Ï Durmuşa saz bilen!
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Durmuşa saz bilen!

view-icon 1099
Ýurdumyzyň ýokary we ýörite orta okuw mekdepleriniň giriş synaglarynyň başlanmagyndan bir hepde geçenden soň Türkmenistanyň döredijilik ýokary okuw mekdepleri bolan Türkmen Milli konserwatoriýasynyň, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik Akademiýasynyň talyplarynyň ady belli boldy.

Ondan soňra, Türkmenistanyň Daşary işler ministirliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň hem-de Halkara Türkmen-Türk uniwersitetiniň dalaşgärleri üçin synaglar tamamlandy. 17-nji awgustda S.Seýdi adyndaky Türkmen Döwlet mugallymçylyk instituty hem-de Türkmen oba hojalyk instituty 1-nji ýyl talyplaryny alanlygy barada hasabat bererler. Beýleki raýat okuw mekdeplerinde giriş synaglary täze okuw ýylynyň başlanmagynyň bir hepde öň ýanynda tamamlanar.

Şu günki günde 32 sany orta hünärment mekdepleriniň täze okuwa giren talyplarynyň tolgunmalary yzda galdy. Olaryň sany alty müňden gowrak bolup üç esse diýen ýaly geçen ýylky görkezijiden ýokary bolup durýar. Orta hünärment mekdebiniň talyplarynyň sanynyň köpelmegi, ýaňy ýakynda açylan bäş sany täze mekdebiň hem-de täze hünärleriň açylmagy netijesinde amala aşyryldy.

Täze hünärment mekdepleri talyplara 45 sany hünär hödürleýärler,jemi bolsa olaryň sany iki ýüzden artykdyr.

Türkmen Milli Konserwatoriýasy ilkinjileriň hatarynda birinji ýyl talyplaryň mynasyplarynyň saýlanandygy barada habar berdi. Düýnki dalaşgäleriň 120-si talyplyga kabul edildi. Adatça bolşy ýaly Türkmen Milli konserwatoriýasynyň talyplygyna ýörite orta döredijilik mekdepleriniň,döwlet derejisindäki «Türkmеniň Altyn asyry», «Ýaňlan Diýarym!», «Garaşsyzlygyň Mеrjеn dänеlеri» bäsleşikleriň ýeňijileri kabul edildi.

Şu ýyl ilkinji gezek Türkmen Milli Konserwatoriýasynyň hünär işleriniň çäklerinde “Açyk gapylar ” günlerinde ýörite sazçylyk we sungat mekdepleriniň uçurumlary üçin geçiren bäsleşiginiň netijesi boýunça ýeňiji bolan dalaşgäleriň ählisi diýen ýaly ilkinji ýylyň talyby diýen ada mynasyp boldular.