Şu gün, 1-nji sentýabrda biziň ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni giňden hem-de dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär, bu gün berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze okuw ýyly başlanýar.
Ilkinji güýz güni berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parahatsöýüjilikli, ynsanperwer içeri we daşary syýasatynyň dabaralanmagyna bagyşlanylan bir bitewi sapagyň geçirilmegine beslener. Şeýle hem däp bolşy ýaly, mugallymlaryň awgust maslahatlary we mekdebe çenli hem-de umumybilim berýän orta okuw mekdepleriniň işgärleri üçin maslahatlar, şeýle hem binagärlik açylyşlarynyň uly tapgyry, Watanymyzyň welaýatlarynda bilim ulgamynyň täze häzirki zaman desgalarynyň açylyş dabaralary bolup geçdi.
Dabaraly çäreler awgustyň üçünji ongünlüginde badalga aldy, Lebap welaýatynyň Serdarabat etrabynyň “Guşçular” geňeşliginiň Guşçylar obasynda we Galkynyş etrabynyň “Goýnuk” geňeşliginiň Goýnuk obasynda çagalar baglarynyň işgärleri jaý toýuny tutdular. Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäherinde bolsa 640 orunlyk täze umumybilim berýän mekdep açyldy, Görogly etrabynyň “Ýagtylyk” geňeşliginiň Gumlydepe obasynda 320 orunlyk häzirki zaman mekdebi ulanylmaga berildi. Täze okuw ýylynyň başlanmagynyň öňüsyrasynda Ahal we Mary welaýatlarynda hem desgalaryň açylyşlary baýram edildi.
Şu günki baýramçylyga – Bilimler we talyp ýaşlar gününe çenli täze bilim desgalaryny ulanmaga bermek hakykatda, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda dowam etdi. Umuman alnanda, Watanymyzyň dürli künjeklerinde ýerleşen täze bilim edaralarynyň otuza golaýy çagalar baglarynda terbiýelenýänler, orta umumybilim berýän mekdepleriň okuwçylary we ýokary okuw mekdepleriň talyplary üçin ilkinji gezek öz gapylaryny giňden açdy. Täze desgalaryň arasynda Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynda we Mary welaýatynyň dolandyryş merkezinde açylan sport mekdepleri hem bar.
Ozal bellenip geçilişi ýaly, täze bilim edaralaryny ulanmaga bermek mynasybetli dabaralar bilen bir wagtyň özünde ýurdumyzyň hemme ýerinde bilim işgärleriniň däp bolan awgust maslahatlary geçirildi, olaryň gün tertibine geçen okuw ýylynda işleriň jemini jemlemek bilen bir hatarda, bilim bermegiň hilini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak hem-de türkmenistanlylaryň ýaş neslini sazlaşykly ösdürmegiň wezipeleri bilen baglanyşykly örän möhüm meselelere garaldy.
Mugallymlaryň duşuşygy bilim işgärleriniň usulyýet maslahatlaryny hem-de amaly seminarlaryny geçirmäge aýratyn watançylyk häsiýetini berdi, şol duşuşyk Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasyndaky Berdimuhamet Annaýew adyndaky 27-nji orta mekdepdäki Döwlet okuw-usulyýet merkezinde geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Ahal welaýatynyň häkimliginiň bilelikdäki başlangyjy bilen geçirilen “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesle dünýä derejesinde bilim we döwrebap terbiýe bermek bilim işgärleriniň möhüm wezipesidir” diýen ylmy-amaly maslahat ýurdumyzyň Milli bilim instituty tarapyndan guraldy.
Maslahata gatnaşyjylar milletiň Lideriniň ilkinji nobatda Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlara, ýurdumyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagynyň özenine gazanylan üstünlikleri milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň dürli ugurlarynda berkitmäge bagyşlanylan kitaplarynyň aň-bilim-terbiýeçilik ähmiýetini aýratyn nygtadylar.
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi Bilimler we talyp ýaşlar gününe bagyşlap, paýtagtymyzyň “Parahat” medeni-dynç alyş merkezinde baýramçylyk çäresini gurady, ony ýaş zehinleriň çykyşlary bezedi.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Demokratik partiýanyň Syýasy geňeşiniň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň howandarlygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti maslahatlary geçirmegiň merkezine öwrüldi, şol maslahatlaryň şygary biziň ýurdumyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagy hakyndaky aladany öz üstüne almaga ukyply ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamagyň möhüm wezipelerini kesgitleýär.
Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň Bilim ministrligi Aşgabat şäheriniň häkimligi bilen bilelikde Saglyk ýolundan däp bolan dabaraly ýörişi gurady, ol ýene-de bir gezek türkmenistanlylaryň beden taýdan işjeň we sagdyn durmuş ýörelgesine ygrarlydygyny görkezdi.
Baýramçylyk dabaralarynyň jemlenmegi ýurdumyzda şu gün – täze okuw ýylynyň ilkinji gününde bolup geçer.
Ýurdumyzyň täze ýokary okuw mekdebiniň – Türkmen döwlet nebit we gaz institutynyň talyplaryna we mugallymlaryna goşa baýramçylyk garaşýar, olar 1-nji sentýabrda ýokary okuw mekdebiniň şäherçesinde öz okuw mekdebiniň açylyş dabarasyny belläp geçerler. Ol täze taryhy eýýamda ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ýene-de bir ajaýyp nyşanyna öwrüldi.
Şu gün bilim ulgamynda täze desgalaryň açylyşy bütin ýurdumyzda täze okuw-bilim edaralarynyň ulanmaga berilmeginiň şanyna dabaralar bilen dowam eder. Paýtagtymyzda degişlilikde 160 we 600 orunlyk täze çagalar bagy hem-de umumybilim berýän orta mekdep açylar. Ahal welaýatynyň Baharly etrabynyň “Mürçe” geňeşliginiň Mürçe obasynda 620 orunlyk, Tejen şäherinde 940 orunlyk umumybilim berýän orta mekdepler ulanmaga berler. Balkan welaýatynyň Serdar şäheriniň mekdep okuwçylary hem 600 orunlyk täze mekdebi sowgat alarlar. Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň “Hasyl” geňeşligindäki täze mekdep oba ýaşlary üçin uly sowgat bolar.
Şu gün, 1-nji sentýabrda bu baýramçylyga bagyşlanan sergilere baryp görýänler hem-de sahnalaşdyrylan çykyşlaryň tomaşaçylary aýratyn ruhubelentlik duýgulary başdan geçirerler.
Şu gün paýtagtymyzyň “Türkmenistan”, “Watan”, “Aşgabat” kinokonsert merkezleri dabaralaryň merkezleri bolar, şol ýerlerde Medeniýet, Bilim ministrlikleri, şeýle hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň we Aşgabat şäheriniň häkimligi tarapyndan guralan baýramçylyk çäreleri geçiriler. Zehinli artistler, esasan talyp ýaşlar bu ýerde konsert maksatnamasy bilen çykyş ederler.
Bilimler we talyp ýaşlar gününe bagyşlanylan beýleki ençeme çäreler hem meýilnamalaşdyryldy. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasyndaky Berdimuhamet Annaýew adyndaky 27-nji orta mekdep ýurdumyzyň mugallymlarynyň nobatdaky duşuşýan ýerine öwrüler. Bu ýerde Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Demokratik partiýasynyň Syýasy geňeşi we Ahal welaýatynyň häkimligi tarapyndan bilelikde watançylyk çäresi—“Watanyň wepaly ogly Mälikguly Berdimuhamedowyň tutuş ömrüniň işi ýaş nesli terbiýelemekde nusgalyk görelde mekdebidir” atly maslahat geçiriler.
Hünäri boýunça mugallym, harby işgär we taryhçy-usulyýetçi bolan, oba mekdebiniň mugallymyndan ýokary serkerde derejesine çenli şöhratly ýol geçen Mälikguly Berdimuhamedowyň ömrüne we işine bagyşlanylan ylmy-resminamalaýyn neşir maslahata gatnaşyjylaryň, esasan hem talyplaryň üns merkezinde bolar. Giň okyjylar köpçüligine niýetlenilen kitap örän peýdalydyr we çuň aň-düşünje berýär, türkmen döwletiniň Baştutanynyň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň ömrüniň hem-de işiniň aýdyň mysalynda ýaşlary watançylyk, zähmet we ahlak taýdan terbiýelemekde bu ajaýyp kitabyň ähmiýeti bardyr.
Şeýle hem Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde watançylyk çäresi -- “Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserlerinde milli edep-terbiýe ýörelgeleriniň beýan edilişi” atly maslahat bolar.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guraljak kompýuter taslamalary boýunça mekdep okuwçylarynyň IV halkara olimpiadasy hem sentýabrda geçiriljek çärelerde aýratyn waka bolar. Şeýle hem ata Watanymyzyň welaýatlarynda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň we umumybilim berýän orta mekdepleriň birnäçesi ulanmaga berler.