Türkmenistanyň Döwlet okuw-usulýet merkezinde okuw terbiýeçilik işinde pedagogiki innowasiýalary ornaşdyrmagyň meselelerine bagyşlanyp ylmy-amaly maslahat geçirildi. Onuň işine paýtagtyň we ähli welaýatlaryň umumy bilim berýän edaralarynyň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň işgärleri, ýolbaşçylar, mugallym-täzelikçiler we umumy bilim berýän mekdepleriň hünärmenleri gatnaşdylar.
Döwlet okuw-usulýet merkezi Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasyndaky Berdimuhamet Annaýew adyndaky 27-nji orta mekdebiň binýadynda ýerleşýär. Şonuň üçin hem bu ýerde ilkinji sapar bolup görýänler bu mekdebiň okuw synplary we barlaghanalary, mekdep okuwçylarynyň aň we döredijilik mümkinçiliklerini ýüze çykarmak üçin niýetlenen dürli predmet merkezleri bilen tanyşdyryldy.
Maslahat seksion mejlisler görnüşinde geçirildi. Olaryň tematikasy bolsa mekdebe çenli ýaşly edaralarda we mekdeplerde gumanitar we tebigy sapaklary okatmagyň ilkinji nobatdaky meselelrine bagyşlandy
Häzirki zaman, şol sanda multimediýa tehnologiýalary esasynda okatmagyň innowasion usullaryny peýdalanmak boýunça ýurduň mugallymlarynyň iň gowy tejribeleri maslahata gatnaşyjylaryň üns merkezinde boldy.
Halkara bilim taslamalarynyň goldamagy esasynda baý tejribe toplan, mekdep sapaklarynyň ählisi boýunça häzirki zaman innowasion usullary ornaşdyrylan we üstünlikli işleýän mekdepleriň mugallymlarynyň çykyşlary maslahata gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.
Maslahatyň çäklerinde mekdepde sergi guraldy. Onuň eksponatlarynda soňky döwürde neşir edilen okuw kitaplary, mekdep sapaklarynyň dürli görnüşleri boýunça mugallymlaryň işläp taýýarlan innowasion metodiki iusullary giňden görkezildi.