Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda hukukçy-menejer hünäri boýunça diňleýjileriň ikinji göýberlişiniň hormatyna çärä taýýarlyk görülýär. Ýakynda bu ýerde döwlet diwanynyň gullukçylaryny taýýarlaýan iki ýyllyk okuwy tamamlaýan diňleýjiler üçin döwlet synaglaryna badalga berildi. Döwlet synaglaryny üstünlikli tabşyran diňleýjiler ýokary bilim baradaky ikinji diplomy alarlar.
Döwlet synaglary profil sapaklary boýunça – raýat hukugy we menejment sapaklary boýunça geçirilýär. Şeýle hem uçurymlar kompýuter sowatlylygy synagyndan hem geçýärler. Synag toparynyň düzüminde Türkmenistanyň Adalat ministrliginden, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutyndan, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň we Döwlet gullugy akademiýasynyň mugallymlary we professorlary bar.
Döwlet gullugy akademiýasy döwlet buýurmasy şertlerinde döwlet gullukçylaryny gaýtadan taýýarlamak we hünär kämilligini ýokarlandyrmagy amala aşyrýar. Gaýtadan taýýarlamak maksatnamasy diňleýjilere hukuk, ykdysadyýet, dolandyryş we maglumatlar tehnologiýalary ulgamynda çuňlaşdyrylan ylmy-amaly bilimleri bermegi göz öňünde tutýar.