Ï Mugallymlara sapak berilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Mugallymlara sapak berilýär

view-icon 1636
Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Milli bilim institutynda mekdebe çenli we umumy orta bilim berýän edaralarynyň mugallymlarynyň, dürli ugurlar boýunça usulyýet birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň hünär kämilligini ýokarlandyrmak boýunça ýörite okuwlara badalga berildi. Bu ýerde we orta mekdepleriň birnäçesinde Ruhnama boýunça bir hepdelik ýörite okuwlar başlandy.

Ýörite okuwlary guraýjylaryň belleýişleri ýaly, öz halkynyň geçmişini oňat bilýän, döwletimiziň şu günlerki gazanýan üstünliklerine guwanýan, jemgyýete, maşgala we ýakynlaryna wepaly bilimli nesli terbiýlemek – bu ýörite okuwlaryň esasy wezipesi bolup durýar. Şeýle hem bu okuwlarda ösüp gelýän ýaş nesli ruhy-ahlak we watany söýji ruhunda terbiýelemekde Maşgala kodeksiniň tutýan aýratyn orny, bu okuwlara gatnaşýanlar üçin muzeýlere, taryhy ýadygärliklere, ýurduň gözel künjeklerine syýahatlary guramak temasy öz beýanyny tapar

Halypalar üçin ýörite okuwlar soňky ýyllaryň iş tejribesiniň görkezişi ýaly, okuw sapaklary üçin görkezme we iş ýüzünde has gowy özleşdirmek üçin giň mümkinçilikleri berýän öňdebaryjy maglumat beriş tehnologiýalary işjeň peýdalanmak bilen, interaktiw görnüşinde geçirilýär. Çagalara sapak berilýän döwründe kompýuterleri iş üçin işjeň peýdalanamak şertlerinde başlangyç synplarda elektron gollanmalary üstünlikli synagdan geçirmek boýunça mekdep mugallymlarynyň tejribeleri hünärmenler tarapyndan uly gyzyklanma döredýär.

Milli bilim instituty okuw döwründe innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga döredijilikli çemeleşmäge gönükdirilen iri göwrümli işleri alyp barýar.