Ï Medeniýet ulgamynyň wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Medeniýet ulgamynyň wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 851
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýykda Türkmenistanyň medeniýet ministrliginde döwlet Baştutanymyzyň Ministrler Kabinetiniň geçen mejlisinde bu ulgamyň tşgärleriniň öňünde goýan wezipeleriniň üstünlikli çözülmegine bagyşlanan maslahat geçirildi.

Oňa hökümet agzalary, medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary, döredijilik toparlaynyň wekilleri, žurnalistler, şahyrlar we ýazyjylar, kompozitorlar, teatr we kino işgärleri, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, muzeýleriň, kitaphanalaryň, medeniýet merkezleriniň we medeni-aň-bilim kärhanalarynyň işgärleri gatnaşdylar. Olar milli Liderimiziň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça durmuşa geçirilmeli möhüm çäreleriň maksatnamasyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň aýratyn üns we goldaw bermegi netijesinde ýurdumyzyň medeniýet ulgamy öz ösüşinde kuwwatly itergä eýe boldy. Şeýle hem häzirki döwürde ulgamyň işgärleriniň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär. Milli Liderimiziň öň süren wezipeleriniň derwaýyslygyny bellemek bilen, maslahata gatnaşyjylar berkarar döwletiň batyýarlyk döwrüniň kämil ideologiýasynyň kemala gelmeginde möhüm orny eýeleýän medeniýet işgärleriniň öňünde durýan wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde täzeçe döredijilik gözlegleriniň we oňyn çemeleşmeleriniň zerurdygyny nygtadylar.

Häzirki döwürde medeniýet işgärleriniň öňünde döredijilik we hünär ösüşi babatda hem-de öz-özüňi açyp görkezmekde giň mümkinçilikler emele gelýär. Şunuň ýaly mümkinçilikleriň netijeli peýdalanylmagy döwlet Baştutanymyzyň türkmen jemgyýetinde amala aşyrylýan oňyn özgertmelerini dolulygyna açyp görkezmek, biziň ýurdumyzyň gazananlaryny we üstünliklerini wagyz etmek boýunça öňde goýan wezipeleriniň netijeli çözülmegini şertlendirer diýip, maslahata gatnaşyjylar bellediler. Öňde goýlan maksatlary gazanylan üstünlikler has-da artdyrmak bilen, türkmen halkynyň häzirki döwrüň nobatdaky belentliklerine bolan meýilleriniň artýandygyny görkezmek medeniýet işgärleriniň paýyna düşýär.

Ýurdumyzda soňky aýlaryň dowamynda birnäçe şanly wakalar, ýagny dürli festiwallar we bäsleşikler, şol sanda halkara derejesindäki çäreler geçirildi. Oňa diňe bir ýurdumyzyň sungat ussatlary däl, eýsem, ýaşajyk zehinler hem-de daşary ýurtlaryň medeniýet we sungat işgärleri hem gatnaşdylar. Medeniýet we sungat işgärleri, döredijilik toparlarynyň wekilleri öz gezeginde daşary ýurtlarda Türkmenistana mynasyp wekilçilik etmek bilen, halklaryň ýakynlaşmagyny, medeniýetleriň özara baýlaşmagyny, dostlukly gatnaşyklaryň has-da pugtalanmagyny şertlendirýärler. Mary şäheriniň 2012-nji ýylda GDA-nyň medeni paýtagty diýlip ykrar edilmeginiň çäklerinde birnäçe medeni çäreler durmuşa geçirildi.

2012-nji ýylyň 15-16-njy oktýabrynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän goňşy ýurtlar bilen dostluk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge we pugtalandyrmaga Arkalaşygyň çäklerinde ynsanperwerlikli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge we netijeli gatnaşyklaryň oňyn guralyny döretmäge gönükdirilen GDA agza döwletleriň döredijilik we ylmy ulgamlarynyň işgärleriniň VII maslahatyna taýýarlyk görmek hakyndaky meseleler şu günki maslahatyň esasyny düzdi. Mälim bolşy ýaly, Ministrler Kabinetiniň 17-nji awgustda geçirilen maslahatynyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli Karara gol çekdi.

Maslahatyň barşynda milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça halkara forumyny ýokary guramaçylyk derejesinde üstünlikli geçirmek maksady onuň many-mazmunyny baýlaşdyrmak we guramaçylyk ugurlary bilen baglanyşykly meseleler toplumyna seredildi. Hususan-da, maslahatyň açylyş dabarasynyň çäklerinde GDA gatnaşyjy döwletleriň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça geňeşi hem-de Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasy tarapyndan ýaş döredijilik we ylmy işgärlerine goldaw bermek esaslandyrylan “Arkalaşygyň debýutlary” halkara baýraklaryny gowşurmak meýilleşdirilýär.2012-nji ýylyň GDA agza ýurtlarynda sport we sagdyn durmuş ýyly diýlip yglan edilmegini nazarda tutup, bu halkara baýragyny almaklyga şu ýyl şu ugurlaryň ýaş hünärmenlerini hödürlemek makul bilindi.

Maslahatyň bölümler boýunça mejlislerinde GDA-nyň agza ýurtlarynyň ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň ösüş strategiýasy, 2013-nji ýyl GDA-da ekologiýa medeniýeti we daşky gurşaw ýyly, GDA-da maglumat giňişliginiň medeni mirasy, ylymda we innowasiýada ýaşlar hyzmatdaşlygy ýaly meselelere garamak göz öňünde tutulýar. Maslahatyň gün tertibine halkara ynsanperwer çärelerini geçirmekde Türkmenistanyň tejribelerini ara alyp maslahatlaşmak hem girizildi. Aýratyn bölüm Arkalaşygyň ýurtlarynyň medeni aň-bilim merkezi hökmünde "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyna bagyşlanar. Maslahata gatnaşyjylar üçin baý medeni maksatnama göz öňünde tutulypdyr.

Şeýle hem şu günki geçirilen maslahatda 2013-nji ýylyň iýunynda Balkan welaýatynda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça Medeniýet hepdeligini geçirmäge görülýän taýýarlyk hakynda aýratyn gürrüň boldy. Bpellenilişi ýaly, onuň çäklrinde döredijiik bjäsleşikleri, sergileri, maslahatlary, folklor çykşylaryny, şeýle hem daşary ýurtlaryň belli artistleriniň gatnaşmagynda gala-konserti geçirmek meýilleşdirilýär. Ministrler Kabinetiniň geçen gezekki mejlisinde milli Liderimiz "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda Medeniýet hepdeligini geçirmek hakyedaky Kararyň taslamasyny tassyklady we bu çäräniň türkmen toýuna kybap ýokary derejede geçirilmegi babatda anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, öňde boljak medeni çäre türkmen halkynyň berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe bitewiligini we agzybirligini hem-de ägirt uly döredijilik mümkinçiliklerini beýan etmelidir.

Öňde goýlan meýilnamalary ýerine ýetirmekde gazanylýan her üstünlik täze taryhy eýýamda giňden ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriniň netije berýändiginiň nobatdaky subutnamasy bolmak bilen çäklenmän, eýsem ol ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň, ýazyjylarynyň, žurnalistleriniň, suratkeşleriniň we kompozitorlarynyň öňünde täze dredijilik wezipelerini goýmalydyr.

Maslahata gatnaşyjjlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ulgamyň ösdürilmegi ugrunda edýän yzygiderli aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwdet Baştatunymyzyň milli medeniýetmizi hil taýdan täze derejä çykarmak we berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüni ägirt uly döredijilik üstünliklerine beslemek babatda öňde goýan tabşyryklaryny ýerine ýetirmek ugrunda ähli güýç-gaýratlaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.