Ï Keçeleriň owadan reňkleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Keçeleriň owadan reňkleri

view-icon 840
„Türkmenhaly“ Döwlet paýdarlar korporasiýasynyň Aşgabatdaky Haly muzeýinde owadan keçeleri döredýän zenanlaryň bäsleşigi geçirildi. Keçeler öz bezeg aýratynlyklary boýunça halylardan pes durmaýar.


Türkmenistanyň Zenanlar guramasy we „Türkmenhaly“ Döwlet paýdarlar korporasiýasy tarapyndan guralan bu bäsleşigiň maksady bu sungaty ýaýratmakdan, amaly-haşam sungatynyň eseri hökmünde, bejeriş häsiýetini, gyşyň sowuk günlerinden goraýan keçäniň köpugurly peýdasyny we ähmiýetini döwürdeşlerimize görkezmekden we düşündirmekden ybarat boldy.

Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda we paýtagtymyzda geçirilen sebitleýin bäsleşikleriň ýeňijilerinden ybarat bolan alty topar gatnaşdy. Emin agzalaryna we bu ýere gelen tomaşaçylara keçäni öndürmek üçin ulanylýan serişdeler: örülen gamyş, ýüň darak we soňunda keçeleriň gülüne öwrülýän dürli reňklere boýalan ýüň görkezildi.


Kece döredýän ussatlar 25 minudyň içinde milli nagyşlar bilen bezelen keçeleri döretmegi başardylar. Şeýle keçeleriň bezegleri ýüz ýyllyklaryň dowamynda kämil derejä eýe bolupdyr.

Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, bäsleşige gatnaşyjylar öz ýaşaýan ýerleriniň aýdymlary, tanslary we şorta sözleri bilen çykyş etdiler. Bäsleşige gatnaşanalar öz dakynan şaý-sepleriniň näzik seslerini ýaňlandyryp, tans etdiler, halk aýdymlaryny aýtdylar, meşhur rowaýatlary aýdyp berdiler. Her bir folklor çykyşynyň bezegi bolan küşt depdi tansy ýurdumyzyň ähli künjeginden bäsleşige gelenleri bir halka-da ýygnady.


Bäsleşigiň jemleri boýunça 3-nji orna Mary welaýatynyň wekilleri, 2-nji orna Balkan welaýatynyň wekilleri, 1-nji orna Daşoguz welaýatynyň wekilleri mynasyp boldular. Iň ýokary baýragy bolsa kompozision we nagyş bezegleriniň aýdyňlygy bilen hem-de bäsleşigiň şertlerini ýerine ýetirmekde çalt we ýokary hilli ýerine ýetirendikleri, şeýle hem döredijilik bäsleşiginde keçe baradaky iň gyzykly rowaýaty aýdyp berendigi üçin Ahal welaýatynyň ussat zenanlary mynasyp boldular. Olara we beýleki bäsleşige gatnaşyjylara ýadigärlik sowgatlary we gymmat bahaly sylaglar gowşuryldy.