Ï Repetek alaňlarynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Repetek alaňlarynda

view-icon 1785
Günorta Garagumyň merkezi böleginde – ýer şarynyň iň uly çöllükleriniň birinde – Türkmenabatdan günortada Repetek döwlet biosfera goraghanasy ýerleşýär. Bu gorahana otuz müň gektardan gowrak meýdany eýeleýär. Goraghananyň dünýäde deňi-taýy bolmadyk çägeli landşafty çägeli iri alaňlary çöl relýefiniň dürli görnüşlerine eýedir.


Çäge alaňlaryny uçardan synlanyňda aňyrsyna göz ýetmeýän deňziň doňup galan gomlaryny ýadyňa salýar. Emma doňup ýatan diýmeklik nädogrydyr. Çägelik ýeliň täsir etmegi netijesinde haýalam bolsa, öz ýerini yzygiderli üýtgedip durýar. Bu çägelikden bir goşawuçyny ele alanyňda barmaklaryň arasynda ýele tarap dargap gidýär. Şeýlelik bilen ýel owuntyk çägeden uly alaňlary emele getirip, olaryň ýerlerini ýuwaş-ýuwaşdan üýtgedip durýar. Owunjak we gury çäge edil suw ýaly akýar. Şonuň üçin hem, onuň hasabyny ýöredip bolmaýandygy sebäpli wagtyň özi Garagumda doňup galan ýaly görünýär.


Günortan gün dik asmana galdy. Jöwzadan tarap kölege aýagyň aşagynda gizlenýärdi. Ynha töweregine garanjaklap, uly hažžyk ýumşak çäge alaňlygyna çykdy. Ol çalasynlyk bilen uly agzynyň töweregendäki hamlaryny ýazyşdyrdy. Togalak kelleli zyýansyz süýrenjiniň bu boluşy onuň haýabat atyp durşudy. Hažžyk çägelikde ýaşaýar, onuň özi hem çöl reňkine meňzeşdir esasan hem haçan-da ol öz aýak yzlaryny öz aşagynda gizlände. Ol çägeligi aýagy we kellesi bilen köwer. Şonda onuň barlygy ýa-da ýoklugy des-deň bolar. Bir söz bilen aýdanyňda, edil bir zat bilen basyrylan ýalydyr.

Birden çäge alaňlygynyň gapdalyndan çägäniň güberçemekligi emele geldi. Çägäniň ýüzüne çykmazdan ýylan typyp gitdi. Ynha-da çal towşana meňzeş çol towşany ondan-oňa bökjekläp gitdi. Gara sazagyň düýbünden, hininden aw gözlegine çykan, her bir sese tisginip duran ýalman gözýetimde peýda bolýar.


Goraghana ýakyn ýerlerde ýerleşen çäge alaňlary bilen hereket edeniňde dikligine gamyşdan örülen gözenekleri görmek bolýar. Ýelden goramak üçin edilen bu ýerlerde indiki ýyllarda ösümlikler peýda bolýar, toprak birneme gataşýar hem-de has durnukly bolýar. Birnäçe wagtdan soň şular ýaly çyglylygyny ýitirmeýän ýerlerde ot ekilýär. Çäge alaňlary gum depelerine öwrülýär. Diňe şondan soňra bu ýerlere bag – ak we gara sazak, çöl akasiýalaryny, çerkez ýaly ösümlikleri ekmek bolýar. Soňky ýyllaryň dowamynda ýerli tokaý hojalygynyň işgärleri bu ýerlerini tokaýlaşdyrmak maksady bilen, iki müňden gowrak meýdanda çägeligi berkitmek işlerini geçirdiler.


Gum alaňlarynyň üsti bilen birnäçe kilometr ýol geçilenden soňra peýzaž hem birden üýtgeýär. Biz sazak tokaýlygyna geldik.! Guşlaryň jükgildisi eşdilýär, howa salkyn. Baglara mahsus bolan ýapraklary we şahalary bolmasa-da gara sazak örän owadan görünýär. Bu örän berk agajyň ýaşyl ösüntgileri çeýe pudaklar bilen gutarýar. Ýagyş ýagýan döwründe bu ýerde özboluşly linzalary döretmek bilen suw toplanmagy emele gelýär. Gara sazak hem ýer asty suwlaryň indikatory bolup durýar. Sazagyň uzyn kökleri 8 metr çuňluga ýeňillik bilen ýetip bilýär. Sazak agajy örän haýallyk bilen boý alýar. Sazak şeýle jöwzaly yssy howada ýigrimi ýylda bary-ýogy bir metre çenli ösýär. Ýöne beýleki çöl ösümlikleri bilen deňeşdireniňde örän köp ýyl ýaşaýar. Amatly howa şertlerinde sazak ýüz ýyla çenli ýaşap bilýär. Sazak tokaýlygy – ajaýyp tebigy desgadyr. Sazak tokaýlygy goraghananyň umumy tutýan meýdanynyň dört göterimini ýa-da 1500 gektardan gowrak meýdany eýeleýär. Çölüň bu tokaýlyklarynda ähli biodürliligiň esasy bölegi ýerleşendir – kömelekler, lişaýnikler, selmeler maşgalasyna degişli bolan gülli ösümlikler, çylşyrymly güller, atanak güllüler maşgalasyna degişli bolan ösümlikler, däneli, kösükli we beýleki ösümlikler ösýär. Bu ýerde esasy köp ýyl ýaşaýan ösümlikleriň biri hem efedradyr. Çölde toprak ýüz ýyllyklaryň dowamynda emele gelýär. Bu ýerde topragy emele getiriji mör-möjekler ýer gurçuklarynyň ýerlerini eýeläpdirler.

Bu goraghana toplumy jerenleriň, seýrek duş gekýän guşlaryň – bürgütleriň, çöl serçeleriniň köp sanlysynyň köpelýän ýerleridir. Bu ýerde süýrenijileriň 19 görnüşi bar. Olaryň altysy bolsa ýylanlardyr., şeýle hem guşlaryň – olaryň sany bu ýerde 200-e ýetýär – ýerli we gonup geçýän guşlaryň ýaşaýan ýerlerine öwrüldi. Repetekde Halkara gyzyl kitabyna girizilen çal zemzen hem ýaşaýar.


Bu ýerde Türkmenistanda gabat gelýän içýanlaryň üç görnüşine, ataýrylaryň on görnüşine, garagurt möýüne gabat gelmek bolýar. Bu janly-jandarlar alymlaryň gözegçiliginde berk saklanylýar.

Çöli öwrenijileri bu mekanyna şu ýyl ýüz ýyl dolýar. Şu döwrüň içinde bu ýerde ylmy-gözleg çäreleri geçirildi. Netijede bolsa, çölüň ösümlik we haýwanat dünýasini ýerlikli peýdalanmagyň, ony tebigy toplum hökmünde goramagyň ýollary ýüze çykaryldy. Repetek Döwlet goraghanasy 1927-nji ýylyň 27-nji oktabrynda döredildi, 1979-njy ýylyň 19-njy fewralynda ÝUNESKO-nyň „Adam we biosfera“ halkara utgaşdyryjy geňeşiniň maksatnamasynyň karary bilen biosfera goraghanasy diýen derejä eýe boldy. Çäge-çöl ekologiki ulgamyny tebigy ýagdaýlarda saklamak, şeýle hem ýarym erkin ýagdaýlarda haýwanlaryň seýrek we gymmatly görnüşlerini köpeltmek bu goraghananyň esasy wezipesi bolup durýar.