Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow golaýda geçirilen nobatdaky göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmeleri mundan beýläk-de çaltlaşdyrmak we çuňlaşdyrmak bilen baglanyşykly nobatdaky wezipeler barada aýdyp, ýurdumyzda derman senagatynyň önümçildik kuwwatlyklaryny artdyrmak meselelerine ünsi çekdi.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň derman senagatyny ösdürmek “Saglyk” döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň möhüm ugurlarynyň biridir. Uzak ýyllaryň dowamynda saglygy goraýyş ulgamyna ýolbaşçylyk eden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gönüden-göni gatnaşmagynda işlenip taýýarlanylan we kabul edilen “Melhemçilik işi we derman üpjünçiligi hakynda” Türkmenistanyň Kanuny hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu Kanunda şu ugurdaky işiň hukuk esaslary berkidildi, şeýle hem şol pudagy döwlet tarapyndan giňden goldamagyň kadalary beýan edildi.
Häzirki wagtda derman önümleriniň görnüşlerini giňeltmek, olaryň hilini ýokarlandyrmak we elýeterli bolmagyny üpjün etmek meselelerine aýratyn üns berilýär. Şu maksat bilen ýurdumyzda “Türkmendermansenagat” Türkmen döwlet ylmy-önümçilik birleşigi döredildi. Onuň düzümine “Buýan” agrosenagat toplumy, “Saglyk”, derman kärhanasy, “Türkmenderman—Ajanta Farma Limited” bilelikdäki kärhanasy we “Tenekär” zawody girýär. Derman kärhanalarynyň hünärmenleri ýurdumyzda bar bolan çig maldan täze derman serişdelerini işläp taýýarlamak boýunça ylmy barlaglary geçirip, dermanlaryň görnüşlerini we öndürilýän möçberini artdyrýarlar.
“Türkmendermansenagat” birleşiginiň kärhanalarynda dürli derman serişdeleriniň ýüzlerçe görnüşlerini öndürmek ýola goýuldy. Şol serişdeler hili, howpsuzlygy we netijeliligi babatda halkara talaplaryna doly laýyk gelýär. Olaryň arasynda sanjym üçin ulanylýan erginler, kapsulalar we tabletkalar, buýan kökünden taýýarlanan ekstraktlar, lukmançylyk pamygy, ýylanyň zäherinden taýýarlanan ýokary netijeli mazlar we beýlekiler bar. Dermanlaryň köp görnüşleri ýürek, bagyr we böwrek, aşgazan-içege agyrylaryny aýyrmak we beýleki keselleri bejermek üçin ulanylýar.
“Buýan” agrosenagat toplumy hem köpden bäri hereket edýär. Onuň buýan kökünden öndürýän şiresi ýurdumyzyň çäklerinden daşda-da bellidir. Buýan kökünden öndürilýän önümler derman senagatynda, şeýle hem dürli içgileri we konditer önümleri öndürmekde hem-de önümçiligiň beýleki ulgamlarynda ulanylýar.
Türkmenistanda derman senagatyny ösdürmegiň 2011—2015-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde, ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän derman serişdeleri bilen doly üpjün etmek maksady bilen “Saglyk” derman kärhanasynyň durkuny täzelemek işleri giň gerimde alnyp barylýar. Zawodyň önümçilik kuwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmakdan başga-da, bu ýerde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman sengaty ministrliginiň buýrmasy boýunça täze önümçilik desgalary gurulýar. Şertnamada şeýle hem kärhanany kämil enjamlar bilen üpjün etmek we täze tehnologiki ulgamlarda işlemek üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak göz öňünde tutulandyr.
“Saglyk” dermanlaryň onlarça görnüşini, dermanlyk ösümlikleri we olaryň toplumlaryny çykarýar. Kärhanada sehleriň birnäçesiniň, şol sanda bir gezek ulanylýan elsüpürgiçleri, dermanlyk çaýlary öndürýän, “Korwalol” derman serişdesini we buýan köküniň şiresini çüýşe gaplara guýýan sehleriň işe girizilmegi bolsa bu ugurdaky işleriň has-da ilerlemegine ýardam etdi. Mundan başga-da, kärhanada 50 kilogramlyk gaplara gaplanan lukmançylyk pamygy we dürli möçberdäki polietilen gaplar öndürilýär. Derman kärhanasynyň durkunyň täzelenmegi önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmaga we derman serişdeleriniň görnüşlerini giňeltmäge mümkinçilik berer.
“Türkmenderman—Ajanta Farma Limited” bilelikdäki türkmen-hindi kärhanasynda dermanlaryň 100-e golaý görnüşi, şeýle hem mazlaryň köp görnüşi çykarylýar. “Tenekär” zawodynda hem dermanlaryň dürli görnüşleri öndürilýär. Bu kärhana üçin önümçilik kuwwatlyklary infuzion erginleri öndürmekde meşhur bolan “Farmatek” nemes firmasyndan satyn alyndy.
Indi köp ýyllaryň dowamynda duzy ýodlaşdyrmak we uny demir bilen baýlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri ýurdumyzyň derman senagatynyň gazananlarynyň hatarynda görkezmek bolar. Munuň özi keselleriň öňüni almaga we ilatyň arasynda keselleriň ýaýramagynyň derejesini has-da peseltmäge ýardam edýär.
Häzirki wagtda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň derman senagatynyň öňünde özümizde öndürilýän derman serişdeleriniň önümçiligini mundan beýläk-de giňeltmek wezipesini goýýar. Munuň özi türkmenistanlylary gymmat bolmadyk we şol bir wagtyň özünde ýokary hilli derman serişdeleri bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer. Şeýlelikde, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe giň möçberli özgertmeleriň esasynda goýlan “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelge iş ýüzünde durmuşa geçirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň derman senagatynyň önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmak, täze strategiki ähmiýetli derman serişdeleriniň öndürilmegini özleşdirmek, bu ulgamyň ylmy-tehniki we innowasion mümkinçiliklerini ösdürmek, onuň daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan ugra gönükdirilmegi we eksport kuwwatynyň artmagy derman senagatyny ösdürmek babatda döwlet syýasatynyň esasy wezipeleri bolup durýar.
Türkmen döwleti geljekde-de bu pudagyň täze desgalaryny gurmaga we işläp gelýän desgalaryň durkuny täzelemäge uly üns berer, munuň özi ony hil taýdan täze sepgitlere çykarmaga, ýurdumyzyň derman senagatynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny ep-esli pugtalandyrmaga we ilaty özümizde öndürilen ýokary hilli derman serişdeleri bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokarda agzalan göni araşatnaşyk arkaly iş maslahatynda nygtady.
Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylardan Türkmenistanda derman senagatyny ösdürmegiň 2011-2015-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulan desgalaryň gurluşyk işleriniň möhletlerini berjaý etmek we ýokary hilini üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmegi talap etdi.
Şu maksatnama laýyklykda, ýurdumyzda täze önümçilik kuwwatlyklary gurlar we öňden bar bolan desgalaryň durky täzedeniler. Munuň özi pudagyň hemmetaraplaýyn ösmegine, ilaty ýokary hilli derman serişdeleri bilen doly üpjün etmäge, şeýle hem ýurdumyzyň dürli sebitlerinde täze iş orunlaryny döretmäge ýardam eder.
Mysal üçin, häzirki wagtda Aşgabatda infuzion erginleri öndürýän zawodyň gurluşygy, “Saglyk” derman kärhanasynyň durkuny täzelemek işleri çalt depginlerde alnyp barylýar. Ýene-de desgalaryň birnäçesini, hususan-da, Abadan şäherinde zyýansyzlandyryjy erginleri, Daşoguz şäherinde bir gezek ulanylýan ýelmenýän ýapgy bolan zyýansyzlandyrylan sargy serişdelerini, Berzeňňide minerallaşdyrylan bejeriş suwlaryny öndürýän kärhanalary gurmak hem-de häzirki zaman enjamlary bilen üpjün etmek boýunça işler dowam etdirilýär. Balkan welaýatynda ýene-de iki kärhana: Bereket etrabynda bir gezek ulanylýan ýod taýajygy bolan ýod önümçilik kärhanasy we Jebel şäherçesinde bejeriş palçyklaryny we deňiz duzuny gaplaýan kärhana gurlar. Bu kärhanalaryň işe girizilmegi ilatyň we saglygy goraýyş edaralarynyň derman hem-de lukmançylyk serişdelerine bolan isleglerini has doly kanagatlandyrmaga mümkinçilik berer. Mundan başga-da, şol önümleriň daşarky bazara çykarylyşynyň möçberiniň artmagy bilen ýurdumyzyň walýuta girdejileri köpeler, munuň özi Türkmenistanyň derman senagaty pudagynyň düşewüntliligini ep-esli ýokarlandyrmaga ýardam berer.
Ýurdumyzyň derman senagatynyň kuwwatlyklarynyň ýokarlandyrylmagy we ýerli çig maldan derman hem-de beýleki lukmançylyk serişdelerini öndürmegiň möçberleriniň artdyrylmagy bilen baglylykda milletiň Lideri saglygy goraýyş ulgamynyň ýolbaşçylaryna Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Baş dermanhana birleşigi üçin täze derman ammaryny gurmak baradaky meseläniň üstünde işlemegi tabşyrdy. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş maksatly serişdelerini, şeýle hem daşarky bazara niýetlenen dermanlary we lukmançylyk enjamlaryny saklamak üçin Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ülňülerine laýyk gelýän zerur serişdeleri döretmek maksady bilen şol ammary ýörite enjamlar we degişli tehnika bilen üpjün etmegi göz öňünde tutmagy talap etdi.
Biziň ýurdumyzyň baý tebigy gorlarynyň özleşdirilmegi hem milletiň Lideriniň ýurdumyzyň derman senagatyny döwrebaplaşdyrmak boýunça öňde goýan wezipelerini üstünlikli çözmäge ýardam eder. Hünärmenleriň bellemegine görä, tebigy ýoduň dünýä gorlarynyň esasy bölegi hut Türkmenistanyň çäginde jemlenendir. Garabogaz köli derman senagaty üçin täsin tebigy hazyna hasaplanylýar. Onda Mendeleýewiň tablisasynyň ähli elementleri bardyr. Amyderýanyň kenarlarynda ösýän buýan köküniň melhemlik häsiýeti we ýokary hili bütin dünýäde meşhurdyr. Ol häzir dürli ýurtlara eksport edilýän gymmatly dermanlyk çig mal bolup durýar.
Mollagara kölüniň tebigy serişdeleri bolsa Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde gurulýan bejeriş palçyklaryny we deňiz duzuny gaplaýan kärhana üçin çil mal binýady bolup hyzmat eder. Mälim bolşy ýaly, bu kölüň hloridlere we natriý sulfatyna, demire, brom duzuna we beýleki minerallara baý bolan palçygynyň ýokary bejeriş häsiýetleri biziň ýurdumyzyň çäginden daşda-da bellidir.
Berzeňňi mineral çeşmesi hem saglygyňy dikeltmek we köp sanly kesellerden saplanmak üçin iň amatly şertleri hödürleýär. Onuň melhem suwy özüniň fiziki-himiki düzümi boýunça örän täsindir. Ol özüne mikroelementleriň 24-sini birleşdirýär. “Berzeňňi” mineral suwy giň bejeriş häsiýetine eýedir we aşgazan-içege kesellerini, ýürek-damar, dem alyş ýollary, merkezi nerw kesellerini, daýanç-hereket ediş synalaryň, deri kesellerini bejermekde üstünlikli ulanylýar. Ol adamyň bedeniniň çalt dikeldilmegine, onuň ýokanç kesellere garşy durmak ukybyny ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Häzirki wagtda alymlar “Berzeňňi” mineral suwunyň düzümini we dürli kesellere täsirini öwrenýärler.
Dermanlyk ösümlikleriň, mineral suwlaryň, tebigy minerallaryň, melhem beriji häsiýete eýe bolan dürli palçyklaryň we deňiz duzlarynyň seljerilmegi çykarylýan derman serişdeleriniň we beýleki lukmançylyk maksatly önümleriň görnüşlerini giňeltmek üçin ýurdumyzyň derman senagatynda ajaýyp mümkinçilikleriň bardygyny görkezýär.
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy işleriniň, şol sanda köp kitapdan ybarat bolan “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli ylmy işi, “Türkmenistan-- melhemler mekany” diýen kitaby we türkmen tebigatynyň – ösümlikleriň, mineral suwlaryň, howanyň... melhemlik häsiýetlerine bagyşlanan beýleki işleri türkmen hünärmenlerine, şol sanda derman öndürijilere uly kömek berýär. Mälim bolşy ýaly, şu ýyl milletiň Lideri ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlap “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli ylmy işiniň nobatdaky dördünji kitabyny çykardy. Saglygy goraýyş işgärleri we lukmanlar üçin bu köp jildden ybarat bolan kitap bahasyna ýetip bolmajak ylmy gollanma öwrüldi. Dördünji kitabyň sahypalarynda ýurdumyzda ösýän dermanlyk ösümlikleriň melhemlik häsiýetlerini jikme-jik beýan etmek dowam etdirilýär.
Ylmy barlaglary amala aşyrmak we täze derman serişdelerini işläp taýýarlamak, melhemçilik işi ulgamynda ylmyň gazananlaryny lukmançylyga ornaşdyrmak, şeýle hem melhemçilik bilim ulgamyny kämilleşdirmek, hünärmenleri we ylmy işgärleri taýýarlamak üçin ähli şertleriň döredilmegi ýurdumyzyň derman senagatyny mundan beýläk-de ösdürmek babatda döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Häzirki wagtda bu iş ýokary hünärli lukmanlary, şol sanda derman senagatynyň işgärlerini taýýarlamak boýunça ýurdumyzyň esasy okuw mekdebi bolan Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde alnyp barylýar.
Ýurdumyzyň häzirki zaman derman senagatynyň ösdürilmegi, milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ulgamy mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça öňde goýan wezipeleri Türkmenistanda saglygy goraýşyň düýbünden täze nusgasynyň kemala gelşini aýdyňlyk bilen görkezýär. Häzirki wagtda täze enjamlary we öňdebaryjy usullary ornaşdyrmak bilen birlikde lukmançylyk babatda edilýän hyzmatlaryň görnüşleri artdyrylýar we olaryň hili hem-de netijeliligi ýokarlandyrylýar. Bu işler esasan hem ýurdumyzyň derman senagatynyň maddy-enjämlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ilaty özümizde öndürilýän ýokary hilli derman serişdeleri bilen has doly üpjün etmek üçin onuň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça möhüm döwlet wezipelerini çözmek bilen baglylykda amala aşyrylýar.