Ýokary ynsanperwer ýörelgeleri, saglygy goraýşyň ylmy hem-de hukuk esaslaryny pugtalandyrmak, bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ýörelgelerine laýyklykda şäherlerde we obalarda ähli derejelerde lukmançylygy ösdürmek—bularyň hemmesi saglygy goraýyş ulgamynda döwlet syýasatynyň, lukmançylyk we ykdysady ylymlaryň doktory, professor, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, daşary ýurtlaryň köp sanly uniwersitetleriniň, institutlarynyň, halkara akademiýalarynyň hormatly akademigi, professory we doktory hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň aýratynlyklarydyr.
Türkmenistanyň Baştutanynyň ägirt uly tagallalarynyň, geçirýän özgertmeleriniň netijeleri we bu ugurda asylly hem-de uzakdan görüjilikli başlangyçlarynyň üstünlikleri daşary ýurtly syýasy, jemgyýetçilik, ylmy toparlarynyň wekilleriniň hemişe çynlakaý üns bermegine we ýokary baha bermegine mynasyp bolýar. Türkmenistanlylar bolan biziň üçin bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz borçlaryna we öz halkyna wepaly, çözgütleri kabul etmekde paýhasly we işde maksada okgunly watançy alymdyr.
Geçen 17 ýylda “Saglyk” maksatnamasynyň getiren anyk, ähmiýetli we önjeýli netijeleri maksada okgunlylygyň göreldesi boldy, şol maksatnamanyň gözbaşynda uzak ýyllar pudaga gözegçilik eden we saglygy goraýyş babatda döwlet syýasatynyň ylmy esaslaryny işläp taýýarlan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow durdy.
Milli maksatnamada yglan edilen maksatlar we wezipeler maksatnamalaýyn häsiýete eýedir, munuň özi täze durmuş-ykdysady şertlerde olary kämilleşdirmegiň mümkinçiliklerini giňeldýär. Häzirki wagtda berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe adamyny, onuň abadançylygyny, mynasyp durmuşyny döwletiň üns merkezinde goýýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş syýasaty bilen ýakyndan baglanyşykly “Saglyk” maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň barşynda gazanylan oňyn netijeler has aýdyň ýüze çykýar.
Tutuşlygyna alnanda ilatyň durmuş derejesini gowulandyrmagyň aýrylmaz bölegi hökmünde saglygy goramak meselelerine giňişleýin, toplumlaýyn çemeleşmegi görkezip, milletiň Lideriniň saglygy goraýşy ösdürmäge möhüm orun berýändigi hem şonuň üçindir.
Döwlet Baştutanynyň başlangyjy boýunça görülýän anyk çäreleriň hatarynda saglygy goraýşyň öňüni alyş işlerini düýpli güýçlendirmäge, sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmek hem-de höweslendirmek, zyýanly endiklere garşy göreş alyp barmak, aýratyn hem çagalaryň we ýaşlaryň arasynda beden terbiýäni hem-de sporty ösdürmek üçin şertleri döretmäge gönükdirilmegini görkezmek bolar.
Türkmenistanyň Prezidenti bu ýagdaýlar bilen ugurdaşlykda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny innowasion taýdan döwrebaplaşdyrmaga, lukmançylyk we derman senagatyny, şol sanda ýerli çig malyň esasynda bejeriş serişdelerini we lukmançylyk maksatly önümleri öndürmegi işjeň ösdürmäge aýratyn üns berýär.
Bu babatda milletiň Lideriniň ylmy işleriniň, şol sanda “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ensiklopediýasynyň, “Türkmenistan - melhemler mekany” atly monografiýasynyň we türkmen tebigatynyň - ösümlikleriniň, mineral suwlarynyň, howasynyň we başgalaryň bejeriş häsiýetine bagyşlanan beýleki işleriniň türkmen hünärmenlerine uly kömek berýändigini belläp geçmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň sanatoriýa-şypahana ulgamlaryny ösdürmäge örän möhüm ähmiýet berdi. Meşhur türkmen şypahanalary bolan Baýramaly, Arçman şypahanalarynyň, şeýle hem Ýylysuw we Farap şypahanalarynyň düýpli durkunyň täzelenmegi we gaýtadan enjamlaşdyrylmagy olary hyzmat edilişi boýunça dünýä standartlaryna doly laýyk gelýän häzirki zaman amatly saglygy dikeldiş merkezlerine öwürdi. Häzirki wagtda döwrebaplaşdyrylan Mollagara şypahanasy hem täze keşbe girýär. Gysga möhletleriň içinde uly möçberli saglyk we dynç alyş düzümleri Hazaryň kenarynda peýda boldy. Şol ýerde hormatly Prezidentimiz tarapyndan başy başlanan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny döretmegiň ägirt uly taslamasy durmuşa geçirýär. Bu ýerde döredilen kaşaň myhmanhanalaryň we şypahanalaryň häzirki zaman öňüni alyş we bejeriş-keselleri anyklaýyş enjamlary bilen üpjün edilen sagaldyş merkezleri, dynç alyş öýleri hem halkara deňiz şypahanasynyň derejesine laýyk gelýär.
Döwlet Baştutany köpçülikleýin sanatoriýa-şypahana bejerişiniň we sagaldyşynyň ulgamyny kämilleşdirmegi, türkmen şypahanalarynyň täze hilde gaýtadan dikeldilmegini ilatyň saglygynyň derejesini ýokarlandyrmaga uly goşant goşmaga ukyply möhüm umumymilli wezipe hökmünde kesgitledi.
Saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek täze häzirki zaman lukmançylyk merkezleriniň, hassahanalaryň, bejeriş-öňüni alyş edaralarynyň, enäniň we çaganyň saglygyny goramagyň “Ene mähri” merkezleriniň gurluşygynda aýdyň öz beýanyny tapdy. Munuň özi döwlet Baştutanynyň ösüp gelýän ýaş nesil hakyndaky atalyk aladasynyň aýdyň subutnamasy boldy.
Hormatly Prezidentimiz sebitlerde, obalarda şäher derejesindäki etraplarda saglygy goraýşy ösdürmäge ägirt uly üns berýär. Şol ýerlerde täze etrap hassahanalary we saglyk öýleri guruldy. Işläp gelýän hassahanalaryň doly durky täzelendi we olar iň täze enjamlar bilen üpjün edildi.
Şularyň ählisi netijesinde häzirki wagtda Türkmenistanda saglygy goraýşyň düýbünden täze nusgasy kemala gelýär, şonda täze enjamlary we öňdebaryjy usulyýetleri ornaşdyrmak bilen bir hatarda hyzmatlaryň görnüşleri giňeldilýär hem-de olaryň hili we netijeliligi ýokarlandyrylýar.
Döwlet Baştutany ýurdumyzyň lukmançylyk ylmyna saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmegiň barşynda pudagy iň ýokary dünýä derejesine çykarmagyň hemmetaraplaýyn esaslaryny üpjün edýän hereketlendiriji güýç hökmünde garamak bilen şol ylmy ösdürmäge aýratyn üns berýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň lukmançylyk ylmynyň mümkinçilikleri iri lukmançylyk we belli bir ugurly edaralaryň ylmy-klinki we barlag merkezlerinden, derman kärhanalaryndan, şeýle hem ýokary lukmançylyk okuw mekdebiniň, Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ylmy birliklerinden ybaratdyr. Lukmançylyk we ylmy işgärleri taýýarlamagy kämilleşdirmek, halkara ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň lukmançylyk ylmynyň abraýyny ýokarlandyrmaga we onuň dünýäniň ylmy bileleşigine goşulyşmagyna ýardam edýär.
Şunda lukmançylyk ylmyny ösdürmek, lukmançylyk işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak, olary taýýarlamagyň, gaýtadan taýýarlamagyň ulgamlaryny kämilleşdirmek türkmen lukmançylygynyň durmuş babatda ornuny güýçlendirmek bilen ugurdaş ýagdaýda alnyp barylýar. Munuň özi lukmançylyk aň-bilim we lukmançylyk maglumatlarynyň ulgamyny döretmekden, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde habar beriş serişdeleri we jemgyýetçilik guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmekden hem ybaratdyr.
Döwlet Baştutany jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň kadalaryny ykrar etmek bilen watandaşlarymyza görelde görkezýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sagdyn, işjeň dynç almagyň, sport bilen yzygiderli meşgullanmagyň tarapdary bolmak bilen öz sözüniň hiç haçan işden aýra çykmaýandygyny äşgär subut edýär.
Neşeleriň bikanun ýaýradylmagyna garşy hormatly Prezidentimiziň alyp barýan barlyşyksyz göreşi ähli halkymyz we milletiň ykbalyna, häzirki we geljekki nesilleriň sagdynlygyna biparh garamaýan her bir raýatyň, şeýle hem dünýä bileleşiginiň we abraýly halkara guramalarynyň goldawyna eýe bolýar.
Biz Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününi diňe bir lukmanlaryň hünär baýramçylygy hökmünde däl, eýsem, biziň umumy baýramçylygymyz hökmünde garşylaýarys. Sebäbi hemmeler üçin bu derwaýys durmuş pudagynyň gazanan üstünlikleri we ýeten sepgitleri jemgyýetimiziň mundan beýläk-de doly derejede ösmegi üçin ygtybarly kepil, döwletimiziň durmuş ykdysady strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň, milletiň Lideri tarapyndan öňde goýlan wezipeleriň çözülmeginiň düýpli şerti bolup hyzmat edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pikiriçe, milletimiziň saglygy döwlet daragtynyň ösüp kemala gelmeginiň köküdir. Biziň ähli beýik meýilnamalarymyzyň we oý-pikirlerimiziň durmuşa geçirilmeginiň esasydyr. Munuň özi türkmen döwletiniň Baştutanynyň öz öňdebaryjy işinde wagyz edýän birleşdiriji milli ideýadyr. Döwlet Baştutanymyz üçin halkyň saglygy syýasy, strategiki kategoriýadyr, milli howpsuzlygymyzyň we durmuş taýdan abadançylygyň ilkinji nobatdaky şertidir.
Türkmenistanda saglygy goraýşy we lukmançylyk ylmyny ösdürmegiň 17 ýyl mundan öň kabul edilen maksatnamasynyň adam hukuklary we ygtybarly durmuş kepillendirmesi ahlak ýörelgeleri we ruhy çäreleriň ähli ulgamynyň işiniň esasyny tutdy. Şu nukdaýnazardan saglygy goraýyş, munuň özi halkyň durmuş üpjünçiginiň ulgamydyr, möhüm döwlet institutlarynyň biridir, sebäbi iň gymmatly zat bolan adamynyň saglygy we ömri hakynda gürrüň barýar. Onuň gymmaty bolsa “Döwlet - adam üçindir” diýen ýokary ynsanperwer ýörelgede öz beýanyny tapdy.