Ï Türkmen talyplarynyň nobatdaky olimpiada üstünlikleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen talyplarynyň nobatdaky olimpiada üstünlikleri

view-icon 1255
Eýran Yslam Respublikasynda geçirilen halkara aň-bilim bäsleşiklerinde türkmen talyplary nobatdaky ýeňşi gazandylar. Goňşy ýurduň Kiş adasynda geçirilen matematika boýunça XIII Halkara olimpiadasy we himiýa boýunça V halkara olimpiadasy geçirildi. Ony Eýran Yslam Respublikasynyň Bilim ministrligi bilen Milli bilim-seljerme edarasy bilelikde gurady.

Eýrandan, Şri-Lankadan, Omandan, Ukrainadan, Täjigistandan we Türkmenistandan gelen toparlaryň 18-sine wekilçilik edýän we matematika hem-de himiýa dersine uly söýgüsi bolan ýaşlar öz aralarynda bäsleşdiler. Marafon usulynda geçirilen bäsleşiklere ýurdumyzyň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we S.Seýdi adyndaky Türkmen pedagogik institutynyň talyplarynyň 8-sinden düzülen topar gatnaşdy.

Örän mynasyp bäsdeşleri bolan çylşyrymly geçen aň-bilim bäsleşiginde türkmen talyplary ýeňijileriň esasy üçlüginde hormatly orunlary eýelemek hukugyny gazandylar. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň matematika bölüminiň talyplary Pirmyrat Gurbanow we Ýusupbaý Ermetow, şeýle hem himiýa-biologiýa bölüminiň talyby Amanmyrat Abdyllaýew bäsleşigiň bürünç medallaryna mynasyp boldular.

Dürli dersler boýunça geçirilýän halkara olimpiada bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş etmek türkmen talyplary üçin asylly däbe öwrülendigini bellemeli. Geçen okuw ýylynyň dowamynda türkmen talyplary birnäçe gezek halkara derejesinde geçirilýän olimpiadalaryň dürli ugurlary boýunça medallara mynasyp bolup, ýurdumyzyň aň-bilim babatda gazanan üstünlikleriniň üstüni ýetirdiler.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, S.Seýdi adyndaky türkmen döwlet pedagogik institutynyň talyplarynyň himiýa, biologiýa, ýokary matematika, fizika, teoretiki mehanika, gumanitar hukuk, maglumatlar tehnologiýasy we dil ugrundan geçirilen bäsleşiklerde gazanan ýeňişleri munuň aýdyň subutnamasydyr.

Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yglan eden giň möçberli bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, şeýle hem biziň ýurdumyzyň dünýä jemgyýetçiligi bilen ylym-bilim babatdaky halkara gatnaşyklaryny pugtalandyrýandygyny we ony yzygiderli ösdürýändigini aýdyňlygy bilen äşgär edýär.