Ï Türkmen Bonsaýy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen Bonsaýy

view-icon 1853
Türkmenistanyň Tebigaty goramak minstrliginiň Tokaý hojalygy müdirliginde Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň taslamasynyň çäklerinde „bonsaý“ sungatyny ornaşdyrmak boýunça täsin synag geçirildi.

Giň penjiräniň ýanynda ýanaşyk oturdylan „ýaşyl miniatýuralar“ her günde ideg edilmegini, aýratyn mikroklimaty, ýörite endikleri talap edýär. Flora sungaty bolan bonsaý biziň ýurdumyza Ýaponiýadan geldi.


Türkmen hünärmenleri däp boýunça, bu maksatlar üçin peýdalanylýan ýapon ösümliklerinden başga hem, biziň howa şertlerimize uýgunlaşan ýerli ösümlikleri hem synagdan geçirýärler. Bu ýerde bary-ýogy 130 sany ösümlik bolup, olaryň 25-30 gňrnüşi bardyr. Olar aýratyn, uly bolmadyk küýzejiklerde oturdylypdyr. Olar türkmen arçasy, wýaz, tut agajy, garagaç, dub, injir ýaly baglardan ybaratdyr. Bu ýerde seýdek we fikus Benjamin we onuň dürli görnüşleri özlerini has hem gowy duýýarlar. Özleriniň töwerege ýaýraýan şahalary we barha ýognaýan sütüni bilen bu ösümlikler bu ýerdäki şeýle baglaryň üstüni ýetirýär.


Her ýylyň güýz paslynda pürli we ýaprakly baglar bu ýere uýgunlaşmadyk baglaryň ýerine ekilýär. Synag geçirmek üçin baglar Tebigaty goramak ministrliginiň şitilhanasyndan getirilýär. Olar düzgün bolşy ýaly, bonsaýyň öňünde kiçelmek üçin biologiki häsiýetini üýtgetmäge taýýar seýrek duş gelýän ýüzden hem gowrak ösümlikdir. Şu ýyl bagbanlar ekzotiki ýolka agajyny, tuýa, gawun bagyny,, şeýle hem hytaý roza gülüni ýa-da gibiskusy synagdan geçirmegi göz öňünde tutýarlar. Şu ýylky güýz bag ekişligi üçin toprak, gerek bolaýjak goşundylar, organiki dökünler, şeýle hem garagumyň çägesi, çagyl, ýonuşga, gaplar üçin mikroelementleriň ýygyndysy taýýar edildi. Sebäbi gülüň her bir görnüşi üçin topragyň şahsy düzümi taýýar edilýär.


Türkmen botanikaçylarynyň täze tejribeleri bilen tanyşmak üçin bu ýere oba hojalyk hünärmenleri, oba hojalygy boýunça bilim berýän ýokary okuw mekdepleriniň, Magtymguly adyndaky TDU talyplary gelýärler. Bonsaý toplumynyň bir bölegi daşky gurşawy goramak bilen baglanyşykly belli senelere bagyşlanyp geçirilýän sergilere gatnaşdyrylýar.