Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýanyndaky merkezi sergiler zalynda Balkan welaýatynyň suratkeşleriniň eserleriniň sergisi açyldy.
Uly hyjuw bilen ýerine ýetirilen portretler, peýzažlar, natýumortlar, zähmet durmuşyny beýan edýän eserler, heýkeltaraş kompozisiýalar we amaly-haşam sungatynyň önümleri – bularyň hemmesi diňe bir begendirmän, eýsem olar tolgundyrýar, uly täsir edýär, pikir etmäge borçly edýär.
Bu ýerde meşhur ussatlaryň we ýaş suratkeşleriň, döredijilik ýoluna ýaňy gadam basanlaryň işlerini görmek bolýar. Sergide häzirki wagtda esasy hünäri bolmasada çagalyk ýyllarynda surat çekmek bilen meşgullanyp, ömürlik saklanyp galan eserleri hem görkezilipdir. Olar çeper çekilen nagyşlardan, hala salynan peýzažlar we agajyň ýüzüne çekilen suratlardyr.
Ekspozisiýada köp sanly žanrlaryň arasynda peýzažlar esasy orny eýeleýär. Biziň her birimiz üçin örän ýakyn bolan ene topragyň tebigaty bu ýerde görkezilen eserleriň baş gahrymany boldy. Bu ýerde deňiz temasyna aýratyn üns berilipdir. Hazar deňziniň kenarynda önüp-ösen awtorlaryň işlerinde deňziň ajaýyplygy, deňiz tolkunlarynyň hereketi we öz boluşly owazy, çarklaklaryň deňizde uçup ýören pursatlary giňden beýan edilýär.