Ï Türkmen talyplarynyň üstünligi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen talyplarynyň üstünligi

view-icon 1289
Matematika boýunça XIX Halkara talyplar olimpiadasynyň jemleri boýunça üçünji baýrakly orny eýelän Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň matematika fakultetiniň talyplary Ý.Ermetow we R.Hajyýew biziň ýurdumyzyň intellektual taýdan gazanan üstünliklerine nobatdaky sylaglary goşdular, şol

olimpiada bir hepdäniň dowamynda Bolgariýanyň Blagoýewgrada şäherinde geçirildi.

Olimpiýada dünýäniň 65 ýurduna—Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna, Kanada, Russiýa, Beýik Britaniýa, Fransiýa, Polşa, Awstriýa, Germaniýa, Belgiýa, Gollandiýa, Şweýsariýa, Ispaniýa we beýleki ençeme ýurtlara wekilçilik edýän 72 toparyň düzüminde bolan talyplaryň 300-den gowragy gatnaşdy.

Bu abraýly intellektual bäsleşige özleriniň zehinli ýaş matematiklerini iberen ýurtlaryň şeýle köp sany, olimpiadanyň bäsleşikli ýumuşlarynyň ýokary derejesi oňa gatnaşyjylaryň arasynda örän çynlakaý bäsleşigi döretdi. Türkmen döwlet uniwersitetiniň matematika fakultetiniň algebra we ähtimallyk teoriýasy kafedrasynyň dosenti O.Annaorazow tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän türkmen talyplarynyň toparynyň gazanan üstünligi has hem ähmiýetlidir. Türkmen talyplarynyň umumy toparlaýyn hasabynda iki sany esasy sylaglardan başga iki sany höweslendiriji hat hem bar, olara Y.Jumakulyýew we P.Gurbanow mynasyp boldular.

Däp boýunça ýokary okuw mekdepleriň dürli dersleri boýunça iri halkara ýaryşlaryna gatnaşýan we baýrakly orunlara mynasyp bolýan, türkmen talyplarynyň bu sylaglary milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak hakynda hemmetaraplaýyn alada edýänginiň hem-de ýurdumyzyň bilim ulgamynda geçirilýän uly möçberli özgertmeleriň üstünlikli bolmagynyň ynandyryjy subutnamasydyr.