Şu gün Mary welaýatynyň merkezinde GDA agza ýurtlaryň meşhur estrada aýdymçylarynyň we Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň uly konserti boldy.
Türkmenistanyň barha ösýän we özgerýän häzirki zaman ajaýyp şäherleriniň biri, gadymy taryhy hem-de köp asyrlyk medeni we ruhy däp-dessurlara eýe bolan, 2012-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýurtlarynyň medeni paýtagty diýen derejäni alan ajaýyp şäher bu gün gadyrly myhmanlary ýene-de mähirli garşylaýar.
Mälim bolşy ýaly, 2011-nji ýylyň 20-nji dekabrynda GDA ýurtlarynyň döwlet baştutanlarynyň Geňeşiniň resmi däl mejlisinde Mary şähzerine GDA-nyň medeni paýtagty diýen derejäni bermek kararyna gelindi. Şu ýylyň 30-njy aprelinde Maryda bu waka bagyşlanan dabaralar geçirildi we şäheriň bu derejesine laýyklykda geçirilmegi meýilleşdirilen çärelere badalga berildi.
Şondan bäri geçen aýlaryň içinde welaýat merkezinde Arkalaşyga agza bolup durýan ýurtlaryň halklarynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hem-de alymlaryň, medeniýet we sungat işgärleriniň döredijilik we ylmy gatnaşyklaryny giňeltmäge gönükdirilen möhüm medeni we gumanitar çäreler geçirildi. Olardan “Gadymy Merw—dünýä siwilizasiýasynyň merkezi” diýen halkara maslahatyny görkezmek bolar. Oňa GDA ýurtlarynyň belli alymlary gatnaşdylar. Wekilçilikli ylmy maslahat Türkmenistanyň GDA ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlygynyň çäklerinde geçirilýän iri möçberli çärelerde möhüm waka bolmak bilen, oňa gatnaşyjylaryň gadymy Merwiň baý mirasy hakyndaky düşünjelerini ep-esli giňeltmäge, taryh ylmynyň ösdürilmegine, halkara ylmy we medeni gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga ýardam etdi.
Şu gün Maryda geçirilýän Arkalaşyga agza ýurtlaryň estrada aýdymçylarynyň konserti hem Türkmenistanyň 2012-nji ýylda GDA Başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän çäreleriň ynsanperwerlige gönükdirilen wakasy boldy.
Dostluk konsertini geçirmek üçin saýlanan ýer bolan Ruhyýet Köşgüniň öňündäki meýdança konsert başlamazyndan has ozal köp sanly tomaşaçylaryň ýygnanmagy gadymy şäheriň ýaşaýjylarynyň we onuň myhmanlarynyň bu medeni çärä uly gyzyklanma bildirýändikleriniň şaýadydyr.
Maryda geçirilýän konsnrte gatnaşmak üçin, ýaş, ýöne eýýäm öz aýdyň zehini bilen tomaşaçylaryň arasynda giňden tanalýan, dürli halkara aýdym-saz bäsleşikleriniň we festiwallarynyň ýeňijileri ýygnandylar. GDA ýurtlarynyň döredijilik wekiliýetiniň düzüminde Azerbaýjanyň aýdym-saz sungatynyň parlak ýyldyzy – aýdymçy we kompozitor Seýran Ismailhanow, Ermenistanyň Döwlet aýdym teatrynyň artisti Anait Şahbazýan, öz ýurdundan daşarda hem meşhurlyga eýe bolan gazak aýdymçysy Almas Kişgenbaýew, Gyrgyzystanyň at gazanan artisti Janeta Bobkowa, belli moldawan aýdymçysy Pawel Parfeniý, ukrainaly aýdymçy Mariýa Sobko, russiýaly aýdymçylar – birnäçe şahsy aýdym-saz albomynyň eýesi Ýewgeniýa Raskazowa we “Rossiýa” teleýaýlymynyň “Halk artisti” bäsleşiginiň ýeňijisi Alekseý Goman, şeýle hem ýaş aýdymçylaryň “Slowýan bazary—2005” bäsleşiginiň Gran-pri baýragynyň eýesi, “Ýewrowidenie—2006” halkara aýdym-saz bäsleşigine gatnaşyjy, ýaş aýdymçylaryň “Täze tolkun—2007” halkara aýdym-saz bäsleşiginiň finalçysy Belarus Respublikasyndan Polina Smolowa we Täjigistanyň estrada ýyldyzy Jonibek Murodow bar.
Konsertde şeýle hem biziň ýurdumyzyň meşhur sungat ussatlary çykyş etdiler.
Döredijilik agşamynyň açylyş dabarasynda bu medeni çäräniň GDA-nyň giňişligindäki goşulyşmak we ýakynlaşmak işlerinde hem-de Arkalaşygyň halklarynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda möhüm waka boljakdygy nygtaldy we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa medeniýete we sungata howandarlyk edýändigi, biziň ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň we GDA ýurtlarynyň belli estrada aýdymçylarynyň konsertini ýokary derejede geçirmäge ýardam berýändigi, halkara medeni gatnaşyklaryny giňeltmäge, şeýle hem GDA ýurtlarynyň medeniýet we sungat işgärleriniň döredijilik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berýändigi, türkmen jemgyýetiniň medeni we ruhy durmuşyny ösdürmäge yzygiderli ünsi üçin çuňňur hoşallyk sözleri beýan edildi.
Marynyň Kemine adyndaky Döwlet drama teatrynyň artistleriniň türkmen döwletiniň berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe beýik gazanylanlary wasp edýän edebi-sazly kompozisiýasy konsertiň özboluşly başlangyjy boldy.
Soňra türkmen döwletiniň Baştutanyna – ýurdumyzyň medeniýetiniň gülläp ösmegine ýardam berýän çuňňur özgertmeleriň başyny başlan hormatly Prezidentimize bagyşlanan “Arkadagym bar” diýen aýdym ýaňlanýar.
GDA-nyň doganlyk halklarynyň aýdymlaryndan we sazlaryndan düzülen maksatnama konserte aýratyn öwüşgin çaýdy. Mary welaýatynyň “Margiana” tans topary “Bagt tansy” diýen horeografiýa kompozisiýasy bilen çykyş etdi.
Konserte gatnaşan belli estrada ýyldyzlarynyň her bir çykyşy tomaşaçylarda aýratyn täsir galdyryp, ýerine ýetirijileriň ýokary ussatlygy, üýtgeşik zehini diňleýjileri biparh goýmady. Tomaşa zalyna ýygnananlar bu ýerde ýaňlanan aýdymlary ýokary ruhubelentlik bilen kabul edip, el çarpyşmalar we ajaýyp gül çemenleri bilen garşyladylar. Türkmen tomaşaçylarynyň şeýle mähir bilen garşylamaklary myhmanlaryň türkmen döwletiniň Baştutanyna, tomaşaçylara we gadymy hem-de ajaýyp türkmen topragynda şunuň ýaly döredijilik duşuşygyny guramaga ýardam berenleriň hemmesine bolan hoşallyk duýgularynda we sözlerinde öz beýanyny tapdy. Ol hoşallyk sözleriniň köpüsiniň türkmen dilinde aýdylmagy örän güwandyryjy ýagdaýdyr. Konsertiň ahyrynda oňa daşary ýurtly gatnaşyjylar özlerine sowgat berlen milli türkmen lybasynda sahna çykdylar. Bu bolsa konsertde çykyş edenleriň we tomaşaçylaryň arasynda tolgundyryjy dost-doganlyk ýagdaýyny döretdi.
Dost-doganlyk ýurdy bolan ajaýyp Watanymyza türkmen halkynyň berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüni dörediji milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa bagyşlanan “Jan Watanym Türkmenistan” diýen aýdym konsertiň ajaýyp jemlemesi boldy. Bu aýdym ýaňlananda ajaýyp baýramçylyga öwrülen konserte gatnaşyjylaryň ählisiniň sahna çykmagy dostlugyň we döredijiligiň, mähribanlygyň we söýgüniň üýtgewsiz hakykatdygynyň ýene bir tassyklamasy bolup, halklaryň we medeniýetleriň ýakynlaşmagy hem-de özara baýlaşmagy üçin araçäkleriň ýokdygyny ýene bir gezek subut etdi. Türkmenistan parahatçylyga we döredijilige ygrarly adamlaryň ählisi üçin hemişe açykdyr.
Bu ýerdäki giň eýwanda biziň ýurdumyzyň gadymy taryhy, türkmen halkynyň baý ruhy mirasy, onuň özboluşly sungaty hem-de Garaşsyz Türkmenistanyň häzirki döwürde gazananlary barada gürrüň berýän sergi guraldy. Onda ajaýyp haly sungatynyň we milli türkmen lybaslarynyň nusgalary, saz gurallar, şaý-sepler, amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň eserlerini görkezildi. Ýaş skripkaçylaryň çykyşy aýratyn baýramçylyk dabarasyny döretdi. Olaryň ýerine ýetirmeginde dünýäniň saz hazynasynyň we milli saz sungatynyň eserleri ýaňlandy.
Türkmenistanyň myhmanlary şeýle hem welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine hem-de Mary welaýat kitaphanasyna baryp gördüler. Olar bolsa häzirki wagtda welaýatyň hakyky ruhy ojagyna öwrüldiler. Muzeýiň we kitaphananyň ajaýyp binalary hem-de olaryň häzirki zaman enjamlary bilen abzallaşdyrylmagy berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrünnde milli medeniýetiň gülläp ösýändiginiň subutnamasydyr.