Ï Suratkeşler Köýten daglarynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Suratkeşler Köýten daglarynda

view-icon 1391
Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplary tomusky iş tejribelerini Lebap welaýatynda - tebigatyň ajaýyp künjeginde – ýurduň iň belent daglary we iň çuň gowaklary ýerleşýän ýerinde geçiridiler.


Örän çuňňurlygyndan, ýaşyl begrese bürenip oturan dag jülgelerinden, ondan akýan çeşmeleriň özboluşly owazyndan, bu ýeriniň baýlyklaryndan we owadanlygyndan ylham alyp we ýadawlygy ýatdan çykaryp işlän gelejekki suratkeşler günüň dogýan we ýaşýan pursatlaryna syn etmäge döreýän seýrek gabat gelýän mümkinçiligi elden sypdyrmazlyga çalşyp, uzak günüň dowamynda ýadawsyz işlediler. Iş tejribesiniň bu günleri ýatdan çykmajak günlere, döredijilik gözlegleriniň we açyşlarynyň baýramçylygyna öwrüldi. Talyplar Garlyk gowaklar ulgamynda işlediler, dinozawrlaryň aýak yzlary galan ýerleri bolan belentligiň tebigy peýzažy bilen ýakyndan tanyş boldular, ajaýyp „Kyrk gyz“ gowagynyň nusgasyny çekdiler, Gaýnar baba çeşmesiniň görnüşlerini suratlandyrdylar. Esasan hem Daraýy depe jülgesiniň baý tebigy ösümlikleri, ýurduň günorta-gündogarynyň tebigy botaniki ýadigärligi bolan Unaby tokaýlygy we Köýten obasynyň golaýynda ýerleşýän Gatyköli ýaş suratkeşleri haýran galdyrdy.



Ýaş suratkeşler ata watanyň owadanlygyny beýan etmek bilen, türkmen tomsunyň baý gün şöhlelerini ussatlyk bilen döretmegiň syrlaryny hut tebigatyň özünden öwrendiler. Bu döredijilik saparynyň netijeleri boýunça Çeperçilik akademiýasynda sergi guralar. Has tapawutlanan eserler gözden geçirilişiň eksponaty bolar, şeýle hem dürli bäsleşiklere gatnaşdyrmak üçin hödürlener.