Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda Türkmenistanyň Milli medeniýet merkeziniň Milli kitaphanasynda ýurduň kitaphana işine bagyşlanan maslahat geçirildi.
Maslahata ýurduň welaýatlarynyň, etraplarynyň, şäherleriniň kitaphanalarynyň, şeýle hem Türkmen döwlet medeniýet institutynyň we Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatda kitaphana işine häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrmak, kitap gaznasyny saklamak we okyjylara hyzmat etmek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň „kitaphana we muzeý işi“ bölüminiň, Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň we Milli kitaphananyň baş hünärmenleri maslahata gatnaşyjylar üçin tejribe okuwlary we master-klasslary geçdiler. Bu okuwlaryň esasy bölegi elektron kitaphana kataloglaryny döretmek, dürli ýaşdaky okyjylar üçin amatly bolar ýaly „meňzeş“ kartotekalar hem saklanylyp galynar.
Ýurtda şular ýaly edaralar ulgamynyň giňden ýaýbaňlandyrylmagy kitaphana işine uly üns berilýändigine şaýatlyk edýär. 2010-njy ýyldan bäri ýurtda 141 sany kitaphana açyldy. Ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak üçin Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebi döredildi. Ýurtda neşir edilýän edebiýat bilen kitaphanalryň gaznasyny üpjün edýän „Galkynyş“ kitap merkezi 2008-mji ýyldan bäri işläp gelýär.
Gaznasy 6 million kitap nusgasy bolan Milli kitaphanada elektron katalogyny alyp barmak tejribesi 2006-njy ýyldan bäri işläp gelýär. Bu kitaphanada kitaplaryň saklanyşyny we durkuny täzelemek boýunça hazirki zaman Barlaghananyň bolmagy gymmat bahaly kitaplaryň saklanylşyny üpjün etmek üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Ýurduň esasy maslahat beriş merkezi hökmünde bu kitaphana welaýat kitaphanalarynyň gaznalaryna ýakyndan kömek berýär hem-de saklamaga we durkuny täzelemäge degişli bolan aýratyn zerur bolan kitaplaryň tapgyryny kabul edýär.