Ï Giriş synaglary başlanýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Giriş synaglary başlanýar

view-icon 2798
Şu ýyl ýaş oglan-gyzlaryň on iki müňe golaýy birinji ýyl talyplary bolar. Bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende iki ýarym müňden hem köpdür.

Täze okuw ýylynyň başyna – 1-nji sentýabrda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde ýerleşýän iki sany ýokary okuw mekdebi – Türkmen Döwlet binagärlik-gurluşyk instituty we Türkmen Döwlet nebit we gaz instituty öz ilkinji talyplaryny kabul eder. Paýtagtda, şeýle hem Lebap welaýatynyň merkezinde umumylykda bäş sany orta hünär okuw mekdepleri öz işine başlar.

Olaryň hatarynda paýtagtyň merkezinde ýerleşýän Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebini görkezmek bolar. Bu orta hünär okuw mekdebi demir ýol pudagynyň işjeň ösdürilmegi sebäpli orta hünärli işgärleri taýýarlamaga girişýär.Olar demir ýol ulagynda awtomatika, telemehanika we aragatnaşyk; demir ýol ulagynda gatnawy guramak we hereketi dolandyrmak; demir ýol ulagynda ýol hojalygy we gurluşyk; lokomotiw hojalygy; wagon hojalygy; demir ýolda energiýa we elektrik üpjünçiligi ýaly hünärlerden ybaratdyr.

Gelejekki orta hünärli hünärmenler bu ugurlaryň ählisi boýunça, şeýle hem tehnikler-elektromehanikler, demir ýolaryny we ýük daşalşyny ulanmak boýunça tehnikler, tehnikler-gurluşykçylar we tehnikler-mehanikler hünär bilimlerini alarlar.

Bu mekdepde diňe bir paýtagtyň ýaşlary bilim alman, eýsem ýurduň beýleki welaýatlaryndan gelen talyplar hem bilim alarlar. Iki we üç orunly otaglary bolan abadanlaşdyrylan umumy ýaşaýyş jaýy talyplaryň ygtyýarynda bolar.

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Mehanika-tehnologiýa orta hünär okuw mekdebi hem Aşgabat şäherinden we ýurduň welaýatlaryndan gelen ýaşlaryndan ybarat bolanözüniň ilkinji talyplaryny kabul eder. Bu hünär okuw mekdebi paýtagtyň Hydyr Derýaýew köçesinde – Döwlet sirkiniň binasynyň gabadynda ýerleşýär.

Dokma senagatynyň işjeň ösdürilmegi orta hünärli işgärleri dokuz ugur – tikin önümçiliginiň gurnalyşy we rehnologiýasy; tikin önümçiliginiň tehnologiýasy; deri we sütük önümleriniň tehnologiýasy we gurnalyşy; dokma önümçiligi; dokma we ýeňil senagaty önümçiliginiň tehnologiýasy; süýümleri egirmegiň tehnologiýasy; dokma senagatynyň buhgalter hasaby we maliýeleşdiriş; dokma senagatynyň marketingi; dokma senagatynda ykdysadyýet we dolandyryş ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlamagy kesgitledi.

Bu hünär orta okuw mekdebinde hem şu günler gyzgalaňly günler dowam edýär: giriş synaglaryna görülýän taýýarlygyň soňky tapgyrlary başlandy we şonuň bilen bir wagtda hem bu mekdebi abadanlaşdyrmak we okarmagy iň häzirki zaman tehnologiýalary bilen üpjün etmek boýunça, şol sanda gelejekki hünärmenleri praktiki şertlerde taýýarlamak işleri dowam edýär. Bu maksatlar üçin dört sany – üç sany dokma we bir sany mehanikleri okatmak üçin ýörite enjamlaşdyrylan bölümler hereket eder.

Hünär taýýarlygynyň iň köp sanlysy hem hünärleriň 16-syny hödürleýän S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebidir.

Aşgabatlylar we welaýatlaryň ýalary bu hünär orta okuw mekdebiniň okuwçysy bolup bilerler. Okuwçylar üçin iki ýylyň dowamynda abadanlaşdyrylan umumy ýaşaýyş jaýy „ikinji öýleri“ bolar.

Bu okuw jaýynyň ýolbaşçylarynyň habar berşi ýaly, şeýle hem mekdebiň ýanynda hünärleriň 11 ugry boýunça, şol sanda buhgalter, kompýuter maşynlarynyň operatoray, pagtanyň hilini barlamak boýunça laborant, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek boýunça tehnik, iýmitleriň hilini kesgitlemek boýunça laborant tehnik, tikimçi-, awtoslesar we beleki ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlamak boýunça 10 aýlyk okuw işlär.

Paýtagtyň merkezinde, Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyplar şäherçesinde indi täze okuw jaýy – Türkmenistanyň Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetiniň Aşgabat şäherindäki Syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebi ýerleşýär. Bu orta hünär okuw mekdebi bäş sany syýahatçylyk ugry boýunça – myhmanhana hyzmatlary; töwerekdäki gurşawy goramak we tebigy baýlyklary tygşytly peýdalanmak; syýahatçylyk pudagynda ykdysadyýet we dolandyryş; durmuş-medeni hyzmat ediş we syhatçylyk; jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynyň önümleriniň tehnologiýasy ugurlary boýunça orta hünärli hünärmenleri taýýarlamaga girişýär. Bu orta hünär okuw mekdebinde hem beýleki şäherlerden gelen talyplary okatmaklyk göz öňünde tutulandyr.

Bu orta hünär okuw mekdebi bilen Türkmenistanyň Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetiniň Okuw-metodiki merkezi „goňşyçylykda“ ýerleşýär. Bu ýerde alty hünär boýunça – iňlis dilinden we arap dilinden gil-terjimeçi, syýahatçylygyň we myhmanhanalaryň menejmenti, myhmanhanalarda ykdysadyýet we buhgalter hasaby, syýahatçylykda hukuk menejmenti hünärleri boýunça birnäçe ýylyň dowamynda okuw geçiriler.

Şu günler özüniň ilkinji talyplaryny kabul etmäge taýýarlyk görýän „Türkmenhimiýa“ Döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki Tehniki orta hünär okuw mekdebi bu täze orta hünär okuw mekdepleriniň jemini jemleýär. Bu ýerde hünärler dokuz ugry boýunça – markşeýderçilik işi; binagärlik; senagat we raýat jaý gurluşygy; gurluşygyň ykdysadyýeti; demirbeton konstruksiýalary; peýdaly magdanlary agtarmagyň tehnikasy we tehnologiýasy we beýleki ugurlar boýunça ilkinji sapar okadylyp başlanýar.

Ýurduň ýokarda agzalyp geçilen orta hünär okuw mekdeplerinde orta hünärli işgärleriň umumylykda 45 sany ugur boýunça hünärmenler taýýarlanylar. Ýöne bular orta hünärli bilimli hünärmenleri taýýarlamagyň hemmesi däldir. Aşgabadyň I.Gandi adyndaky lukmançylyk mekdebinde hünärmeni taýýarlamagyň täze ugry – tiş tehnikasy işi boýunça ugur açylýar. Bu täze hünär 2013-nji ýylda ulanylmaga beriljek Diş merkezini orta hünärli bilimli hünärmenler bilen üpjün etmek maksady bilen açylýar.

Ýurduň orta hünär okuw mekdepleri we ýokary döredijilik mekdepleri beýleki ýokary okuw mekdepleri bilen bir wagtda giriş synaglaryna badalga almak bilen, ony däp bolşy ýaly, eýýäm awgust aýynyň ilkinji on günliginde tamamlar. Umuman, biziň ýurdumyzyň beýleki ýokary okuw mekdepleriniň dalaşgärleri üçin giriş synaglary täze 2012-2013-nji okuw ýylynyň başlanmagyna bir hepde galanda tamamlanar.