Ï Milli miras üçin innowasiýalar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Milli miras üçin innowasiýalar

view-icon 903
Türkmen taryhçylary halkara ylmy alyş-çalyşlaryň çäklerinde dünýäniň iri ylmy merkeziniň gaznalarynda we arhiwlerinde saklanylýan materiallary giňden peýdalanýarlar, taryhy geçmişiň wakalaryny beýan edýän öň näbelli bolan çeşmeleri we maglumatlaryň üstüni açýarlar. Türkmenistanda taryhy temalara we medeni mirasa bagyşlanan konferensiýalar we maslahatlar yzygiderli geçirilip durulýar. Şunlukda dünýäniň taryhy ylymlarynyň öňde baryjy meýillerine, ýurduň we daşary ýurtlaryň tejribeleriniň utgaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär.

Geçirilýän maslahatlaryň işine meşhur alymlar bilen bir hatarda ýaş gözlegçiler gatnaşýarlar. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tatyh instituty her ýylda hünärleriň sanawyny artdyrmak bilen, ylmy işgärleri taýýarlamak boýunça işleri alyp barýar. Şunlukda, soňky ýyllarda „halkara gatnaşyklarynyň we daşarky syýasatyň taryhy“, „taryhy öwreniş“, „dünýä taryhy“ hünärleri boýunça aspirantlary we gözleýjileri kabul etmek işleri alnyp barylýar. Medeni mirasy düýpli öwrenmek zerurulygy sebäpli „medeniýetiň teoriýasy we taryhy“, „sungatyň teoriýasy we taryhy“ we „etnografiýa, etnologiýa we antropologiýa“ ýaly ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlamak işleri ýaýbaňlandyrylýar.

Türkmen halkynyň taryhynyň we medeniýetiniň gymmatlyklary bilen ösüp gelýän ýaş nesli tanyşdyrmak, medeni mirasy aýawly saklamak boýunça amaly işlere ýaş adamlary çekmek boýunça bilim taslamalarynyň birnäçesi amala aşyrylýar. Medeni mirasyň elektron „nusgalary“ öwretmekde we terbiýelemekde netijeli serişde bolmak bilen, ýaşlarda uly gyzyklanma döredýär.

Innowasion tejribe, häzirki zaman tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Hassaplaýyş we statistiki usullary peýdalanýan maglumatlar taryhy we kliometrika ýaly taryhy ylmyň ugurlary alymlaryň üns merkezinde saklanylýar. Medeni mirasy sanly belgilere almak, elektron kataloglaryny, kitaphanalary, arhiwleri döretmek işleri dowam etdirilýär. Elektron çeşmeleriniň, taryhy serişdeleriň maglumatlar bankyny döretmek boýunça uly göwrümli işler öňde dur. Elektron ylmy çeşmeler we seljerme usullary, medeni mirasyň desgalaryny wirtuallaşdyrmak Türkmenistanyň taryhy ylmyny täze hil bilen üpjün etmäge borçlydyrlar.

Hususan-da, Taryh institutynda arheologiki gaznany kataloklaşdyrma, materillary elektron taýdan işläp taýýarlamak işleri alnyp barylýar, wirtual sergisi, elektron kitaplary döredildi. Bilim ulgamyň kömek hökmündeTürkmenistanyň taryhy boýunça elektron testler taýýarlanyldy.