Ï Şweýsariýanyň telewideniýesi Türkmenistan hakynda film taýýarlaýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Şweýsariýanyň telewideniýesi Türkmenistan hakynda film taýýarlaýar

view-icon 726
Şu günler Şweýsariýanyň «SRF» milli jemgyýetçilik telewideniýesiniň žurnalisti M.Ritbrok türkmen paýtagtynda bolýar.

Onuň saparynyň maksady Türkmenistan hakynda dokumental filmi surata düşürmekden ybarat. Ol «Täze Ýüpek ýoly» ady bilen düşürýän köp bölümli filmiň düzümine giriziler. Şweýsariýanyň milli jemgyýetçilik telewideniýesiniň düşürjek bu filmi Orta Aziýa ýurtlarynyň, hususan-da, taryhy taýdan gadymy kerwen ýollarynyň merkezinde ýerleşen Türkmenistanyň baý medeni mirasyny wagyz etmäge gönükdirilendir. Mälim bolşy ýaly, täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Beýik Ýüpek ýoluny ählumumy ulag-aragatnaşyk ugurlarynyň häzirki zaman görnüşinde dikeldilmegini işjeň öňe sürýär.


Täze film türkmen halkynyň taryhyny, baý medeni mirasyny, täze taryhy eýýamda türkmen döwletiniň durmuş-ykdysady gazananlaryny beýan eder. Şeýle hem ol daşary ýurtly tomaşaçylary şöhraty dünýä dolan ahalteke bedewleri we biziň ýurdumyzyň ajaýyp tebigaty bilen tanyşdyrar. Esasan-da, biziň ýurdumyzda saklanyp galan taryhy, binagärlik ýadygärlikleri, hususan-da, UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawuna girizilen Gadymy Merw, Köneürgenç we Nusaý galalary, şeýle hem Gadymy Dehistanyň, köne Sarahsyň, Abiwerdiň, Amyderýanyň ýakasyndaky köp sanly binalaryň, ýagny Astanababa ýadygärliginden Daýahatyn kerwensaraýyna çenli bolan köne binalaryň we beýlekileriň filmiň maksatnamasy üçin aýratyn ähmiýete eýe boljakdygy gürrüňsizdir.


Şweýsariýanyň milli jemgyýetçilik telewideniýesiniň surata düşürýän köp bölümli filminiň görkezilişini şu ýylyň oktýabrynda guramak meýilleşdirilýär.