Häzirki türkmen döwletiniň taryhynda ilkinji gezek 2012-2016-njy ýyllarda ýurdumyzyň welaýatlaryny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meýilnamalary tassyklanyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu täze we möhüm çözgüdini Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň golaýda bolan giňişleýin mejlisinde beýan etdi.
“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda” göz öňünde tutulan wezipeleri ýerine ýetirmek, welaýatlarda maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmak, täze iş orunlaryny döretmek, ilatyň durmuş goraglylygyny üpjün etmek we berkarar döwletiň bagtyýarlyk eýýamynda ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekip, 2012-2016-njy ýyllarda Ahal welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meýilnamasyny, 2012-2016-njy ýyllarda Balkan welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meýilnamasyny, 2012-2016-njy ýyllarda Daşoguz welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meýilnamasyny, 2012-2016-njy ýyllarda Lebap welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meýilnamasyny, 2012-2016-njy ýyllarda Mary welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meýilnamasyny tassyklady.
Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň milli ykdysady ugurda amala aşyrýan esasy ýörelgesi Türkmenistany dünýäniň iň ösen ýurtlarynyň derejesine çykarmak maksady bilen onuň serişdeler, senagat, zähmet we intellektual kuwwatyny diwersifikasiýalaşdyrmak bilen baglanyşyklydyr. Şu maksada ýetmek üçin toplumlaýyn çäreleriň birnäçesi görüldi, şol sanda degişli kanunçylyk-hukuk binýady döredildi, maliýe-ykdysady ulgam kämilleşdirildi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, netijeli ykdysadyýet berk ylmy esasa daýanmalydyr, şunda ykdysady, demografik we durmuş şertleri içgin seljerilmelidir. Şunuň bilen baglylykda, strategiki meýilleşdirmegiň bitewi we çeýe ulgamynyň döredilmegi häzirki zamanda türkmen döwletini hemmetaraplaýyn ösdürmegiň esasy ugry bolup durýar.
“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda” bazar gatnaşyklaryna kem-kemden dartgynly ýagdaýlar bolmazdan asuda geçmegiň şertlerinde durmuş ugurly milli ykdysadyýetimiziň durnukly we sazlaşykly ösdürilmegini üpjün etmäge ýardam etjek anyk wezipeler kesgitlenildi. Bu Maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna, ony döwrebap we ýokary tehnologiýaly senagata esaslanýan innowasion ykdysadyýete öwürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga ýardam eder.
Öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin ýakyn 5 ýyla niýetlenen sebitleýin ösüş Maksatnamalary hem taýýarlanyldy. Şeýlelikde umumymilli maksatnamalary durmuşa geçirilmegi welaýatlary 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň görkezilen Meýilnamalary we ilkinji nobatda "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda" bellenen wezipeleri nazara almak bilen düzülen degişli Iş meýilnamalary berk baglanyşyklydyr.
Sebitleri özgertmek boýunça giň möçberli maksatnama döwlet Baştutanymyzyň özgertmeleriniň täsirli guralynyň aýrylmaz bölegi bolmak bilen, möhüm wezipeleri çözmäge gönükdirilendir. Sebitleri özgertmek baradaky maksatnamanyň çäklerinde eýýäm täze türkmen obasynyň anyk keşbi kemala geldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ençeme gezek nygtaýşy ýaly, obany ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler tutuş milli-döwlet strategiýasynyň möhüm ugrudyr. Şunuň bilen baglylykda içerki bazaryň, şeýle hem eksportuň anyk isleglerine laýyk gelýän önümçilikleri döwrebaplaşdyrmaga, maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmaga, iş orunlarynyň sanyny artdyrmaga gönükdirilen her bir welaýat boýunça täze ösüş Meýilnamalary aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Sebitleri ösdürmegiň meýilnamalaşdyrylmagy milletiň Lideriniň işläp taýýarlan we durmuşa geçirýän döwlet gurluşynyň özboluşly milli nusgasynyň örän oýlanyşyklydygyny we ylmy taýdan esaslandyrylandygyny görkezýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini bellemek bilen, Türkmenistanyň saýlap alan ugrunyň ählumumy maliýe-ykdysady çökgünligiň milli ykdysadyýete täsirini peseltmäge, şeýle hem jemi içerki önümiň ösüş depginini, senagat önüminiň öndürilişiniň möçberlerini, daşary söwda dolanyşygyny ýokary derejede saklamaga, harytlaryň we hyzmatlaryň içerki bazarynda bahalaryň durnuklylygyny üpjün etmäge, durmuş ulgamyna gönükdirilýän maýa goýumlarynyň möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berendigini nygtamalydyrys.
Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 6-njy iýulynda bolan giňişleýin mejlisinde beýan edilen 2012-nji ýylyň birinji ýarymynyň jemleri boýunça makroykdysady görkezijiler Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende jemi içerki önümiň möçberi 111, 1 göterim artdy. Şunda senagatda 142,9 göterim, gurluşykda 118,3 göterim, hyzmatlar ulgamynda 121,8 göterim ösüş gazanyldy. Oba hojalygynyň ösüş depgini 110,2 göterime barabar boldy.
Ýene-de käbir sanlara ýüzleneliň: şu ýylyň alty aýynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 120,5 göterim, çykdajy bölegi 94,5 göterim ýerine ýetirildi. Ýurdumyz boýunça zähmet haklarynyň möçberi ortaça 11 göterim ýokarlandy. Şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda bölek söwda haryt dolanyşygynyň möçberi 2011-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 114,9 göterime, ilata edilen tölegli hyzmatlar bolsa 114,7 göterime barabar boldy.
Bu babatda "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy" aýdyň mysalydyr. Onuň çäklerinde eýýäm 2 milliard 247 million manatlykdan gowrak maýa goýum serişdeleri özleşdirildi. Ýüzlerçe desgalar – ýaşaýyş jaýlary, mekdepler, hassahanalar, çagalar baglary, awtomobil ýollary, gaz we suw geçirijiler, elektrik üpjünçilik ulgamlary, beýleki desgalar ulanmaga berildi.
Häzirki wagtda ýurdumyz boýunça umumy bahasy 35 milliard 400 million amerikan dollaryna barabar bolan 1800-e golaý desganyň gurluşygy alnyp barylýar. Giň möçberli taslamalar yklymyň ýurtlaryny birleşdirjek “Demirgazyk-Günorta” demir ýolunyň, uzynlygy 1 müň kilometre barabar bolan “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisiniň gurluşygy bilen baglanyşykly, şeýle hem täze nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek ulgamyndaky taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Döwletiň ähli maliýe we syýasy mümkinçiliklerini ulanmak maksadynda döwlet kadalaşdyrylyşynyň deňagramlylygy şeýle ýokary netijeleri gazanmakda möhüm orun eýeledi. Şunda esasy gaznalara hem-de durmuş ulgamyna maýa goýumlarynyň ýokary derejesi üpjün edildi.
Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, bazar ykdysadýetiniň gurallaryny giňden ornaşdyrmak, ýurdumyzyň maliýe-bank ulgamyny ösdürmek boýunça işleriň dowam etdirilmeginiň möhümdigine aýratyn ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň maliýe-ykdysady we bank ulgamyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin maksatnamasy, şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetrilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.
Türkmenistanda amala aşyrylýan, innowasion ýörelgelere we usullara esaslanýan ykdysady özgertmeler ýurdumyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna üstünlikli goşulyşmagynyň möhüm şertleriniň biri bolup durýar.
Aýdyň durmuş ugry bolan bazar ykdysadyýetine tapgyrlaýyn geçmegiň strategiýasy Türkmenistana özgertmeleriň ewolýusion ýoly bilen ynamly gadam urmagyna mümkinçilik berýär. Bu babatda döwlet Baştutany tarapyndan kabul edilen we türkmenistanlylaryň bähbitlerini goramagy maksat edinen ýene-de bir möhüm çözgüdi belläp geçmeli. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda 2013-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň iş haky 10 göterim ýokarlanar. Şeýle hem döwlet kömek pullarynyň möçberi 10 göterim, pensiýalar bolsa 15 göterim artdyrylar.
Zähmet pensiýalarynyň doly derejeli möçberi aýda 742 manat bellenilýär. Şunda Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylar üçin pensiýanyň iň az möçberi aýda 725 manada, iň ýokary möçberi bolsa aýda 978 manada, Beýik Watançylyk urşunyň weteranlarynyň, olaryň ýanýoldaşlarynyň we tylda zähmet çeken weteranlaryň pensiýasynyň doly möçberi 890 manada barabar bolar. Beýleki binýatlyk möçberler hem pensiýalary we döwlet kömek pullaryny hasaplamak üçin bellenildi.
Özgertmeleriň bu synalyp görlen strategiýasy ýurdumyzyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün edýär, uzakmöhletli geljek üçin onuň abadançylygynyň esaslaryny berkidýär hem-de halkyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam edýär. Türkmenistanda gazanylýan her ýylky makroykdysady görkezijiler, şeýle hem dünýäniň abraýly maliýe guramalaryň, şol sanda Halkara walýuta gaznasynyň, Bütindünýä bankynyň we beýlekileriň bilermenleriniň türkmen ykdysadyýetiniň mundan beýläkki ösüşiniň göwnejaý çaklamalary munuň tassyklanmasy bolup durýar. Şeýlelikde, türkmen döwleti dünýäniň has depginli ösýän ýurtlarynyň hatarynda orun aldy diýip ynam bilen aýtmak bolar.
Maýa goýumlarynyň ykdysadyýetiň anyk ulgamyna gelip gowuşmagyny höweslendirýän we durmuş maksatnamalary üçin çykdajylary artdyrmaga mümkinçilik berýän çuňňur oýlanyşykly salgyt-býujet syýasatynyň durmuşa geçirilmeginde ykdysady hem-de maliýe durnuklylygy gazanmakda, önümçiligiň durnukly ösüşini üpjün etmekde möhüm orun degişlidir. Bu babatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen Durnuklaşdyryş gaznasy hem-de görlen belli bir maksatly çäreleriň birnäçesi, şol sanda daşary ýurt puly barasynda manadyň alyş-çalyş hümmetiniň kadalaşdyrylmagy hem-de milli pulumyzyň denominasiýasynyň geçirilmegi bu babatda möhüm çäreler boldy.
Döwlet maliýe serişdelerini dolandyrmak ulgamynda toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar. Bazar özgertmelerini geçirmekde hem düýpli ösüş gazanyldy, onuň depginleriniň artdyrylmagy geljekde durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek üçin aýgytly ähmiýeti bardyr.
Aýratyn alnan pudaklary däl-de, eýsem, milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny sazlaşykly ösdürmäge gönükdirilen maýa goýum syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi döwletimiziň durnukly hem-de depginli ösüşiniň ähmiýetli şertleriniň biridir.
Häzirki zaman senagat düzümleriniň kemala getirilmegi, şol sanda önümleri gaýtadan işleýän iri kärhanalaryň döredilmegini göz öňünde tutýan ýurdumyzy senagatlaşdyrmaga tarap alnan ugur Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň möhüm ugry bolup durýar. Şu maksat bilen ägirt uly möçberdäki maýa goýumlary täze kärhanalary gurmaga hem-de häzir işläp gelýänleriň durkuny täzelemäge goýulýar. Tebigy gaz bilen işleýän energiýa bilen üpjün ediji kuwwatlyklary artdyrmak işjeň depginler bilen alnyp barylýar. Önümleriň täze görnüşlerini öndürmek boýunça taslamalar işlenip taýýarlanylýar.
Türkmenistanyň amatly ýerde ýerleşmegi hem-de ýurdumyzyň üstaşyr geçirmek mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek boýunça uly geljeginiň bardygyny nazara almak bilen, ulag ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Bu babatda iň öňdebaryjy gazanylan üstünlikleriň we bu ugurdaky innowasion tehnologiýalaryň esasynda degişli düzümleri döwrebaplaşdyrmak amala aşyrylýar.
Degişli önümçilik düzümlerini giňeltmegi, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmegi, alyjylar bazaryny ýurdumyzda öndürilen dürli görnüşli we ýokary hilli azyk önümleri bilen üpjün etmegi maksat edinen obasenagat toplumyny döwrebaplaşdyrmak milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlarynyň biridir.
Bu babatda ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda ýer we suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, obasenagat toplumyny sebitleýin ýöriteleşdirmek we beýleki möhüm ugurlaryň birnäçesi kesgitlenildi. Şunda döwletimiz geljekde hem pudaga hemmetaraplaýyn goldaw bermegi maksat edinýär.
Mälim bolşy ýaly, Ministrler Kabinetiniň giňeldilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz maksatnamalaýyn çykyşynda obada täze ykdysady gatnaşyklary ornaşdyrmak boýunça, şol sanda hususy ulgamyň mümkinçiliklerini has doly ulanmagyň hasabyna işi işjeňleşdirmegiň zerurdygyna aýratyn üns berdi. “Agrosenagat toplumynyň ähli pudaklarynda hem şunuň ýaly syýasaty ýöretmeli. Goý, adamlar önümleri gaýtadan işleýän kiçi kärhanalary, süýt öndürýän fermalary gursunlar, maldarçylygy netijeli ösdürsinler! Döwletimiz bu ugurda iş alyp barýan adamlaryň ählisine ýeňillikli şertlerde karz serişdelerini berýär. Hususy pudagyň wekilleri gatnaşmasa, oba hojalygynda amala aşyrylýan özgertmeler garaşylýan netijeleri bermez!” diýip, milletiň Lideri aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda telekeçiligi höweslendirmek hem-de ösdürmek üçin göwnejaý şertler döredilýär. Munuň özi ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşine hem-de dünýäniň ykdysady giňişligine üstünlikli goşulyşmagyna ýardam edýär.
Türkmen döwletiniň daşary ykdysady işi barada aýdylanda bolsa, onuň işjeň we depginli häsiýetine birinji ýarym ýylyň jemleri boýunça ýurdumyzyň daşary söwda dolanyşygynyň bir ýarym essä golaý artandygy hem-de ony mundan beýläk-de artdyrmak üçin ähli şertleriň bardygy şaýatlyk edýär.
Türkmenistanda amala aşyrylýan ykdysady özgertmelere degişli meseläni dowam etdirip, ýurdumyzyň bank ulgamynyň maliýe taýdan durnuklylygyny ýokarlandyrmagyň onuň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny belläp geçmeli. Häzirki wagtda bu ulgamyň işini kämilleşdirmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen tassyklanylan, 2011-2030-njy ýyllar üçin niýetlenilen degişli döwlet Maksatnamasynyň, şeýle hem Türkmenistanda gymmatly kagyzlaryň bazaryny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin döwlet ösüş maksatnamasynyň esasynda amala aşyrylýar. Bu babatda Türkmenistanyň maliýe-ykdysady we bank ulgamyny ösdürmegiň maksatnamasynyň hem-de Türkmenistanyň maliýe-ykdysady we bank ulgamyny 2012-2016-njy ýyllarda ösdürmek boýunça çäreleri geçirmegiň meýilnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň möhüm ähmiýeti bardyr.
Milli parlamentimiz tarapyndan soňky wagtlarda taýýarlanylan hem-de kabul edilen täze kanunçylyk namalary ykdysady ulgamda ähli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ygtybarly esas bolup hyzmat edýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösüşini üpjün edýän kanunçylyk-hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegi ýakyn geljek üçin wezipeleriň hatarynda belledi.
Türkmen döwletiniň Baştutany dünýä ykdysadyýetiniň ulgamynda saklanyp galýan durnuksyzlyk sebäpli uly möçberli dartgynly ýagdaýlaryň zyýanly täsirine garşy hereket etmegiň hem-de häzirki anyk ýagdaýlara laýyk gelýän degişli toplumlaýyn we çeýe strategiýany kemala getirmegiň usullaryny pugtalandyrmagyň möhümdigini nygtady.
Şeýlelikde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan, Türkmenistanda kabul edilen täze ösüş maksatnamalary ýurdumyzyň ýakyn we uzak möhletli geljek üçin durnukly durmuş-ykdysady ösüşiniň, türkmen halkynyň maddy-hal ýagdaýyny belli bir maksada gönükdirip ýokarlandyrmagyň ygtybarly kepillendirmesi bolup durýar. Bu strategiki meýilnamalar halk hojalygynyň ähli pudaklaryny gurşap alan hem-de anyk netijeleri gazanmagy maksady bilen durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeleri çaltlandyrmak üçin mäkäm esas bolup çykyş edýär.
Häzirki tapgyrda biziň ýurdumyzyň oňyn ösüşi milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň özgertmeleri durmuşa geçirmegiň netijeli usullaryny kemala getirmäge we bar bolan ähli serişdeleri we mümkinçilikleri doly derejede netijeli ulanmaga mümkinçilik berýän sazlaşykly täzeçil, ykdysady hem-de durmuş syýasatyna esaslanandyr.
Milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmaga, oňa innowasion häsiýet bermäge tarap alnan ugur ýurdumyzyň mundan beýläk-de abadançylygynyň we rowaçlygynyň özenidir. Soňky birnäçe ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler öz anyk, äşgär netijelerini berdi. Munuň özi täze ýokary sepgitleri uly hyjuw we ynam bilen berkitmäge mümkinçilik berýär, olar täze kabul edilen uly möçberli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi netijesinde gazanylar hem-de täze taryhy eýýamyň – berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň möhüm tapgyry bolar.