Ï Döredijilik işleriň gözden geçirilişi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döredijilik işleriň gözden geçirilişi

view-icon 754
Şu günler Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýanyndaky döredijilik sergileri dolandyryş müdirliginiň sergiler zalynda suratkeşleriň eserleri sergilendi. Bu sergi Türkmenistanyň Prezidentiniň sungat edebiýat medeniýet işgärleriniň we zehinli çagalaryň arasynda ýylda geçirilýän bäsleşigine saýlama tapgyrynyň çäklerinde geçirilýär. Däp bolşy ýaly bu bäsleşik Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň bellenilýän günlerinde jemlenýär.


Abraýly döredijilik bäsleşiginde türkmen şekillendiriş sungatynyň wekilleri- suratkeşler heýkeltaraşlar keramikanyň ussatlary öz işleri bilen gatnaşýarlar. Bu ýerde Daşoguzdan gelen K. Turaýewiň peýzažlaryny we natýumortlaryny D.Rejepowyň heýkellerini (Balkan) Gülnabat Ataýewanyň suratlaryny (Mary welaýatyny) Solmaz Muhammedowanyň (Aşgabat) keramiki eserlerini görüp bolar. Döredijilik eserleriniň eýeleriniň ýaşy barada aýdanymyzda tejribeli suratkeşler bilen birlikde ýaşlar hem bu sergä gatnaşýar. Olaryň arasynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uçurumy Bahar Şadurdyýewany mysal getiip bolar.