Şu gün Türkmenistanyň Baş milli muzeýinde şanly senä - Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp, koreý medeniýetiniň we sungatynyň sergisi açyldy.
Bu şanly senä bagyşlanan medeni çäre Koreýa Respublikasynyň Ilçihanasynyň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Daşary işler ministrliginiň ýardam bermegi bilen, ýurdumyzda belli bolan Koreýa Respublikasynyň Dostluk assosiasiýasy, bu dostlukly ýurdyň maddy däl gymmatlyklarynyň assosiasiýasy tarapyndan guraldy.
Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi An Mýong Su şu serginiň guralmagyna işjeň gatnaşandygy üçin türkmen tarapyna hoşallyk sözlerini aýtdy we döwletara gatnaşygynyň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine berk ynam bildirip, Medeniýet günleriniň yzygiderli geçirilmeginiň, Türkmenistanyň Ýosuda geçirilýän “EKSPO-2012” atly Bütündünýä sergisine gatnaşmagynyň täze taryhy eýýamynda bu iki halkyň gadymy medeniýetleriniň hem-de koreý we türkmen halklarynyň däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigini nygtady.
Çykyşlarda şu dabaranyň soňky ýyllardaky beýleki medeni çäreler ýaly oňat ýörelgä öwrülip, täze taryhy eýýamda, birek-biregiň ruhy we medeni gymmatlyklary bilen tanyşmaga çalyşýan doganlyk iki ýurduň we dostlukly halklaryň durmuşynda wajyp waka bolandygy bellenildi.
Müňýyllyklaryň dowamynda koreýleriň adaty geýimi bolan “Hanbok” atly milli geýimini gözden geçirmek koreý medeniýetiniň we sungatynyň sergisiniň esasy wakasyna öwrüldi. Häzirki günlerde koreý medeniýetiniň gözelliginiň we nepisliginiň ajaýyp nyşany hasaplanylýan hanbok dabaraly günlerde, baýramçylyk we şanly senelerde geýilýär.
Şeýlelikde, Aşgabatda geçirilýän sergi koreý halkynyň baý, köpasyrlyk medeniýetiniň özboluşly “adajygyna” öwrüldi hem-de köp sanly aşgabatlylar we türkmen paýtagtynyň myhmanlary şonuň bilen tanyşdylar. Sergä gelenler bu ýerdäki täsin galdyrýan milli nagyşlary we koreý kagyzyndan taýýarlanan amaly-haşam sungatyna degişli önümleri synladylar. Ajaýyp suratlarda Koreýa ýarym adasynyň özboluşly gözelligi şekillendirilýär.
Serginiň işi 8-nji sentýabra çenli dowam eder.