Ï Sferoidler – mezozoýyň tebigy ýadygärlikleridir
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Sferoidler – mezozoýyň tebigy ýadygärlikleridir

view-icon 818
Kä ýerlerde iki-üç gatlakada ýerleşýän täsin görnüşli örän uly daş şarlary, Balkan welaýatynyň giňişliginde ýerleşýän Gökdere şäherçesinden ýigrimi kilometr uzaklykda dag derelerinde ýaýraşyp ýatyr. Bu ýerdäki örän uly sferoidler uzynlygy üç kilometr bolan giden depeleri emele getiripdir. Onuň aňyrsynda bolsa aňyrsyna göz ýetmeýän sähralyk ýaýylyp ýatyr. Üýtgeşiik, täsin görnüş. Bu tebigy görnüş bu ýerde bolup görenleriň özlerini biziň eramyzdan ozalky müňýyllyklardaky ýaly duýmagyna getirýär. Ine, „ýura döwrüniň seýilgähi şunuň ýalydyr“!



Garagumuň daglyk ýerlerinde toplanan bu örän uly şar şekilli daşlar – bu onlarça million ýyl mundan öň tebigy ýagdaýda dörän mineral şar şekilli görnüşlerdir. Geologlar we palentologlar şular ýaly tebigy taýdan dörän şar görnüşli, ellipsoid, disk görnüşli we “nädogry” mineral şekilleri görnüşleri Türkmenistanyň kartasyndan onlarça ýeri görkezip bilerler.


BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Global ekologiki gaznasynyň we Türkmenistanyň tebigaty goramak ministrliginiň Garabogaz aýlagynyň kenarynyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini öwrenen ekspedisiýa şular ýaly tebigy daş şekilli meýdançalaryň birnäçesini ýüze çykardy. Gökýokuş diýen ýerde has täsin görnüşleri bar we olar uly ölçeglidir. Kemalata çeşmesindäki düýeleriň gowy görýän ýerindäki täsin görnüşi bilen haýran galdyrýar. Olar çeşmäniň kenarlarynda ýerleşip, bu ýerdäki sazaklardyr suw bilen örän ajaýyp götnüşi emele getirýär.


Türkmeistanyň demirgazygynda Garabogaz aýlagynyň kenarynda, Merkezi, günbatar Köpetdagda deňiz çöküntgilerinde örän uly balykgulaklara – ammonitlere – gadymy deňizde ýaşan malýuskalara, üýtgeşik ösümlikleriň yzlaryna we täsin şar görnüşli şekillere gabat gelmek bolýar. Dag ýagynlary we häzirki ygallar esasynda emele gelen togalak görnüşli şekiller türkmen palentology Aman Nigarowyň düşündirişi boýunça ösümlikleriň we agaçlaryň töwereginde minerallaryň birleşmesi esasynda tebigy taýdan döräpdir. Şeýle şekiller gazylyp alynýan götnüşleri örän göwy görnüşde saklap galypdyrlar. Minerallaryň däneleri, jynslaryň, balykgulaklaryň döwükleri, balyklaryň dişleri we süňkleri, ösümlikleriň galyndylary we beýlekiler birleşmäniň merkezi bolupdyrlar. Şonuň üçin hem bu şekilleriň döreýiş usullary häzire çenli açylmadyk syr bolup galýar.