Ï „Bereket“ – saglygyň we ruhubelentligiň gözbaşy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

„Bereket“ – saglygyň we ruhubelentligiň gözbaşy

view-icon 4075
Hazar deňziniň türkmen kenarynda emele gelen myhmanhanalar edil deňiz gämilerini ýadyňa salýar...Olaryň arasynda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň „Bereket“ myhmanhanasy hem bar. Iýul aýynyň 20-ne „Awaza“ milli syýhatçylyk zolagynda bu myhmanhananyň açylyş dabarasyna Türkmenistanytň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.


Mundan bäş ýyl ozal – 2007nji ýylyň 21-nji iýulynda Hazar deňziniň kenarynda „Awazanyň“ taslamasynyň ilkinji tanyşdyrylyşy bolup geçdi. Ondan iki aý öň bolsa Türkmenistanyň, Russiýanyň we Gazagystanyň döwlet baştutanlarynyň üçtaraplaýyn maslahatynda bu barada gürrüň edilipdi. Şol günüň özünde – 2007-nji ýylyň 21-nji iýulynda – döwlet baştutanlary ýörite Karara gol çekdiler. Bu Kararyň kabul edilmegi netijesinde „Awaza“ Milli syhatçylyk zolagy diýen düşünje, onuň bilen bilelikde bolsa, syýahatçylygy döwlet dolandyryşy duraly diýen düýbünden täze usul ýurduň durmuşynda durmuşa ornaşdy.

Bu günki gün „Awaza“ milli syýahatçylyk zolagy ýurduň ajaýyp künjegi bolmagy bilen, biziň amala aşyrýan täze açyşlarynyzyň, dünýä ýüzi bilen uly göwrümli gepleşikleri geçirmäge çalyşýandygymyza şaýatlyk edýär. Arhitektorlaryň her taslamasynda täzeçillik we döwrebaplyk öz beýanyny tapýar. „Awaza“ Milli syhatçylyk zolagy - aňrybaş derejeli myhmanhanalardan, çagalar sagaldyş merkezlerinden, çäginde maşgala bolup dynç alar ýaly ýerlerden, kottej şäherçesinden we „Awaza“ derýasyndan, sazly-dürli reňklere baý bolan suw çüwdürimlerinden we açyk asmanyň astyndaky konsert meýdançasyndan ybarat bolan ajaýyp künjekdir.

„Awaza“ Milli syýahatçylyk zolagy barha öwadan görnüşe eýe bolýar. Eger-de şu ýyllaryň dowamynda açylan myhmanhanalardyr sagaldyş merkezleri myhmanlary garşylamak boýunça giň tejribe toplasalar hem-de bu ýerde dynç alýanlar üçin edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrsalar, onda geljekki myhmanhanalaryň gurluşyklary uly depgin bilen alnyp barylýar hem-de arhitektorlaryň taslamalarynda ajaýyp keşbe eýe bolýarlar. Şunlukda, geçen ýylyň mart aýynda „Awaza“ Milli syýahatçylyk zolagynyň desgalarynyň gurluşygynyň ikinji tapgyryna badalga berildi.


Deňizde dynç almaklyk diňe bir myhmanhanalaryň otaglary bilen çäklenmeýär, bu ýerde her bir dynç alýan wagtyny gyzykly we şadyýan geçirmäge çalyşýar. Oňat hilli dynç almak üçin bu ýerde hemme zat göz öňünde tutulandyr – çagalar we ulular üçin açyk suw howdanlary, sport meýdançalary gurulandyr. Onuň daş-töweregi hem abadanlaşdyrylandyr, myhmanlaryň oňaýly dynç almaklary üçin ähli şertler döredilendir. Awaza dynça almak üçin halkara derejeli tebigat taýdan döredilen mekandyr. Telekeçilik bilen meşgullanjaklar üçin bolsa „Syýahatçylyk hakynda“ Türkmenistanyň Kanunynda we Türkmenistanyň Salgyt kodekisinde berkidilen ýörite hukuk kadasy hereket edýär.

Awazadan uzak bolmady ýerde dünýä ýüzünde belli bolan „Mollagara“ şypahanasy ýerleşýär. Ol häzirki wagtda täze keşbe eýe boldy. Bu şypahana iň häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilip, öňkisi ýaly bize tebigat taýdan melhem ediji hyzmatlaryny hödürleýär.