Ï Taryhyň pursatlary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Taryhyň pursatlary

view-icon 815
Şu ýyl, haçan-da Mary şäherine GDA ýurtlarynyň Medeni merkezi - 2012 diýen hormatly ady berlende welaýatyň birleşdirilen muzeýi Mary welaýat Bilim müdirligi we jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde „Öz aslyňy bilmek dünýä ýol açýar“ ady bilen bäsleşik yglan etdi. Oňa jemgyýetçilik muzeýleriniň ýolbaşçylary we hususy muzeýleriň eýeleri gatnaşdylar.


Mary welaýatynyň Mary etrabynyň „Ýeňiş“ daýahan birleşiginde ýerleşýän umumy bilim berýän 17-nji orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Ogulkeýik Baýlyýewa bu bäsleşigiň ýeňijisi boldy.Ol öz okuwçylaryna ene diline bolan söýgüni berýär, olary türkmen şahyrlarynyň we ýazyjylarynyň döredijiligi bilen tanyşdyrýar, olarda Watana bolan söýgüni oýarýar.


Ogulkeýik Amanowna umumy başlangyçlarda mekdep muzeýine ýolbaşçylyk edýär. Muzeýi taryh mugallymy bolup işlän, häzirki wagtda hormatly dynç alyşdaky kakasy çärýek asyr mundan ozal esaslandyrdy. Ogulkeýik Amanowna kakasyndan mähriban ýerlerinniň taryhy bilen gyzyklanmaga, gadymýetiň zatlaryny öwrenmäge bolan hyjuwy öwrendi. Häzirki wagtda bu höwesjeň zenana her bir eksponatda taryhyň beýik pursatlaryny görmegi öwrenýän onuň okuwçylary işjeň kömek berýärler.