Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň ilkinji alty aýynda milli ykdysadyýetiň ösüşiniň jemleri jemlenen we ikinji ýarym ýylda ýurdumyzyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň kesgitlenen hökümetiň giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda häzirki güne çenli “ýurdumyz boýunça umumy bahasy 35 milliard 400 million amerikan dollaryna barabar bolan 1800-e golaý desganyň gurluşygynyň alnyp barylýandygyny we maýa goýumlarynyň möçberleriniň geçen ýyl bilen deňeşdirilenden 116,6 göterim artandygyny bellemek ýeterlikdir” diýip belledi. Bu bolsa ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň uly mümkinçilikleriniň bardygyna we entek doly ulanylmaýan mümkinçilikleriniň hem köpdügine şaýatlyk edýär diýip, döwlet Baştutany belledi.
Döwlet Baştutanymyzyň milli ykdysadyýetimizde başyny başlan düýpli özgertmeleri strategik meýilnamalaşdyryşyň ugurlary bilen şertlendirilendir we pul-karz, salgyt-býujet, nyrh, içerki we daşarky, durmuş we medeni syýasatyň täze gurallaryny kemala getirmäge gönükdirilendir. Özgertmeler ähli ugurlarda – ykdysady, kanunçylyk, gumanitar we beýleki ulgamlarda tapgyrlaýyn alnyp barylýar. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuňňur oýlanyşykly we täzeçillik syýasaty netijesinde Türkmenistan ygtybarly syýasy we ykdysady hyzmatdaş hökmünde halkara giňişliginde berk ornaşdy.
Döwletiň maliýe we syýasy mümkinçilikleriniň ählisini, şol sanda maýa toplamagyň netijeli düzümi, esasy gaznalara maýa goýumlarynyň ýokary derejesi bilen baglanyşykly mümkinçilikleri ulanmak maksadynda döwlet kadalaşdyrylyşynyň deňagramlylygy ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan üstünlikli ösmeginiň esasy şertine öwrüldi.
Okgunly makroykdysady syýasat jemi içerki önümiň ösüş depginini ýokary derejede saklamaga mümkinçilik berýär. Şeýle ýokary görkezijiler ýurdumyzy uzakmöhletleýin ösdürmegiň strategiki maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň, düzümleýin öňegidişlikleriň – jemi içerki önümiň pudaklaýyn düzümini diwersifikasiýalaşdyrmagyň we döwrebaplaşdyrmagyň hasabyna gazanyldy. Häzirki wagtda türkmen ykdysadyýeti özüniň deňagramlylygynyň we ösüşiň goşmaça çeşmeleriniň işjeňleşmeginiň hasabyna durnukly ösmegini dowam etdirýär. Mysal üçin, 2012-nji ýylyň birinji ýarym ýylynyň jemleri boýunça Hökümetiň dogry we oýlanyşykly amala aşyrýan maýa goýum syýasaty, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna daşary ýurt maýa goýumlarynyň goýluşynyň derejesiniň ýokary bolmagy netijesinde jemi içerki önümiň möçberleri 111,1 göterime deň boldy. 2012-nji ýylyň ýanwar-maý aýlary üçin maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlarynyň möçberleri barada aýdylanda bolsa, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde bu görkezijiniň 41,7 göterim ýokarlanandygyny bellemek gerek.
Ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty önümçilik serişdeleriniň artdyrylmagynyň, olaryň hiliniň ýokarlandyrylmagynyň we ulanyş mehanizmleriniň kämilleşdirilmeginiň hasabyna artýar. Şunda uzakmöhletleýin maýa goýumlary Türkmenistanyň ykdysady taýdan ösmeginiň esasy ugry bolup çykyş edýär.
Şundan ugur alnyp, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan amatly maýa goýum ýagdaýyny döretmek, maýa goýum çeşmelerini diwersifikasiýalaşdyrmak, iri taslamalaryň we maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegini çaltlaşdyrmak, maýa goýumlaryny durmuş we inženerçilik düzümine goýmak türkmen döwletiniň ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi.
Häzirki wagtda Türkmenistanda berk maýa goýum kuwwaty bolan netijeli ykdysady ulgam döredildi. Munuň özi dünýädäki maliýe çökgünligi şertlerinde örän möhümdir. Bu ugurda öz wagtynda ädilen ädimler ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli görkezijiler boýunça amatly bolmagyna ýardam etdi. Şunuň bilen baglylykda, soňky 5 ýylyň dowamynda maýa goýumlarynyň möçberiniň 9 esseden hem gowrak artandygyny bellemelidiris. 2011-nji ýylyň netijeleri boýunça esasy maýa goýlan serişdeleriň ösüşi 23 göterimden geçdi, bu görkezijiniň jemi içerki önüme bolan gatnaşygy 44 göterim derejesinde boldy. Häzirki wagtda bu görkeziji GDA-nyň çäklerinde iň ýokary görkeziji bolup durýar.
Umuman, türkmen döwletiniň maýa goýum syýasaty özgertmeler işiniň dolandyrylyşyny üpjün etmäge, durnukly ösýän ykdysadyýeti döretmäge, döwlet maksatnamalaryny we maýa goýum taslamalaryny, jemgyýetiň isleglerini we täjirçilik bähbitleri baglanyşdyrmaga gönükdirilendir.
Bitaraplyk derejesi, syýasy taýdan durnuklylyk, döredijilikli daşary syýasat strategiýasy, baý çig mal serişdeleri we ýurdumyzyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi Türkmenistana daşary ýurt maýalarynyň çekilmegini üpjün edýän oňyn şertlerdir.
Türkmenistan “açyk gapylar” syýasatynyň durmuşa geçirip we ýurdumyzda amatly maýa goýum ýagdaýyny, işewürligi ösdürmek üçin ähli şertleri döredip, uzakmöhletleýin, özara bähbitli we netijeli hyzmatdaşlyk etmäge çalyşýar. Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, biziň üçin ýakyn we alysdaky ýurtlar, uly ýa-da kiçi kompaniýalar ýokdur, diňe öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýän halal we ygtybarly hyzmatdaşlar bardyr. Bu babatda bilelikdäki taslamalaryň ykdysady taýdan netijeliligi, olaryň durmuş taýdan uly ähmiýete eýe bolmagy we ekologiýa howpsuzlygy esasy ýörelgeler bolup durýar.
Türkmenistan döwletleriň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ýardam etmäge gönükdirilen halkara hukugynyň mundan beýläk-de kämilleşdirlimegi ugrunda çykyş edip, öz nobatynda, daşary ykdysady işiň guramaçylyk – edara esasyna daýanýar. Munuň özi ýurdumyza daşary syýasat strategiýasyny iş ýüzünde üstünlikli amala aşyrmaga ýardam edýär. Hut şu syýasat milli ykdysadyýetiň ileri tutulýan ulgamlaryny ösdürmäge, göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge amatly täsir etdi.
Berk kanunçylyk binýady döredildi, ol “Türkmenistanda daşary ykdysady iş hakyndaky”, “Daşary ýurt maýa goýumlary hakyndaky”, “Türkmenistanda inwestision iş hakyndaky”, “Daşary ykdysady gatnaşyklarynda puly kadalaşdyrmak we pula gözegçilik etmek hakyndaky” Kanunlary, şeýle hem Türkmenistanda önümleriň, (işleriň, hyzmatlaryň) eksportuny we importuny ygtyýarlandyrmak hakyndaky Düzgünnamany, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistanda daşary ykdysady işi kadalaşdyrmak baradaky çäreler hakyndaky” Karary we beýleki kadalaşdyryjy – hukuk namalary öz içine alýar.
Nebitgaz, himiýa we dokma pudaklary, obasenagat toplumy, ulag-aragatnaşyk ulgamy, bilim, saglygy goraýyş we derman senagaty, şähergurluşyk ulgamy, syýahatçylyk we beýlekiler maýa goýum ulgamynda döwlet strategiýasynyň esasy ugurlary bolup durýar.
Nebitgaz pudagynda maýa goýum syýasaty, ilkinji nobatda, turbageçirijileriň köp şahaly ulgamyny gurmak arkaly türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň kämil ulgamynyň döredilimegini göz öňünde tutýar. Ikinjiden, nebitiň we gazyň tebigy gorlaryny netijeli özleşdirmek, çuňňur gözleg işlerini geçirmek we gury ýerde, şeýle hem Hazar deňziniň ýalpaklygynda ýangyç serişdeleriniň ýataklaryny işläp geçmek, uglewodorod serişdeleriniň çykarylýan, gaýtadan işlenilýän we eksporta iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça esasy halkara kompaniýalary bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.
Himiýa senagatynda himiýa önümçiligini ösdürmek, şol sanda karbamid zawodlaryny, kaliý hloridini, kaliý sulfatyny, kaustiki sodany we hlory öndürýän zawodlary gurmak meýilleşdirilýär. Şeýle hem Garabogaz kölüň ummasyz gymmatly himiýa çig malyny özleşdirmek göz öňünde tutulýar. Döwlet Baştutanynyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde biziň ýurdumyzyň himiýa pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri, hususan-da, Lebap welaýatyndaky Garlyk kaliý duzlarynyň ýatagynda kaliý dökünlerini öndürýän dag magdan toplumyny gurmak hakynda wezipäni üstünlikli amala aşyrmaga gönükdirilen Karara gol çekmegi bu ugurda möhüm ädim boldy. Degişli resminama laýyklykda “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine Türkmenistanyň Merkezi bankynyň serişdeleriniň hasabyna 150 million amerikan dollary möçberinde “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik banky bilen 4 ýyl ýeňillikli döwri bolan 10 ýyl möhlete, ýyllyk 5 göterim bilen karz ylalaşygyny baglaşmaga ygtyýar berildi.
Ýurdumyzyň dokma senagatynda täze ýokary peýdaly dokma kärhanalaryny döretmek, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, şeýle hem içerki we daşarky bazary doldurmak üçin bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek arkaly pagta süýüminiň gaýtadan işlenilýän möçberini artdyrmak meýilleşdirilýär.
Senagatyň beýleki pudaklarynda olary taýýar önümleri öndürýän pudaklara öwürmäge aýratyn üns berilýär. Şundan ugur alnyp, ýurdumyzyň energetika kuwwatyny, nebithimiýa, metallurgiýa, gurluşyk materiallary senagatyny ösdürmek üçin maýa goýumlaryny çekmegiň ugurlary we maksatlary kesgitlenildi.
Obasenagat toplumynda maýa goýum syýasaty galla öndürmek we gaýtadan işlemek bilen birlikde, pagtaçylygyň mundan beýläk-de ösdürilmegini, ýüňüň, gön çig malynyň taýýarlanylmagyny we gaýtadan işlenilmegini göz öňünde tutýar. Gallanyň öndürilişini artdyrmak we ony gaýtadan işlemegiň ýokary tehnologiýaly ulgamyny, has takygy, degirmen we un üweýän toplumlary döretmek, ýokary hilli azyk önümlerini öndürmek we içerki sarp ediş bazaryny şol önümler bilen doldurmak ileri tutulýan ugurlaryň hataryndadyr.
Ulag-aragatnaşyk ulgamynda esasy maýa goýum akymy awtomobil, howa, demir ýol, derýa we deňiz ulagyny ösdürmäge, awtomobil ýollaryny gurmaga, şeýle hem telekommunikasiýa, poçta elektroaragatnaşyk ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirildi.
Bilimi ösdürmek ulgamynda okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, täze mekdepleri we çagalar baglaryny gurmak, maglumat we kompýuter tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, Internetiň elýeterli bolmagyny giňeltmek göz öňünde tutulýar. Saglygy goraýyş we derman senagatynda häzirki zaman ýöriteleşdirilen hassahanalary, merkezleri, şypahanalary gurmak we öňden barlarynyň durkuny täzelemekk, şeýle hem ýurdumyzyň derman senagatyny çalt depginler bilen ösdürmek meýilleşdirilýär.
Şähergurluşyk ulgamynda köp maksatly maýa goýum syýasaty amala aşyrylýar. Şäherleri we ilatly ýerleri abadanlaşdyrmak we bagy-bossanlyga öwürmek, täze seýilgähleri we seýilbaglary döretmek, şäherleriň iň ajaýyp hem-de şäherlileriň dynç almagy üçin iň gelim-gidimli ýerleri bolan çüwdürim we beýleki binagärlik toplumlaryny gurmak işleri amala aşyrylýar.
Beýleki bir maksat bolsa, türkmenistanlylaryň mynasyp ýaşaýyş-durmuşy üçin zerur bolan şertleriň ählisini döretmekden ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ulgamda öňde goýan wezipelerini çözmegiň çäklerinde häzir ähli ýerde tehniki we durmuş talaplaryna laýyk gelýän, ähli amatlyklary bolan häzirki zaman ýaşaýyş jaýlary, edara binalary, söwda we işewürlik merkezleri, durmuş – medeni maksatly desgalar gurulýar.
Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Bu möhüm ugurda öň kabul edilen meýilanamalaryň ählisine gaýtadan garaldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Hazaryň kenarynda erkin syýahatçylyk zolagyny döretmek boýunça giň möçberli taslama çalt depginler bilen amala aşyrylýar. Oňa gatnaşmaga halkara maýadarlary çekilýär.
Maýa goýum syýasaty barada aýtmak bilen, ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk ulgamynyň ösdürilişini belläp geçmek möhümdir. Häzirki wagtda ykdysadyýetiň hususy bölegi jemi içerki önümiň 40 göterimine golaýyny öndürýär. Ykdysadyýetiň bu ulgamynyň ösüşiniň uly geljeginiň bardygyny nazara almak bilen, 2020-nji ýyla çenli jemi içerki önümde onuň paýyny 70 göterime ýetirmek wezipesi goýuldy. Muňa köp babatda ykdysadyýetiň hususy bölegine serişdeleri, şol sanda daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegini göz öňünde tutýan maýa goýum ulgamyndaky döwlet strategiýasy ýardam eder. Maýa serişdeleri mundan beýläk hem kiçi we orta kärhanalary hem-de önümçilikleri döretmäge, fermer hojalyklaryny guramaga we goldamaga, şeýle hem biziň ýurdumyzda kemala gelýän täze telekeçiler synpynyň wekillerini taýýarlamaga we okatmaga gönükdiriler.
Kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek hem-de daýhan hojalyklaryny berkitmek maksady bilen, Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan anyk ädimler ädilýär. Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça 2011-2015-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasynyň” ähmiýetini bellemek gerek. Şu ýylyň 20-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakyndaky” Karara gol çekmegi bu ugurda nobatdaky ädim boldy. Şol resminama laýyklykda, ykdysadyýetiň hususy ulgamynyň wekillerine önümleri öndürmek, işleri hem-de hyzmatlary ýerine ýetirmek bilen bagly maýa goýum taslamalary üçin 10 ýyla, dolanyşyk serişdelerini almak üçin 1 ýyla çenli möhlete ýyllyk 5 göterim bilen karzlary bermäge ygtyýar berildi.
Türkmenistan "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny" durmuşa geçirmek, “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesiniň düzümine girýän demir ýoluň türkmen bölegini gurmak, maglumat tehnologiýalaryny ösdürmek, tehniki parklary döretmek we beýlekiler üçin daşary ýurt maýalaryny çekmäge uly gyzyklanma bildirýär.
Umuman, maýa goýum babatda biziň ýurdumyz ýeterlik derejede özüne çekiji bolup durýar. Çünki ol ýangyç-energetika we ykdysadyýetiň serişdelere degişli bolmadyk ulgamlarynda ägirt uly ätiýaçlyk gorlaryna eýedir. Munuň özi eýýäm döredilen iri önümçilik kuwwatlyklary, kanunçylyk binýady bilen berkidilen zähmet serişdeleri, şeýle hem düzümleýin pudaklar bilen birlikde mundan beýläk-de durnukly ykdysady ösüş üçin amatly şertleri döredýär.
Bularyň ählisi Türkmenistanda maýa goýum işine we bazarlary kadalaşdyrýan kanunlaryň uzak ýyllaryň dowamynda üýtgewsiz galjakdygyna maýadarlarda ynam döredýär. Hyzmatdaşlygy ýola goýmak barada maýadarlaryň gelen oňyn çözgüdi biziň ýurdumyzyň ykdysady we syýasy durnuklylygynyň aýdyň subutnamasydyr.