejlisinde ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmek, nebitgaz toplumyny, himiýa senagatyny we balyk hojalygyny, oba hojalygyny, ulag we aragatnaşyk ulgamlaryny ösdürmek boýunça Maksatnamalary, ylym we bilim, Türkmenistanyň Medeniýet ulgamyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin döwlet maksatnamalary,Ýurduň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy kabul edildi. Ýurduň durnukly ösdürilmegi nukdaý nazaryndan, onuň maliýe-býujet ulgamynyň we tertip-düzgüniň berkligi üçin 2013-nji ýyl üçin döwlet býujetiniň işläp başlaýandygy sebäpli ýurduň degişli ýolbaşçylaryna Prezident tarapyndan berilen tabşyryklar bolup durýar. Milli lideriň nygtaýşy ýaly, bňujet „durmuş maksatlaryna doly gönükdirilmelidir“.
Indiki ýylyň 1-nji ýanwaryndan aýlyk zähmet haklarynyň we döwlet kömek pullarynyň 10 göterim, pensiýalaryň möçberiniň 15 göterim ýokarlandyrmak barada Permanyň kabul edilmegi halkyň abadançylygy barada edilýän alada şaýatlyk edýän ýene-de bir nobatdaky ädim boldy. Mundan beýläk zähmet pensiýalarynyň iň ýokary möçberi aýda 742 manat, 1941-1954-nji ýyllarda Beýik watançyly urşuna hatnaşyjylar üçin aýda iň pes möçberi 725, iň ýokary möçberi aýda 978 manat bolar. Tebigy gaza, elektrik energiýasyna, suwa, nahar duzuna, benzine, ÝJH iň az tarifleri, aragatnaşyk hyzmatlary, şäher ulaglarynda gatnawlar öňküsi ýaly ýeňilleşdirilen görnüşlerde galdyrylar. Geçen ýylda bolşy ýaly, bu ýyl hem ýurduň umumy bilim berýän mekdepleriniň birinji synpyna barjak okuwçylaryň ählisine (bu 71 müňden hem gowrak çagadyr) netbuklar döwlet tarapyndan sylag hökmünde beriler.
Ministrler Kabinetiniň geçen mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk pudagyna telekeçileri giňden çekilmegini, obada iş alyp barmagyň täze usularyny ornaşdyrmak meseleleri barada ýolbaşçylaryň, häkimleriň ünsüni çekdi. Wagt geldi, „adamlara ýeri uzak möhletleýin kärendesine bermäge gorkmaň. Goý olar özlerini ýeriň hakyky eýesi hökmünde duýsunlar“ diýip, Milletiň Baştutany ýene bir gezek ýüzlenýär. „Hususy bölegiň wekilleri gatnaşmazdan oba hojalygynda amala aşyrylýan özgertmeler garaşylýan netijäni bermez“ diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar.
Gelejekde anyk maksatlary öňde goýmak bilen, guramaçylyk ukybynyň ornuna we ähmiýetine, zähmetsöýerligine, täze döwürde kyn we çylşyrymly meseleleri özbaşdak çözüp bilmeklige ayratyn ähmiýet berilmelidigini Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar. „Biz ýolbaşçynyň ideýa taýdan ýokary taýýarlyk derejesi we watançylyk duýgulary, döwletimiüiň alyp barýan syýasatyna we halkymyza wepalylyk, adamlara ýakyn durmak, ýönekeýlik we sadalyk, ak ýüreklilik, berk garaýyşlylyk we päk ahlak sypatlary ýaly şahsy aýratynlyklaryna örän uly ähmiýet bereris“ –diýip döwlet baştutany belledi.
Öňde Watanymyzyň bähbidi üçin täze amala aşyrylmaly we nobatdaky işler garaşýar.