Ï Täze açyşlar ugrunda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täze açyşlar ugrunda

view-icon 1234
Tokiýo uniwersitetiniň professory, tebigy ýadigärlikleri öwrenmek we goramak boýunça Ylmy merkeziň ýolbaşçysy Izumi Nakaý Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryň institutynda bolup geçen duşuşykda ýaponiýanyň Nara şäherinde ýerleşýän „Toşodaidži“ ybadathanasynyň gaznasyndan tapylan hakykatdan hem täsin galdyryjy tapyndylar barada gürrüň berdi.


Izumi Nahaýanyň pikirine görä, bu çüýşeden taýýarlanan gymmat we seýrek duş gelýän önüm – uly bolmadyk çüýşe gabynyň boýy 5-6 santimetr we ýagty gök-benewşe reňkli dokuz santimetrlik oňat hilli saklanyp galan gap takmynan täze eýýamyň VII we IХ asyrlaryna degişlidir. Bu önümleriň türkmen ussalarynyň taýýarlan bolaýmagy örän ähtimaldyr.


Şeýle hem ýapon alymy öz türkmen kärdeşlerini mazarçylykdan tapylan V –VII asyrlara degişli bolan çýüşeden ýasalan önümler bilen tanyşdyrdy. Olar Ýaponiýa Ýewropadan we Hytaýdan, Hidistandan, Koreýadan we beýleki ýurtlardan getirilen monjuklar we gaplaryň bölekleridir. Bu önümleriň bir bölegi Orta Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň, şol sanda türkmen ussalary tarapyndan taýýarlanan önümlerdir.


Ýapon alymynyň aýdyşy ýaly, onuň biziň ýurdumyza bolan birinji saparynyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Ylmy barlag instituty bilen geljegi uly bolan hyzmatdaşlygy ýola goýmak göz öňünde tutulýar. Onuň çäklerinde Izumi Nakaý ýakyn wagtlarda biziň ýurdumyzda çýüşeden ýasalan önümleriň deňeşdirme himiki seljermesini geçirmäge gatnaşjak Tokiýo uniwersitetiniň talyplar toparyna ýolbaşçylyk etmegi göz öňünde tutýar. Bu geçiriljek seljermeler ýapon tapyndylarynyň „doglan ýerlerini“ kesgitlemäge kömek eder.