BMG-niň Ilat gaznasy Türkmenistanyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi bilen bilelikde Aşgabat, Mary we Köneürgenç şäherlerinde „tegelek stolyň“ başyndaky söhbetdeşlikleri geçirdi. Oňa gatnaşmak üçin lukmançylyk ulgamynyň işgärleri, jemgyýetçilik we döwlet guramalarynyň wekilleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri, är-aýallar çagyryldy. Ýurduň bütindünýä gününiň „Nesil saglygynyň hyzmatlaryna umumy ygtyýar“ temasy bilen birleşdirilen maslahatyň dowamynda nesil saglygyna we Türkmenistanyň nesil saglygy ulgamynyň hyzmatlaryna degişli bolan has möhüm meseleler ara lanyp maslahatlaşyldy.
Maslahatyň dowamynda nesil saglygynyň hukuklaryny kanunçylyk taýdan ykrar etmek we goldamak nesil saglygy ulagymynda döwletiň alyp barýan syýasatynyň we ýörelgesiniň aýrylmaz bölegi bolup durýar diýlip nygtaldy. Häzirki zaman ösen jemgyýetde her bir adam durmuş hukugy we öz saglygyny, şol sanda nesil saglygyny goramaga bolan hukuk bilen üpjün edilmelidir. Nesil saglygy hukuklary her bir adamynyň we är-aýalyň çaga dogurmaga azat we jogapkärçilikli çözgüdi, şeýle hem nesil saglygy baradaky habarlara ygtyýara hukuklar, nesil saglygy ulgamyndaky täze, howpsuz, netijeli we oňaýly tehnologiýalara esaslanýandyr.
„Tegelek stolyň“ maslahatyna gatnaşyjylar Türkmenistanda nesil saglygy ulgamynda bar bolan hyzmatlaryň meselelerine aýratyn üns berdiler. Hususanda, nesil saglygy döwlet tarapyndan goralýar we goldanylýar diýlip bellenildi. Biziň ýurdumyzda maşgala nesil saglygynyň goragynyň esasy maksady göwrelilik döwründe howplylygy peseltmekden, howpsuz enelikden, göwreliligiň bütin dowamynda gaýra üzülmeleri azaltmakdan ybaratdyr. Türkmenistanda köp meselelri öz içine alýan nesil saglygynyň milli ýörelgeleri üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar. Olar ene saglygy ulgamynda täze ülňüleri işläp taýýarlamakdan we durmuşa ornaşdyrmakdan, perinatal we antenatal gözegçilik etmekden, şeýle hem AIDS-ň öňüni almakdan we bejermekden, az ganlylygyň öňüni almakdan, ene süýdüni goldamakdan we goramakdan we beýlekilerden ybaratdyr.
Nesil saglygy ulgamyna hyzmat etmegiň hili degişli lukmançylyk we anyklaýyş enjamlary bilen üpjün edilende , sagdyn durmuş ýörelegelerini wagyz etmek arkaly gowlanýar. Türkmenistanda milli maksatmalaryň ýerine ýetirilmegi netijesinde çaga we ene ölümi durnukly azalýar. Erkekleriň we zenanlaryň ene-ata derejesine oýlanyşykly eýe bolmaklary boýunça wagyz etmek işlerini nesil saglygyny berkitmekde alnyp barylýan syýasatyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezmek bolar. Türkmenistanda zenanlara nesil hukularyny doly amala aşyrmaga we doly bahaly nesil saglygyny gazanmaga ähli mümkinçilikler berilýär.
Şeýle hem „Tegelek stoluň“ başyndaky maslahatyň çäklerinde nesil saglygy boýunça edilýän hyzmatlaryň meseleleri we maýyp zenanlaryň hukuklary baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. „Tegelek stoluň“ başynda geçirilen maslahata çagyrylan göwreli zenanlara peýdaly maslahatlar berildi. Ýetginjekleriň nesil saglygy we bu ugurda ýaşlar merkezlerinde alnyp barylýan işlere aýratyn mesele hökmünde garaldy. Meselem, nesil saglygy ulgamynda ÝUNFPA-nyň ýaşlary uly durmuşa taýýarlamaga we maglumatlara we hyzmatlara ygtyýar berilmegini üpjün edilmegine goldaw berýändigi nygtalyp geçildi.
ÝUNFPA-nyň işgärleri ara alnyp maslahatlaşylan meseleler boýunça Türkmenistanyň degişli ministrliklerine, edaralaryna, Ýaşlar guramasyna we köpçülikleýin habar beriş serişdelerine hyzmatdaşlyklar boýunça giň maglumatlary berdiler.
Pikir alyşmalaryň dowamynda höküm süren dostlukly ýagdaýlar „Tegelek stoluň“ başynda geçirilen maslahata gatnaşyjylarda müň ýyllyklary ösdürmek maksadyna ýetmek üçin nesil saglygynyň hyzmatlaryna umumy ygtyýar bilen üpjün etmegiň, şeýle hem bu meselede Türkmenistanyň ýeten derejesini, Türkmenistanda nesil saglygyny goldamaga we goramaga gönükdirilen tagallaryň bir ýere jemlenendigini ýene-de bir gezek nygtamaga şert döretdi.