Ï Türkmenistanda ýaşlaryň ylmy döredijiligine giň ýol açylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda ýaşlaryň ylmy döredijiligine giň ýol açylýar

view-icon 1136
Şu gün Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň mejlisler zalynda mekdep okuwçylarynyň kompýuter taslamalary boýunça IV Halkara bäsleşiginiň dabaraly açylyşy boldy.

Oňa gatnaşmak üçin Aşgabada dünýäniň onlarça ýurdundan, şol sanda Germaniýadan, Russiýadan,Türkiýeden, Fransiýadan, Beýik Britaniýadan, Polşadan, Braziliýadan, Malaýziýadan, Bolgariýadan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan we beýlekilerden kompýuter tehnologiýalary bilen meşgullanýan ýaşlaryň 200-den gowragy geldi. Biziň ýurdumyza paýtagtymyzyň we welaýatlaryň orta umumybilim mekdepleriniň iň zehinli ýaşlary wekilçilik edýärler.

Bäsleşigiň birinji güni ir säher bilen wekiliýetleriň agzalary Garaşsyzlyk binasyna gül desselerini goýdular. Soňra Halkara türkmen-türk uniwersitetinde dört günläp dowam etjek iri tntellektual bäsleşige dünýäniň dürli künjeklerinden gelen kompýuter programmaçylaryny ýaş türkmen artistleri şowhunly çykyşlary bilen garşyladylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň mekdep okuwçylarynyň kompýuter taslamalary boýunça IV Halkara bäsleşigine gatnaşyjylara Gutlagy dabaraly ýagdaýda okaldy. Onda XXI asyrda ýokary tehnologiýalaryň we ylmy-tehniki ösüşleriň häzirki zaman jemgyýetinde akyl zähmetiniň ornunyň barha ýokarlanmagyna, bilimleriň we ylymlaryň mazmun we hil taýdan özgermegine alyp barýandygy nygtalýar. Döwlet Baştutany dünýäniň dürli ýurtlaryndan bolan zehinli ýaşlaryň kompýuter tehnologiýalary boýunça taýýarlan çylşyrymly taslamalarynyň, özboluşly ylmy- tehniki oýlap tapyşlarynyň uly gyzyklanma döretjekdigine we häzirki döwrüň ylmynyň we tehnikasynyň ösüşine mynasyp goşant boljakdygyna ynam bildirdi.

Mekdep okuwçylarynyň kompýuter taslamalary boýunça Halkara bäsleşigi Aşgabatda indi dördünji gezek geçirilýär. Şeýle besleşikler okuwçy ýaşlaryň bilim derejesini we başarnyklaryny ösdürmäge, olaryň dünýägaraýşyny giňeltmäge oňyn ýardam berýär. Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, mundan başga-da, dünýäniň dürli künjeklerinden biziň ýurdumyza gelýän ýaşlar biri-biri bilen has ýakyndan tanyşýarlar we dostlaşýarlar. Munuň özi olaryň ylymlaryň gazananlaryna we kompýuter taslamalary babatda ýetilen sepgitlere umumy gyzyklanmalaryny artdyrýar.

Dabarada çykyş edenleriň belleýşi ýaly, milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilikli we täzeçillik syýasaty netijesinde Garaşsyz bitarap Türkmenistanyň paýtagty parahatçylygyň, dostlugyň, döredijiligiň merkezi hökmünde barha uly meşhurlyga eýe bolýar. Muňa bu ýerde häzirki bäsleşigiň geçirilýändigi hem aýdyň mysal bolup biler. Bu ylmy bäsleşikde ýaşlar özleriniň ägirt uly döredijilik başarnyklaryny, şol sanda kompýuter tehnologiýalary boýunça ukyplaryny görkezerler.

Türkmenistanyň aýdym-saz sungatynyň tanymal işgärleriniň hem-de döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda bu ýerde geçirilen uly konsert mekdep okuwçylarynyň IV Halkara bäsleşiginiň dabaraly açylşynyň özboluşly jemlemesi boldy.

Şu gün--ylmy bäsleşigiň birinji güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan iri möçberli bilim özgertmelerine bagyşlanan ýörite sergi guraldy. Serginiň bölümlerinde berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň okuw mekdeplerinde üstünlikli ornaşdyrylan we giňden peýdalanylýan innowasiýa tehnologiýalary görkezilýär.

Bäsleşigiň birinji güni oňa gatnaşyjylaryň ählisi Gökderäniň «Altyn sümmül» çagalar sagaldyş merkezinde geçirilen «Dostluk agşamyna» çagyryldy. Ol ýerde giç agşama çenli ýaş dörediji zehinleriň ýerine ýetirmeginde şadyýan aýdym-sazlar ýaňlandy. Bu ýerde, myhmansöýer türkmen topragynda dürli ýurtlardan gelen ýaşlar dostlaşdylar.

Ertir mekdep okuwçylarynyň kompýuter taslamalary boýunça IV Halkara bäsleşigi öz işini dowam eder.