Ï Türkmen topragynyň berekedini artdyrmagyň bähbidine
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen topragynyň berekedini artdyrmagyň bähbidine

view-icon 3839
Bu gün türkmen halky Watanymyzyň indi bassyr ikinji ýyl köp ýurtlarda aýratyn isleg bildirilýän önüm bolan azyklyk bugdaýy daşary bazarlara çykarýan ýurt hökmünde dünýä bazarlarynda berk ornaşýandygyna buýsanýar.

Türkmenistanyň däp bolan pagtadan soň, bugdaýy hem daşary bazara çykarmagy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça oba hojalygynda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmelerden ruhlanan türkmen ekerançylarynyň köp ýyllyk tutanýerli zähmeti zerur boldy.

Ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň artýandygynyň möhüm görkezijisi we Watanymyzyň azyk howpsuzlygynyň kepili bolan bu möhüm taryhy üstünligi berkitmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň golaýda bolan giňişleýin mejlisinde daýhanlaryň öňünde anyk wezipeleriň birnäçesini goýdy. Şol wezipeleriň arasynda esasy üç ugra – ekinleri etraplar boýunça ýerleşdirmek, ekin dolanyşygy we ýerleri uzak möhlet bilen kärendesine bermek ugurlaryna aýratyn üns berildi.

Ýöne bu ugurlary teswirlemezden öňürti, oba hojalyk özgertmelerini durmuşa geçirmek strategiýasynda milletiň Lideriniň ylmy çemeleşmesiniň ýurdumyzda azyk bolçulygynyň esasy hökmünde gallaçylyga oba hojalyk önümçiliginiň düzüminde aýratyn orun berendigini bellemelidiris. Munuň özi Watanymyzyň altyn harmanyny beýgeldip, türkmen topragynyň sahawatlylygyny, türkmen saçaklarynyň bereketliligini, halkymyzyň abadançylygyny we ýurdumyzyň rowaçlygyny alamatlandyrýar.

Ine, şu ýyl hem ýurdumyzyň galla kabul ediş bölümlerine guşgursak bugdaýyň 1 million 200 müň tonnadan gowragy tabşyryldy. Bu türkmen döwletiniň ýer we suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, obasenagat toplumyny sebitler boýunça ýöriteleşdirmek, ekerançylyga bazar gatnaşyklarynyň usullaryny yzygiderli ornaşdyrmak boýunça amala aşyrýan syýasatynyň esasy ugurlarynyň aýdyň netijesidir.

Şu ýyl bugdaý ýetişdirmek üçin ýurdumyzyň ekin meýdanlarynyň 860 müň gektar ýeri bölünip berildi. Meýdanlaryň esasy bölegine bugdaýyň ýokary hasylly görnüşleri -- “Sähraýy”, “Ýolöten-1”, “Ýubileý-100”, “Bitarap”, “Juwan”, “Batko”, “Türkmenbaşy-1” we “Türkmenbaşy” görnüşleri ekildi, olar Türkmenistanyň toprak-howa şertlerinde özlerini iň gowy tarapdan görkezdiler.

Galla oragynda ýokary öndürijilikli däne ýygýan kombaýnlaryň 2 müňe golaýy, esasan hem dünýäde meşhur “Keýs”, “Jon Dir”, “Klaas”, “Nýu Holland” we beýleki oba hojalyk tehnikalary ulanyldy. Ýygnalan bugdaý kabul ediş bölümlerine we elewatorlara ýörite enjamlaşdyrylan ýük awto ulaglarynyň 6 müňe golaýy bilen daşaldy. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň, “Türkmenobahyzmat” assosiasiýasynyň, beýleki ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ulag serişdeleri, şeýle hem şertnama esasynda ulanylan hususy ýük awtoulaglary bar.

Şu ýyl Lebap welaýatynyň ekerançylary tapawutlandylar. Olar galla taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirip, Watan harmanyna azyklyk bugdaýyň 350 müň tonnadan gowragyny tabşyrdylar.

14-nji iýulda – ählihalk baýramy bolan Galla baýramynyň öňüsyrasynda galla oragy möwsüminde tapawutlananlara – kärendeçi gallaçylara, kombaýnçylara, mehanizatorlara uly hormat-sarpa goýlar. Milli senenamamyzda bu baýramçylyk diňe bir gallaçylar we oba zähmetkeşleri üçin däl, eýsem, tutuş halkymyz üçin şanly senedir, çünki türkmen topragynda gadymdan bäri çörek esasy baýlyk hasaplanýar.

Türkmenler gadymy ekerançylyk merkezleriniň birini döreden halkdyr. Ata-babalarymyz öwrenipdirler we özleriniň köp asyrlyk tejribesinde guşgursak bugdaý ýetişdirmek üçin örän köp zähmet çekmelidigine göz ýetiripdirler. Mahlasy, bugdaý gadymdan bäri biziň halkymyzyň arasynda ruhy gymmatlyk hasaplanýar –ol milletimiziň abadançylygynyň özeni, bolçulygyň nyşany bolupdyr. Şoňa görä-de, Galla baýramy umumymilli derejede ýurdumyzyň ähli künjeklerinde giňden bellenip geçilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän oba syýasaty jähtinden döwlet tarapyndan oba hojalygyna uly goldaw berilýär, obasenagat toplumynyň tutuş önümçilik düzümi täze tehnikalar bilen üpjün edilýär we döwrebaplaşdyrylýar, ekerançylary mineral dökünleri bilen üpjün edýän himiýa senagaty ösdürilýär, meliorasiýa we suw üpjünçiligi meseleleri çözülýär. Obasenagat toplumynyň hajatlary üçin satyn alynýan häzirki zaman traktorlary, kombaýnlar, beýleki zerur bolan tehnikalar her bir welaýatyň anyk toprak-howa şertlerinde öňünden synagdan geçirilýär. Kärendeçi gallaçylaryň ekinlere ideg etmek bilen baglanyşykly çykdajylarynyň ýarysyny döwlet öz üstüne alýar, soňky ýyllarda oba hojalyk önümleriniň, ilkinji nobatda, gallanyň we pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhy yzygiderli ýokarlandyrylýar. “Tohumçylyk hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi döwletiň oba hojalygynyň möhüm pudaklarynyň biri bolan gallaçylygy ösdürmäge aýratyn üns berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Milletiň Lideriniň hökümetiň giňişleýin mejlisinde aýratyn üns beren meselesine gaýdyp gelmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oba hojalyk önümlerini öndürijileriň zähmetini ylmy taýdan guramak barada öňe süren talaplarynyň hut ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça wezipeleri mundan beýläk-de üstünlikli çözmäge gönükdirilendigini nygtamalydyrys.

Onda döwlet Baştutanymyz ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmakda, öňdebaryjy oba hojalyk tehnologiýalaryny ornaşdyrmakda, tohumçylygy kämilleşdirmekde ylma möhüm ornuň degişlidigini belledi. Ýöriteleşdirilen ylmy-barlag institutlarynyň, tejribe hojalyklarynyň, ylmy-önümçilik merkezleriniň giň ulgamy türkmen alymlarynyň ygtyýaryndadyr. Olar dünýäniň iň gowy tejribesini öwrenmek, ylmy barlaglary geçirmek, geljegi uly işläp taýýarlamalary durmuşa ornaşdyrmak boýunça hakyky synag merkezlerine öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurumyzyň oba hojalyk pudagyny çalt depginler bilen ösdürmek we öndürilýän oba hojalyk önümleriniň möçberini has-da artdyrmak hem-de halkara ülňülerine laýyk gelýän, bäsdeşlige ukyply önümçilikleri döretmek arkaly azyk bolçulygyny üpjün etmek maksady bilen, “Türkmenistanyň oba hojalyk pudagyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin Maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky” Karara gol çekdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, häzirki wagtda oba hojalyk ekinleri ýetişdirilende ýurdumyzyň dürli welaýatlarynyň tebigy şertleri göz öňünde tutulmaýar. Mysal üçin, aýry-aýry sebitlerde gowaça ýetişdirmek üçin ýeterlik derejede suw ýokdur. Döwlet Baştutanymyz Balkan welaýatyny anyk mysaly hökmünde getirdi. Bu welaýat asyrlaryň dowamynda maldarçylyk ülkesi hökmünde bellidir.

Hormatly Prezidentimiz Ylymlar akademiýasynyň, Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň we Oba hojalyk institutynyň alymlaryna hem-de hünärmenlerine öňde goýlan wezipeleri çözmek üçin özleriniň anyk tekliplerini taýýarlamagy tabşyrdy. Ylmy barlaglaryň netijelerine esaslanyp, aýratyn gurak sebitleri kesgitlemek, tohumçylyga aýratyn üns bermek, ýerli howa şertlerine has uýgunlaşan ýokary hasylly ekinlere artykmaçlyk bermek möhümdir.

Ekinlerden bol hasyl almakda döwlet Baştutanymyzyň ýene-de bir möhüm talaby ähli ýerde ekin dolanyşygyny ornaşdyrmak, oba hojalyk ekinlerini meýdanlar we möwsümler boýunça gezekleşdirip ýetişdirmek bilen baglanyşyklydyr. Milletiň Lileriniň wideoşekilli iş maslahatlarynyň we Hökümetiň mejlisleriniň barşynda ençeme gezek nygtaýşy ýaly, hut şu möhüm oba hojalyk kadalarynyň berjaý edilmezligi ekin meýdanlarynyň sandan çykmagyna getirýär.

Alym-agronomlaryň tejribesi galladan we gowaça boşan ýerleriň aralyk ekinler üçin ulanylmagy, şeýle hem tutuş möwsümiň dowamynda ekin meýdanlarynyň şüdügärlenip, dem almagyna maý berilmegi diňe bir meýdanlaryň hasyl berijiligini dikeltmäge däl, eýsem hasyllylygy ýokarlandyrmaga-da mümkinçilik berýändigine şaýatlyk edýär.

Özi-de, aralyk ekinleri hökmünde ýorunjanyň, siloslyk mekgejöweniň ösdürilip ýetişdirilmegi maldarçylygyň ot-iým binýadyny pugtalandyrmaga ýardam eder. Munuň özi döwletiň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly umumy wezipäni çözmekde uly ähmiýete eýedir.

Şu jähtden ýeriň gysga wagtlyk, mysal üçin, bir ýa-da iki ýyllyk kärende berilmegi kärendeçileriň ekin dolanyşygynyň artykmaçlyklaryny alymlaryň maslahat berşi ýaly doly derejede ulanmagyny kynlaşdyrýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde welaýatlaryň we etraplaryň häkimlerine, oba hojalyk toplumlarynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, adamlaryň özlerini ýeriň hakyky eýeleri hökmünde duýmagy üçin olara ýerleri uzak möhlete kärendä bermegiň möhümdigini nygtady. Topraga oňat ideg edip, ýokary hasyl almagy başarýan adamlara ýerleri kärendä bermegiň möhletlerini has-da uzaltmak möhümdir. Agrosenagat toplumynyň ähli pudaklarynda hem şunuň ýaly syýasaty ýöretmek zerurdyr. Goý, adamlar önümleri gaýtadan işleýän kiçi kärhanalary, süýt öndürýän fermalary gursunlar, maldarçylygy netijeli ösdürsinler! Döwletimiz bu ugurda iş alyp barýan adamlaryň ählisine ýeňillikli şertlerde karz serişdelerini berýär. Hususy pudagyň wekilleri gatnaşmasa, oba hojalygynda amala aşyrylýan özgertmeler garaşylýan netijeleri bermez diýip, milletiň Lideri aýtdy.

Mahlasy, obasenagat toplumynyň işgärleriniň öňünde goýlan wezipeleriň hötdesinden abraý bilen gelmek möhümdir. Babadaýhanlaryň tutanýerli zähmetiniň miwesiniň agzybir halkymyzyň saçaklarynyň berekedine, barha kuwwatlanýan döwletimiziň abadançylygynyň, rowaçlygynyň, durnuklylygynyň we mizemezliginiň özenine, gadymy we juwan türkmen topragynyň sahawatynyň egsilmez çeşmesine öwrülmegi üçin hormatly Prezidentimiziň öňde goýan belent wezipelerinden ugur alyp, obada zähmeti döwrebap guramagyň täze usullaryny giňden ornaşdyrmak zerurdyr.