Ï „Balkansyýahat“ syýhatçylyga çagyrýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

„Balkansyýahat“ syýhatçylyga çagyrýar

view-icon 5597
Gündogar täsinligi, Sumbar jülgesiniň ajaýyp künjekleri, Günbatar Köpetdagyň şarlawuklary, nar bagçylygy, üzümçiligi, Balkan daglarynyň medeni-taryhy ýadygärlikleri, Misseriananyň minaralary, gadymy Dehistanyň Maşadata kümmeti, bularyň barysy daşary ýurtly syýahatçylarynyň ünsüni özüne çekýär. Olary Balkan welaýatynyň merkezinde ýerleşýän „Balkansyýahat“ Döwlet syýahatçylyk kärhanasynyň işgärleri myhmansöýerlik bilen garşy alýarlar.


Biziň ýurdumyza gelýän syýahatçylaryň ählisi diýen ýaly, kenar ýakasynyň ajaýyp kenarynda döwrebap mynmanhanalaryň gurulan ýeri bolan “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagy boýunça syýahat edýärler.

Uly Balkan daglarynyň eteginde ýerleşýän welaýat merkezi Balkanabada hem ulu üns berilýär. Adatda bolşy ýaly, onuň bilen tanyşlyk gök baglyga bürenip oturan „Nebitçi“ myhmanhanasyndan başlanýar. Bu ýerde saýaly baglykda dag künjejigi döredilipdir. Bu ýerde edil tebigy şertlerdäki ýaly käkilik ýaşaýar. Özi hem bu owadan guş adamlardan hiç-hili howatyr etmeýär.


Myhmanhananyň alleýalary boýunça haýbatly we buýsançly tawus guşlary syýahatçylar bilen bilelikde gezim edýärler. Şäherden görünýän dag giňişligi dag syýahatçylygynyň muşdaklaryny özüne maýyl edýär. Bu ýere syýahatçylyga gelýänleriň arasynda Uly Balkany öz gözleri bilen görmegi arzuw edýän, onuň deňiz derejesinden 1881 metr belentlikde ýerleşýän Arlan belentligine çykmagy arzuw edýän alpinistler hem az däl. Ýerli taryhy-medeni ýadygärlikler hem bu ýere gelýänleriň ünsüni özüne çekýär. Bu ilkinji nobatda, iň gadymy siwilizasiýanyň ojaklarynyň biri bolan Damdam gowagydyr hem-de dag jynslaryndan gurlan gadymy Daşrabat dag şäherçesiniň ýaşaýyş jaýlarynyň harabaçylygy we kerwen saraýydyr.

Balkan gerişlerinden gaýdýan syýhatçylyk ugry dag eteginde ýerleşýän şypaly tebigy çeşme bolan Garaçagyla alyp barýar. Bu çeşmäniň suwunyň ajaýyp himiki düzümili suwy bütin ýylyň dowamynda 35 gyzgynlyk derejede bolup, ol daýanç-hereketlendiriş ulgamyny, gan aýlanyş ulgamyny, deri we beýleki keselleri bejermekde uly ähmiýete eýedir.


Şeýle hem, uzboýyň gadymy hanasynyň ugrunda ýerleşýän meşhur Mollagara şypahanasy syýahatçylarda uly gyzyklanma döredýär. Ýaňy-ýakynda bu ýerde şypahananyň ak mermere beslenen täze binasy öz gapylaryny giňden açdy. Indi bu ýerde adamlaryň birbada 800-si öz saglyklaryny dikeldip biler. Bu ýeriniň natriý hloryna we sulfatyna, magniýa, demire, brom duzuna we beýleki minerallara baý bolan bejeriş palçygy we şor suwy ýokary bejeriş häsiýete eýedir.

Günbatar Köpetdag, Sumbar jülgesi öz ajaýyp owadanlygy bilen haýran galdyrýar. Bu jenneti künjekde, relikt baglaryň-endemikleriň arasynda köpden bäri ýaşap gelýän tut agaçlary, hoz agaçlarynyň kiçiräk tokaýlygy, nar we beýleki miweli baglar, dag çeşmesiniň kenarynda ösýän ýabany üzümler gabat gelýär. Bu ýerde tebigat bilen ikiçäk galýan her bir ynsan ruhubelenligi, güýç we kuwwat alýar. Açyk howada gurulan palatalarda dynç alýan syýahatçylarda bu ajaýyplyklar ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar.

Öz gözbaşyny gojoman Hazaryň syrly adalaryndan we mawy suwundan alyp gaýdýan syýahatçylyk, Beýik Ýüpek ýolunyň kerwen ýodalaryna birikýän Günbatar Köpetdagyň gerişlerine çenli baryp ýetýär hem-de beýik akyldar Magtymgulynyň şygyrlarynda taryp edilýän subtropik guşaklyk bolan Dehistanyň ýaşyl baýyrlyklaryna alyp gidýär. Demirgazyk-Günorta täze transkontinental halkara demirýolunyň ulanylmaga berilmegi bilen, „Awaza“ Milli syýahatçylyk zolagynyň mundan beýläk hem ösdürilmegi bilen Türkmenistanda syýahatçylyk milli ykdysadyýetiň iň bir girdejili pudagyna öwrüler.

„Balkansyýahat“ Döwlet syýahatçylyk kärhanasynda we onuň Türkmenbaşy şäherindäki bölüminde ýurdumyz boýunça hem, daşary ýurtlar boýunça hem gyzykly syýahatçylygy guramak we geçirmek üçin ähli şertler döredilendir. Ýurduň içi boýunça guralýan syýahatçylyk, esasan hem, taryhy we ülkäni öwreniş häsiýete eýedir we Dehistanyň, Köneürgenjiň, Merwiň, Köýtendagyň we beýleki gadymy şäherleriň taryhy ýadygärlikleri bilen tanyşdyrýar. Ýurdumyzyň syýahatçylaryna BAE, Hytaýa, Taýlanda, Russiýa, Belarusa, Ukraina we beýleki ýurtlara syýhat etmeklik hödürlenilýär. Şeýle ýurtlaryň hatary ýylsaýyn giňeýär. Syýahatçylyk firmalary bilen ýakyn aragatnaşyklar saklanylýar, halkara syýahatçylyk ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlyklar ýola goýulýar.