Ï Fizikanyň bütindünýä paýtagtyndan-täze ýeňiş bilen!
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Fizikanyň bütindünýä paýtagtyndan-täze ýeňiş bilen!

view-icon 1464
Fizika boýunça 43-nji halkara olimpiýaasynyň jemleri boýunça Aşgabat şäheriniň şu ýyldaky mekdep uçurumy Meýlis Mälikow bürünç medalynyň eýesi boldy.

Estoniýada 80 ýurtdan 400-e golaý mekdep okuwçysynyň gatnaşmagynda geçirilen bu bäsleşik abraýly intellektual bäsleşikleriň hatarynda bolup, ol ylmy dünýäniň uly möhüm wakalaryň biri boldy. Dünýäniň ýaş fizikleri üçin geçirilýän halkara olimpiadasy 10 ýyl mundan öň Polşada geçirilipdi. Şondan soň her ýyl bu takyk ylmyň muşdaklary dürli ýurtlarda jemlenýärler.

Bu möhüm we abraýly bäsleşik Estoniýanyň iki sany şäherinde ,ýagny Tallinde we Tartuda geçirildi.Tartu şäheri resmi taýdan bir günlik fizikanyň halkara paýtagty diýen derejäni aldy. Şo mynasybetli ýaş fizikleriň bäsleşigi bilen bilelikde bu şäherde dürli çäreler hem geçirildi. Bu çäreler ýaşlaryň arasynda takyk ylyma bolan höwesi we bilim ugrunda ylmyň gazanlaryna bolan gyzyklanmany döretmek maksady bilen geçirildi.

Dünýäniň mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen bu bäsleşigiň iň wajyp wakalarynyň sanawynda nobel baýragynyň eýeleriniň geçiren leksiyalaryny we “master klasslaryny” belläp geçmeli. Bäsleşigiň guramaçylary we oňa gatnaşyjylar bu leksiyalara ýokary baha berip, olaryň geljekki hünärini saýlamaklygyň öňünde duran ýaş zehinler üçin has gymmatly bolandygyny bellediler.

10 günüň dowamynda geçirilen bu bäsleşikli marafonda ýaş fizikler aňsat bolmadyk mysallary we meseleleri işlemeli boldylar. Olimpiada gatnaşyjylaryň özleriniň Innawasion tehnologiýalaryny ulanmaklary “barlaýjylaryň” ünsüni özüne çekdi. Olar bäsleşige gatnajylaryň bilimdäki häzirki zaman interaktiw gurallary ulanmaklaryny has hem goldadylar.

Olimpiada gatnşyjylaryň taýýarlyklarynyň ýokary derejeleri baýrakly ýerleri üçin bolan bäsleşikde öňünden kesgitleýji orny eýeledi. Şunuň bilen baglylykda türkmen okuwçysynyň mynasyp bolan bürünç medaly has hem gymmatlydyr.