Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynda giriş synaglary jemleýji tapgyra gadam basdy.
Lebap, Balkan, Mary we Ahal welaýatlarynyň wekilleri üçin synag tolgunmalarynyň ählisi eýýäm yzda galdy. 24-nji awgusta çenli dowam etjek synaglaryň soňky tapgyrynda birinji ýyl talyp diýen hukugy almak ugrunda Aşgabat şäheriniň we Daşoguz welaýatynyň dalaşgärleri bäsleşerler.
Bu institut öz okuw ugurlarynyň sekizisi boýunça: awtoulaglary ulanyş, howa ulagynyň ulanylşy, demir ýol ulagynyň hereket edýän düzüminiň ulanyş we abatlaýyş, suw ulagynyň ulanylşy, aragatnaşyk we teleradiokommunikasion ulgamy, gurluşyk, pudagyň kärhanalarynyň ykdysadyýeti we dolandyrmak, kompýuter tehnologiýalary ýaly hünärleriň ýigrimisini teklip edýär.
Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň kabul ediş toparynyň jogapkär kätibi B.Töräýewiň belleýşi ýaly, şu ýyl bir orun üçin üç dalaşgär bäsleşýär.
Ulag we aragatnaşyk institutynyň şäherçesinde Belarusyň ýokary we orta ýörite okuw mekdepleriniň 26-sy üçin birinji ýyl talyplaryny seçip-saýlamak işleri guraldy.
Testirleme we söhbetdeşlik, soňra seçip-saýlamak görnüşinde, özi hem belarusly mugallymlaryň gatnaşmaklarynda, geçiriljek giriş synaglary, 23-27-nji awgust aralygynda geçiriler. Belarusyň okuw mekdeplerine resminamalary kabul etmeklik bolsa, 21-nji awgustda tamamlanar.
Şu ýyl biziň ýurdumyzyň ýaş wekilleriniň müňden gowragy Belarusda okaýan türkmen talyplarynyň sanawynyň üstüni ýetirer.