Dürli taryhy döwürlere degişli bolan hudaý zenanlarynyň heýkelleriniň ýüzlerçesi arheologlar tarapyndan biziň ýurdumyzyň çäklerinden tapyldy. Olar hasyllylygyň hudaýyndan, oý-hojalyk hudaýyndan, obalary goraýan hudaýdan ybaratdyr. Olar tupanlary we ýagynlary, daglyklary we düzlükleri dolandyrypdyrlar. Her bir şäheriň, her bir bendiň, hojalyklaryň her bir işläp taýýarlaýan ýerleriniň,, hat-da her bir zähmet guralynyň aýratyn zenan hudaýlary bolupdyr!
Orta Aziýada VII asyrda yslam medeniýetiniň ýaýramagy bilen, hudaý zenanlar ýitip gitmän, ol diňe täze keşbe eýe bolýar. Hudaý aýalyň keşbini ýanyň bilen götermek däbi „heýkel“ diýlip atlandyrylýan zenan bezeg şaýynda saklanyp galypdyr (araplarda „altar“, Orta Aziýada – „heýkel“ diýilýär). Türkmenistanda gaýyşdan ýasalan ýa-da matadan ýasalan,öňler hudaýyň şekili salynan, häzirki wagtda bolsa, doga-tumar salynýan haltajyk „heýkel“ diýlip atlandyrylýar. Häzirki wagtda hem adam şekili, özi hem zenan şekili şekillendirilem agaçdan ýasalan dagdanlar – dogalar hemme ýerde gabat gelýar. Kümüşden ýasalan zenanlar bezeg şaýy bolan asyk biziň eramyzdan ozalki II asyra degişli bolan Türkmenistanyň günortasyndan terrakotadan edilen zenan hudaýlarynyň nusgasyna gabat gelýär. Zenanlaryň şekilleri şelpelerde, goza bezeglerinde duş gelýär, tegelek görnüşde ýasalan gülýakada bolsa biz oýulyp ýasalan zenanyň keşbini ýada salýan şekili görýäris. Adamlyk we teneçir asma görnüşde dakynylýan zenan bezegleri ähli babatda gadymýetiň beýik zenan hudaýlarynyň şekilleriniň keşbini beýan edýär.
Türkmen zergärleriniň eserleriniň konsewatiwliligine gyzlaryň bezeg şaý-sepleri hem şaýatlyk edýär. Olar söweşjeň lybaslary ýatladýar. Gyzlaryň kümüşden ýasalan gupbaly tahýalary söweşjeň şlýomyna örän meňzeşdir. Onuň her gapdalyndan kelläni iki tarapdan goraýan çekelik berkidilýär. Ýeňsäni bolsa, nagyşly galyň plastina – ýeňselik ýapýar. Esgerleriň galkanyny ýatladyp duran tegelejik gapyrjajyk – bezbent gyzlaryň eginlerini yzyndan ýapýar, boýunlaryny we döşlerini bolsa, gün şekilli gülýaka ýapýar. Boýuna köplenç öň ýüzünden hakyk gaşy bilen bezelen we berkidilen bukaw dakynylýar. Döşe dakynylýan bezeg şaý-sepleriniň arasynda çapraz-çaňňa aýratyn taňawutlanýar. Bu bezeg şaýy lybasa çatylyp, guşaklyga ýetip duran tegelejik bezeg şaýlarydyr. Bu bezeg şaýynyň söweş sowudyna örän meňzeşdigini bellemek gerekdir. Bilezik bezeg şaýy bolsa, zenanlaryň elinden tirsegine çenli ýapýar. Onuň esgerleriň demir sowuduna meňzeşdigini aýtsak öte geçdigimiz bolmaz.
Eger-de biz gadymy ýakyn gündogar sebitlerinde şekillendirilen zenan hudaýlaryna we zenan hökümdarlarynyň şekillerine üns berip synlasak, onda olaryň lybaslarynyň hähzirli zaman türkmen zenanlarynyň lybaslaryna gabat gelýändigini görmek bolýar. Türkmenistanda tapylan parfiýa döwri bilen senelenýän (III we II asyr b. E.öň.) zenan hudaýlaryň heýkelleri şol döwürde hem zenanlar öz baýramçylyk lybaslaryny taýýarlandyklaryna şaýatlyk edýär. Meselem, parfiýadan tapylan heýkel gyzlaryň durmuşa çykandan soň geýýän häzirki zaman börüginden tapawutlanmaýan kellä geýilýän belent gaby suratlandyrýar. Türkmen zenanlarynyň beýleki kellä geýýän gaby hasa bolup durýar. Ýokardan giňäp gaýdýan we köp sanly kümüş demirjikler bilen bezelen bu hasa hem Merwden tapylan bizň eramyzdan ozalky II-I asyra degişli bolan hudaý zenanlary şekillendirilen heýkellerde kellä grýilýän gaby ýada salýar. Ony iki ýeňli pürenjek bilen bile dakynypdyrlar. Şeýle pürenjekler gadymy günorta hudaý zenanlaryň şekillerinde hem görkezilipdir. Türkmen zenanlarynyň lybaslarynyň iň gadymy hasyllylyk medeniýeti bilen baglanyşygyny pürenjege, aýratyn hem nagyşlar we solýar belgileri bilen bezelen çyrpylarda, çekilen nagyşlar hem görkezýär
Bularyň ählisi Türkmenistanda hudaý zenanlara hormat goýmak däbi häzirki günlere çenli saklanyp galmagy pikirlenmäge borçly edýär. Muňa ýagyş buldunyň goragçysy Mamaka, zenanlary we çagalary goraýan Paraw bibi, zenanlaryň kesp-kärleriniň goragçysy Äşe Patma, hüýrler - periler we beýlekiler şaýatlyk edýär.
Şunlukda, türkmen zenanlarynyň lybaslarynyň we şaý-sepleriniň müdimiligini, kökleri asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän tzrkmen halkynyň gadymy taryhyny yzarlamaga doly mümkinçiliklerimiz bar.