Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan azerbaýjan halylarynyň taryhyna bagyşlanyp, Baku şäzerinde neşir edilen täze ylmy kitap iki halkyň bozulmaz dostlugynyň nyşany hökmünde türkmen iline sowgat berildi.
Kitapda azerbaýjan zenanlarynyň zehininden dörän halylaryň taryhy, çeperçilik, bezeg aýratynlyklary hem-de milli gymmatlyk hökmünde dünýä medeniýetiniň ösmegine bolan goşandy hakynda gürrüň berilýär. Azerbaýjan halylarynyň bezeg we reňkleriniň sazlaşygy, her bir nagyşlaryň özboluşlylygy taýdan tapawutlanýandygy barada gürrüň berýän bu kitap halyşynaslara, halynyň taryhy bilen gyzyklanýanlara, umuman, giň okyjylar köpçüligine niýetlenendir.
Türkmen halkyna sowgat hökmünde gowşurylan täze, bezegli kitapda halylaryň her bir nagşynda, dürli öwüşginli sazlaşygynda adamlaryň daşky gurşawa bolan oňyn gatnaşygy öz beýanyny tapypdyr. Kitapda bu halylaryň taryhyň dürli döwürlerinde adamlaryň tebigata bolan pelsepewi garaýyşlary açylyp görkezilýär.
Mälim bolşy ýaly, islendik halkyň medeni-taryhy gymmatlygy, zehininden kemal bolýan senetkärçilik ajaýyp sungat eseri bolmak bilen döwürleriň baglanyşygyny dowamata atarýar. Kitapda halylar baradaky hakykaty beýan edýän teswirler, bu halylaryň gölleriniň we beýleki nagyşlaryň türkmen halylarynyňka kybapdaşlygy, doganlyk halklaryň sungatynyň, medeniýetiniň umumylygyndan habar berýär. Neşirde görkezilýän haly nusgalary bu sungatyň gadymylygyna şaýatlyk edýär.