Türkmenistanda gawuna bagyşlanyp milli baýramçylyk geçirilýär. Munuň sebäbi hem özboluşlydyr. Şular ýaly gawunlar dünýäniň hiç bir ýurdunda ýok. Sebäbi türkmen daýhanlary ýaly şeýle tagamly we bejeriji häsiýetli gawunlar hiç bir ýurtda ösdürilip ýetişdirilmeýär.Bu barada taryhy maglumatlarda hem aýdylýar. Türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilen gawunlar patyşalaryň saçagynyň bezegi bolupdyr, gündogar hökümdarlary myhmanlary kabul edenleride iň gymmatly nygmat bolup hyzmat erdipdir.Bu ajaýyp bakja ekinine altyn pul töläp satyn alypdyrlar. Gawundan taýýarlanan kaklary kerwen arkaly dünýäniň çar künjegine äkidipdirler.
1881-nji ýylda Russiýadan we Kawkazdan Türkmenistana ilkinji gezek gelenler türkmen gawunyna ýokary baha beripdirler. Olar türkmen topragynyň yssy howasyny kynlyk bilen geçirip, ýerli ilatyň sagdynylygyna, janypkeşligine we ruhubelentligine haýran galypdyrlar. Türkmen topragynyň täze raýatlary ýyllaryň geçmegi bilen, türkmen halkynyň ýaşaýşa ukyplylygynyň beýleki zatlaradan başga hem wagtyň geçmegi bilen synagdan geçen dogry iýmýtlenmegiň uly ähmiýetiniň bardygyna göz ýetiripdirler. Bu ýerde hem düzüminde witaminlere, mineral duzlaryna, mikroelementlere, glýukoza, saňaroza, pektinlere, karotinlere baý bolan türkmen gawuny hormatly orny eýeleýär. Gawun diňe bir iýmit we suwsuzlugyňy gandyrmak üçin peýdalanylman, eýsem ol adamyň saglygy üçin hem örän peýdalydyr.
Türkmenler gawun etiniň peşew çykaryjy häsiýetiniň bardygyny, ternäniň petiniň iç infeksiýalarynda ulanylýandygyny, gawun çigidiniň ýagynyň bolsa, gan aýlanyş damarlaryny arassalaýandygyny gadymdan bäri bilipdirler. Türkmenler sagdyn gawuny kerwen bilen we öri meýdanlaryna gidenlerinde öz ýanlary bilen äkidipdirler. Ol türkmenler üçin mukaddes bolan çörek ýaly, uzak ýollaryň dowamynda adamlara diňe bir güýç-kuwwat bermän, eýsem öz tagamy bilen şatlyk paýlapdyr.
Türkmenler gawunlara gymmatyna görä baha beripdirler, ony ösdürip ýetişdirmegiň syrlaryny bilipdirler hem-de olary öňünden taýýarlamagy başarypdyrlar.
Zakaspiý oblasty bolan döwründe her sebitiň türkmen obalarynyň bakja ekinlerini öz aýratynlyklary boýynça ekendiklerini we ösdürip ýetişdirendiklerine Türkmenistanyň Merkezi arhiwiniň resminamalary gürrüň berýär. Meslem, Ýölötende, 1882-1890-njy ýyllaryň maglumatlaryna görä, ýagyş suwlary akan ýerlerine gawun çigidini ekipdirler hem-de ösümlik ösüp ýetişýänçä diňe bir sapar suwarypdyrlar, Gyzylarbatda bolsa, ýagyş we gyş garlarynyň suwy ýygnanar ýaly giň çukurklar gazypdyrlar. Ir baharda, howa maýlap ugrandan, bu çukurlaryň töweregine gawun çigidini ekipdirler. Ekinler doly ösüp ýetişýänçä bir sapar hem suwarylmandyr. Tebigy ygallar bilen we günüň şöhlesinden ganan gawunlaryň adatdan daşary süýji tagamy we hoşbo ysy bolupdyr. Dürli obalarad gawun çigdini ekmegiň we olary ideg etmegiň dürli usullaryny bilipdirler, ýöne bakja ekinleri hemme ýerde ösdürilip ýetişdirilipdir. Hasyl ýygnamak işleri ýylyň iň bir yssy günlerine gabat gelipdir. Şonuň üçin hem hasyllary ýygnamak işleri ir säher bilen başlanypdyr.
Türkmen halky gawundan dürli görnüşli azyklyk önümlerini taýýarlapdyrlar. Gawunyň etinden örän süýji we hoşbaý ysly toşap taýýarlapdyrlar. Şeýle hem sök taýýarlapdyrlar: munuň üçin gawunyň goýy toşabyna bugdaý ununy we künji tohumyny goşupdyrlar. Bu önüm 2-3 ýylyň dowamynda iýmit hökmünde ýaramly bolupdyr. Günde guradylan gawuny örüp, marmelad görnüşli kaky alypdyrlar. Kak önümini diňe bir ýerli halk ulanman, eýsem ony daşary ýurtlara hem äkidipdirler. Daýhanlaryň gawunlaryň gyşky görnüşlerini täze hasyla çenli ter görnüşde saklap bilmekleri örän guwandyryjy ýagdaýdyr. Özi hem gawunlaryň bu görnüşleri gyş paslynda saklanýan döwründe öz tagamlaryny barha artdyrypdyrlar.
Bir söz bilen aýdanyňda, Zakaspini öwrenijiler türkmen bakjaçylarynda diňe bir zähmete bolan yhlasy görmän, eýsem olar „Russiýa patyşalygynyň bazarlarynyň iň meşhur önümleriniň biri - türkmen gawuny“ diýip, türkmen daýhanynyň zähmetine ýokary baha beripdirler. Ynha, türkmen gawunlarynyň şöhratyny dabaralandyrýan resminamalaryň birnäçesi. 1891-nji ýylda Moskwada Orta aziýa boýunça geçirilen sergiden hasabat: „Zakaspiý oblastynyň oba hojalygy we ekerançylyk bölüminde sarahs gawunlary, kädileri, el bilen arassalanylan ak we gyzyl pagtalar, pamyklaryň görnüşleri 5 sany altyn medala; 7 sany kümüş medala; 3 sany bürünç medala; taryplaýjy seslenmeleriň 42-ne mynasyp boldy“. 1898-nji ýylda „Zakaspiý oblastyna syndan“: „Zakaspiý oblastynyň bakjaçylygy örän uly ähmiýete eýedir. Gawunlar bu ýerde ýerli ilat üçin azyk önümleriniň esaslarynyň biri bolup durýar. Oblastda gawunlar diňe bir süýjülik bolup durman, eýsem olar adam saglygy üçin bejerijilik häsiýete hem eýedir. Tejen sebitleriniň türkmenleri dürli keselleri bejermekde gawun ternelerini ulanmak bilen, bejerginiň aýratyn ugurlaryny ulanýarlar“. Şol ýerde „Gawunlaryň ýerli görnüşleri ýokary hilliligi, süýjüligi we hoşboý yslylygy bilen aýratyn tapawutlanýar“. 1911-nji ýylda „Zakaspiý oblastyna syndan“: „Ashabad uýezdinde Ashabadyň golaýyndaky obalarda bakja ekinçiligi gowy ösdürilip ýetişdirilýär... Gawunlar we garpyzlar uly ekin meýdanlaryna ekilipdir. Türkmen gawunlary tagamlylyk babatda örän ajaýyp“.