Ï Alternatiw energetika – gelejegiň energetikasydyr
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Alternatiw energetika – gelejegiň energetikasydyr

view-icon 1867
Türkmen döwlet arhitektura-gurluşyk institutynda täsin gelioulgam – energiýanyň birnäçe alternatiw çeşmelerini bir wagtda ulanyp bilýän – utgaşdyrylan gelioenergetiki stansiýa işlenilip taýýarlanyldy. Bu ylmy taslama Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginde patent berildi.


Taslamanyň awtorlarynyň biriniň. Kompýuter tehnologiýalary we awtomatika fakultetiniň mugallymy Çaryýar Şükürowyň aýdyşy ýaly, ýylyň haýsy döwridigine we howanyň üýtgemegine garamazdan gije-gündüziň dowamynda elektrik energiýasyny işläp taýýarlaýan bu geliotoplum kuwwatlylygy 10 MWt-dan gowrak elektrik energiýasyny sarp edijiler üçin niýetlenendir. Bu kuwwarlylyk uly bolmadyk ilatly nokady energo üpjünçiligi bilen üpjün etmäge ýeterlikdir. Gelioulgam häzirki elektrostansiýalardan gurluşynyň ýönekeýligi bilen, ykdysady nukdaýnazardan, şeýle hem arzan we ekologiki taýdan arassa elektro energiýalygy bilen tapawutlanýar.

Hödür edilýän taslamanyň möhüm gurluş elementi gün kollektorlaryny bir wagtda ýerleşdirmek üçin hyzmat edýän ýel generatorlary üçin konfuzorlardan ybaratdyr. Olar maketiň binýadyny düzýär. Foto we termoelementleri iň oňaýly ýagdaýda saklamak üçin geliotoplum termoakkumulirleýän toplum bilen üpjün edilendir. Onda toplanan energiýalar parturbina generatorda ulanylýar.

Bu tehniki taslama iş ýüzünde beýan etmek üçin hödürlenildi. Häzirki wagtda biziň ýurdumyzyň sebitleriniň şertlerini göz öňünde tutmak bilen, gelioulgamyň matematiki modelleşdiriş işleri geçirilýär hem-de kesgitli sarp ediji üçin ulgamyň iň oňaýly parametrleriniň hasabaty çykarylýar.