Ï Milli Liderimiziň durmuş syýasatymyzyň täze ädimleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Milli Liderimiziň durmuş syýasatymyzyň täze ädimleri

view-icon 4513
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň özgertmeleri: sport ulgamy

Ýurdumyzyň döwlet dolandyryş düzümini yzygiderli döwrebaplaşdyrmak, milli Liderimiziň başlangyjy boýunça häzirki wagtda Türkmenistanda amala aşyrylýan möhüm özgertmeleriň syýasy, ykdysady we durmuş ugurlary babatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetini ýatyrmak hem-de iki sany özbaşdak düzümi-Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetini we Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetini döretmek hakyndaky çözgütleriniň ähmiýeti örän uludyr.

Ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we durmuş ulgamlarynda gazanýan üstünlikleriniň yzygiderli artmagy döwletiň we jemgyýetiň ileri tutulýan düzümlerini okgunly ösdürmäge mümkinçilik berýär. Işe hut şeýle çemeleşilmegi biziň halkymyzda berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne bolan buýsanjyny has-da artdyrýar. Onuň ägirt uly döredijilik kuwwaty Türkmenistanyň Prezidentiniň şu çözgüdinde hem öz aýdyň beýanyny tapýar. Bu çözgüt döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty, şeýle hem ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň belent derejesi bilen şertlendirildi.

Sport ulgamynda düzümleýin özgertmeler barada anyk aýdylanda bolsa, milli Liderimiziň bu ulgamdaky oýlanyşykly we öňdengörüjilikli syýasatynyň döwlet Baştutanymyzyň ilkinji günlerden amala aşyryp başlan giň möçberli özgertmeler işinde öz aýdyň beýanyny tapandygyny bellemelidiris. Örän gysga döwrüň içinde Aşgabatda iri sport desgalary—Olimpiýa suw-sport toplumy, Milli olimpiýa sport köşgi, Sportuň gyşky görnüşleri boýunça sport toplumy, 20 müň orunlyk köpugurly “Aşgabat” stadiony, welaýatlaryň merkezleriniň her birinde 10 müň orunlyk häzirki zaman stadionlary, döwrebap atçylyk sport toplumlary we beýleki sport desgalarynyň onlarçasy guruldy.

Häzirki wagtda sport bilen meşgullanmak bilen isleýänler üçin ähli şertler döredildi. Indi olar sportuň islendik görnüşi bilen meşgullanyp bilýärler. Biziň güneşli ýurdumyz üçin adaty bolmadyk sportuň buzda typmak we hokkeý ýaly görnüşleri hem giňden ýaýradylýar. Bir mahallar täsin bolup görünýän, häzir bolsa sportuň adaty görnüşine öwrülen Gündogaryň başa-baş söweş sungaty ýaşlaryň arasynda uly meşhurlyga eýe boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary we giňden wagyz edijisi bolmak bilen, özüniň beden taýdan örän sagdyndygyny görkezip, ýaşlara görelde bolýar. Munuň özi, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň ilatynyň sport ýaryşlaryna giňden çekilmegine ýardam edýär. Türkmenistanlylaryň müňlerçesi-dürli pudaklaryň, ministrlikleriň we edaralaryň işgärleri, orta we ýokary okuw mekdepleriniň okuwçylary milli Liderimiziň çagyryşyna seslenip, her ýyl “Türkmenistan—ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly Umumymilli spartakiýada işjeň gatnaşýarlar.

2009-njy ýylyň aprel aýynda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi halkara sport hereketiniň öňünde bitiren hyzmatlaryny nazara almak bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Hormat Ordeni bilen sylaglady.

Sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, ýaşlary sporta giňden çekmek maksady bilen, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň ýörite Karary bilen 2012-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan gije-gündiz işleýän sport teleýaýlymyny döretdi. Şunuň netijesinde türkmenistanlylar ilkinji gezek göni ýaýlymda ýylyň iň esasy ýaryşlaryny, futbol boýunça Ýewropa çempionatyny we Olimpiýa oýunlaryny göni ýaýlymda tomaşa etmäge mümkinçilik aldylar. Munuň özi ýokary netijeler sportuny giňden wagyz etmegiň täsirli mysallarynyň birine öwrüldi.

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň kuwwatly sport düzüminiň çalt kemala getirilýändigini aýtmak bilen, ýurdumyzyň günbatar sebitinde, Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň beýleki köp sanly desgalarynyň hatarynda uzynlygy 7 kilometre barabar bolan gämi ýüzýän derýanyň ulanylmaga berlendigini hem bellemelidiris. Şol derýada eýýäm baýdarkada we kanoede küreklemek býounça milli derejedäki ýaryşlar geçirildi. Sportuň şu görnüşleri boýunça halkara ýaryşlarynyň geçiriljek günleri hem indi daşda däl.

Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatda işjeň we yzygiderli durmuşa geçirilýän syýasat biziň ýurdumyza iri halkara sport ýaryşyny-ýapyk binalarda we söweşjeň sungat boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek hukugyna eýe bolmaga mümkinçilik berdi. Aziýa Olimpiýa geňeşiniň çözgüdi boýunça şol sport ýaryşy 2017-nji ýylda Aşgabatda we Orta Aziýa sebitiniň taryhynda ilkinji gezek geçiriler. Bu giň möçberli sport bäsleşigi täsin Olimpiýa şäherçesinde guralar. Şol şäherçäniň gurluşygy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça iki ýyl mundan ozal başlandy.

Sebitde deňi-taýy bolmadyk bu ägirt uly toplum biziň ýurdumyzyň täze sport belentliklerine ymtylmasynyň aýdyň nyşanyna öwrüler. Onuň düzümine Halkara olimpiýa komitetiniň talaplaryna laýyklykda enjamlaşdyrylan 30-dan gowrak desga girer. Olaryň hatarynda üsti ýapyk we açyk suw toplumlary, welotrek, sportuň oýnalýan görnüşleri we gimnastika, göreşiň ähli görnüşleri, agyr atletika, fehtowaniýe we boks, bouling, badminton we stoluň üstünde oýnalýan tennis üçin üsti ýapyk arenalar, tennis korty, paralimpiýa merkezi, türgenleşik zallary, şeýle hem köp sanly beýleki desgalar bar. Bu ýerde zerur bolan düzüm dörediler, şol sanda ýaşamak üçin niýetlenen binalar, medeni we söwda merkezleri, myhmanhanalar, maglumatlar merkezi we beýlekiler gurlar.

Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň sport ulgamyny düýpli kämilleşdirmäge, bedenterbiýäni giň gerimde ösdürmäge mümkinçilik berer, hemmetaraplaýyn ösen nesli terbiýeläp ýetişdirmäge, ýokary hünärli türgenleri we halkara derejesindäki ýygyndy toparlary taýýarlamaga ýardam eder. Bu şäherçäniň ýokary derejede enjamlaşdyrylmagy bolsa Aşgabatda islendik derejedäki ýaryşlary geçirmäge mümkinçilik berer.

Şu ýylyň maý aýynda 2012-2016-njy ýyllarda Türkmenistanda sporty ösdürmek we ýokary hünärli türgenleri taýýarlamak baradaky umumydöwlet maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky Karara gol çekilmegi berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda sporty goldamaga we ilatyň saglygyny berkitmäge. Ösüp gelýän nesli sporty söýmek ruhunda terbiýelemegiň bitewi ulgamyny döretmäge, şeýle hem türkmen milli sportuny dünýä derejesine çykarmak üçin hukuk, guramaçylyk we maddy-enjamlaýyn esaslary döretmäge gönükdirilen döwlet ähmiýetli höweslendiriş çäresi boldy.

16-njy awgustda ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk we medeniýet toplumlaryny ösdürmegiň meseleleri boýunça geçirilen iş maslahatynda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipeler barada durup geçip, bu edaranyň ilkinji nobatda zehinli we geljegi uly ýaş türgenleri ýüze çykarmak, türgenlerimiziň uly halkara ýaryşlarynda ýokary görkezijileri gazanmak üçin zerur işleri geçirmelidigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sport mekdeplerine zehinli ýaşlaryň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin seçip alynmagyna we taýýarlanmagyna aýratyn üns berilmelidigini hem-de sportuň olimpiýa we beýleki görnüşleri boýunça ýokary derejeli ussat türgenleriň taýýarlanmalydygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz bu meselä degişli gürrüňi dowam edip, ýurdumyzda sportuň häzirki ösen görnüşleri bilen bir hatarda, awtomobil we welosiped sporty, ýaýdan ok atmak, gylyçlaşmak, sportuň suwdaky görnüşleri, küreklemek hem-de sportuň beýleki görnüşlerini ösdürmek boýunça zerur işleriň geçirilmelidigini belledi.

Döwletiň sport baradaky täze syýasatynyň başyny başlan we ony işjeň durmuşa geçirýän milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkara olimpiýa hereketine işjeň gatnaşmagynyň berk esasyny goýup, ýokarda agzalyp geçilen iş maslahatynda sporty ösdürmegiň umumy döwlet maksatnamasyndan ugur alyp täze döredilen Sport baradaky döwlet komitetiniň öňünde anyk wezipeleri goýdy.

Hususan-da, Aşgabat şäherinde we welaýat merkezlerinde sportuň dürli görnüşleri boýunça häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen desgalary hem-de Türkmenistanyň Ýokary ussatlyk sport mekdebiniň binasyny gurmak boýunça geçirilýän işleriň depginini çaltlandyrmak, möçberini giňeltmek möhümdir. Daşoguz, Mary we Balkan welaýatlarynda agyr atletika boýunça häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän sport mekdeplerini, Aşgabat şäherinde ýörüteleşdirilen häzirki zaman küşt we şaşka mekdebini gurmaly. Welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde ýeňil atletika, welosiped sporty boýunça ýaryşlary geçirmek üçin niýetlenen desgalary gurmak zerurdyr.

Tälimçileriň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, olaryň daşary ýurtlaryň ýokary derejeli sport mekdeplerinde okadylmagyny we taýýarlanmagyny ýola goýmak wajypdyr. Şunda ýurdumyzyň milli ýygyndy toparlary bilen işlemek hem-de olary ýaryşlara taýýarlamak üçin dünýäde belli, tejribeli sport hünärmenlerini şertnamalaýyn esasda işe çagyrmak gerek. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýörite Düzgünnamany işläp taýýarlamagy tabşyrdy. Oňa laýyklykda ýokary hünärli tälimçiler we türgenler şertnamalaýyn esasda sport bilen meşgullanyp bilerler.

Döwlet Baştutanymyz ýaşlary sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek hem-de tomaşaçylaryň sport ýaryşlaryna höwesini artdyrmak maksady bilen, sport ulgamyna täze, häzirki döwürde ulanylýan iň kämil usullary, ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlaryny giňden ornaşdyryp, geçirilýän sport ýaryşlarynyň gyzykly we täsirli bolmagyny gazanmaly diýip belledi. Şeýle hem ýaşlaryň welosiped sporty, küreklemek, hokkeý, buzuň üstünde tipmak, atçylyk sporty bilen meşgullanmak babatdaky höwesini artdyrmak üçin, sportuň täze görnüşleri boýunça halkara ýaryşlaryny yzygiderli geçirmek maksadalaýyk bolar.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň öňünde köpçülikleýin bedenterbiýäni we Olimpiýa hereketini ösdürmek, ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, raýatlary sport we işjeň dynç alyş bilen meşgullanmaga giňden çekmek wezipeleri goýuldy.

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda 2017-nji ýylda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçiriljek V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk işlerine aýratyn üns bermek, türkmen türgenleriniň şu oýunlarda we beýleki abraýly halkara ýaryşlarynda, şol sanda baýrakly orunlara eýe bolmaklaryny gazanmak zerurdyr diýip nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli ýygyndy toparlarymyz üçin, şol sanda Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýän görnüşleri boýunça çykyş etjek türgenlerimiz üçin häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän, okuw-türgenleşik desgalary we ylmy barlaghanalary bolan Olimpiýa taýýarlyk merkezini gurmak gerek diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylaryna ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleri boýunça Aziýanyň çempionaty derejesinde halkara ýaryşlaryny geçirmäge taýýarlyk görmegi we bu ýaryşlary ýokary derejede guramaçylykly geçirmegi, bar bolan sport binýadyny bu ýaryşlary geçirmäge doly taýýarlamak üçin häzirden guramaçylyk işlerine başlamagy, şeýle hem täze gurulýan ähli sport desgalaryny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Sporty ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin umumydöwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň sport edarasynyň öňünde goýan wezipeleriniň üstünlikli çözülmegi ýokary hünärli türgenleri we tälimçileri taýýarlamagyň hil taýdan täze ulgamyny döretmäge mümkinçilik berer, şeýle hem köpçülikleýin sportdan ýokary netijeler sportuna çalt geçilmegini üpjün eder.