Ï Bagtyýarlyk döwrüniň özgertmeleri: syýahatçylyk ulgamy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bagtyýarlyk döwrüniň özgertmeleri: syýahatçylyk ulgamy

view-icon 6653
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň aýratyn edara hökmünde döredilmegi ýurdumyzyň syýahatçylyk toplumyny ösdürmek boýunça strategiýany durmuşa geçirmekde täze tapgyryň başlanýandygyny alamatlandyrdy. Şol tapgyrda syýahatçylyk ulgamyny ösdürmekde bu edaranyň orny we ähmiýeti has-da artýar.

Munuň özi pudagyň derejesiniň üýtgemegi, şeýle hem "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy baradaky komitetiň täze guramanyň düzümine girmegi bilen ýöriteleşdirilen Döwlet komitetiniň işi arkaly biziň döwletimiziň toplan degişli tejribesini ulanmagyň hasabyna bu ulgamdaky maksatnamalaryň amala aşyrylyşy has-da çaltlaşdyrylar.

Mälim bolşy ýaly, bu çözgüt döwlet Baştutanymyzyň 16-njy awgustda ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk hem-de medeniýet toplumlaryny ösdürmegiň meseleleri boýunça geçiren maslahatynda beýan edildi. Şonda milli Liderimiz bäsdeşlige ukyply syýahatçylyk ulgamyny döretmek, aýratyn hem onuň iň düşewüntli ugry bolan halkara syýahatçylygy ösdürmek baradaky gaýra-goýulmasyz wezipeleri belledi. Şunuň bilen baglylykda, işiň iň derwaýys ugurlary kesgitlenildi. Olaryň hatarynda syýahatçylyk ugurlaryny we görnüşlerini giňeltmek, edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak, bu pudak üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak we netijeli maglumat-mahabat işini ýola goýmak wezipeleri bar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýişi ýaly, Köýtendagyň täsin tebigatyny, ýurdumyzyň beýleki tebigy ýadygärliklerini Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşmak boýunça zerur işleri geçirmek möhümdir. Milli Liderimiz Türkmenistanyň dürli künjeklerinde örän köp bolan täsin we ajaýyp ýerleri abadanlaşdyrmagyň, şol ýerlerde myhmanhanalary we degişli düzümleri gurmagyň möhümdigi barada aýtmak bilen, syýahatçylygy sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm ulgamy hökmünde häsiýetlendirdi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, bu ulgam ýerlerde ykdysadyýetiň beýleki pudaklaryny, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek babatda kuwwatly itergi bermäge, şeýle hem täze iş orunlaryny döretmäge we onuň girdejilerini ýokarlandyrmaga ukyplydyr.

Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin döwlet maksatnamasynda hem bu wezipeler öz beýanyny tapdy. Bu maksatnama pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň we onuň häzirki zaman bazar gatnaşyklarynyň kemala gelmegini höweslendirmegiň zerurdygy nazara alnyp işlenip taýýarlanyldy.

Maksatnama Türkmenistanyň tebigy-rekreasion we taryhy-medeni desgalarynyň giň ulgamyny öz içine aldy. Onda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyndan, meşhur Mollagara, Arçman, Ýyly suw, Baýramaly, Farap we beýleki şypahanalardan, Nusaýyň, Dehistanyň, Köneürgenjiň, Köýtendagyň, Gadymy Merwiň belli ýadygärliklerinden başlap, uly syýahatçylyk mümkinçiliklerine eýe bolan we entek dünýäde kän bir meşhur bolmadyk ýerlere çenli desgalar öz beýanyny tapdy. Şoňa görä-de, Maksatnamada göz öňünde tutulan çäreleriň amala aşyrylmagy syýahatçylygyň kuwwatyndan has-da netijeli peýdalanmaga, ýurdumyzyň syýahatçylyk bazaryny höweslendirmäge we baý medeni hem-de tebigy mirasyny aýawly saklamaga we wagyz etmäge mümkinçilik berer.

Ýurdumyzyň ilatynyň talaba laýyk dynç almaga, saglygyny berkitmäge, milli medeniýetiň we taryhyň gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyşmaga bolan isleglerini kanagatlandyrmak üçin berk binýady we şertleri döretmek bu Maksatnamada bellenen esasy durmuş ugurly wezipelerdir. Göz öňünde tutulan çäreler mähriban Diýarymyza gelýän daşary ýurtly syýahatçylaryň sanyny ep-esli artdyrmaga, düşewüntliligi ýokarlandyrmaga ýardam eder. Munuň özi türkmenistanlylaryň ýaşaýyş derejesini has-da gowulandyrmaga mümkinçilik berer.

Türkmenistanda ýokary netijeli syýahatçylyk toplumynyň ösdürilmegi halkara gatnaşyklaryň we işjeň hyzmatdaşlygyň ulgamy hökmünde onuň özüne çekijiligini ep-esli ýokarlandyrar, biziň döwletimize dünýä syýahatçylygynyň meşhur ugurlarynyň arasynda amatly orun eýelemäge ýardam eder.

Häzirki döwürde syýahatçylygy ösdürmegiň Maksatnamasy beýleki pudaklaýyn maksatnamalaryň, şol sanda medeniýet, sport we saglygy goraýyş ulgamlarynyň maksatnamalarynyň wezipeleri we maksatlary bilen berk baglanşykly bolup, Türkmenistanyň toplumlaýyn durmuş-ykdysady strategiýasynyň möhüm bölegine öwrüldi.

Şu jähetden Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň döredilmegi syýahatçylyk ulgamyny ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň birine öwürmek üçin anyk şertleri döretmäge gönükdirilendir.

Täze edaranyň öňünde ýurdumyzyň syýahatçylygynyň ähmiýetini we özüne çekijiligini artdyrmak, düzümi ösdürmegiň ykdysady we durmuş esasyny berkitmek, şeýle hem tebigy, arheologik we taryhy-medeni desgalary tükellemek, aýawly saklamak, durkuny täzelemek we abadanlaşdyrmak, iň täze tehnologiýalary ulanmak we edilýän syýahatçylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak esasynda mahabat-tanyşdyrylyş işini işjeňleşdirmek wezipeleri durýar.

Bu ugurda Türkmenistanyň köp şahaly myhmanhana-syýahatçylyk toplumyny kemala getirmäge welaýatlaryň we etraplaryň, ilatly ýerleriň hem-de tebigy zolaklaryň täze çäklerini tapgyrlaýyn goşmak göz öňünde tutulýar. Olaryň “dolanyşyga” girizilmegi biziň ýurdumyzyň myhmanlarynyň halkymyzyň taryhy, medeniýeti, däp-dessurlary bilen ýakyndan tanyşmak mümkinçiligini ep-esli artdyrar. Tanyşlyk, sagaldyş, ekologiýa, ylmy we syýahatçylygyň beýleki görnüşleriniň ösdürilmegi, kiçi şäherlere hem-de merkezden alysdaky obalara, Garagum çölüne ýa-da Amyderýanyň kenarlaryna, dag gerişlerine we derelere dürli gezelençleriň guralmagy sebitleýin çäkleriň sazlaşykly ösdürilmegine ýardam eder. Şunuň netijesinde, şol ýerlerde çeperçilik we halk senetleriniň dikeldilmegine, telekeçilik işiniň, şol sanda sowgatlyk önümleri öndürmek işiniň ösdürilmegine, jemgyýetçilik iýmiti ulgamynda, gurluşykda işleriň ilerlemegine kuwwatly itergi berler.

Halkara gatnaşyklaryny giňeltmäge, şol sanda Türkmenistan bilen Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, syýahatçylyk ulgamynda hökümetara ylalaşyklaryny durmuşa geçirmäge, daşary ýurtlarda geçirilýän sergilere, ýarmarkalara, maslahatlara we beýleki pudaklaýyn halkara çärelerine gatnaşmaga, syýahatçylyk ulgamynyň ösen ýurtlarynda syýahatçylyk we myhmanhana işi ulgamynyň işgärler üçin ýörite hünär okuwlaryny we maslahatlary guramak meselelerine hem möhüm orun berilýär.

Şu günler Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň işgärleri 28-29-njy sentýabrda Aşgabatda Bütindünýä syýahatçylyk gününe gabatlap iki günlik okuw maslahatyny geçirmäge taýýarlyk görýärler. Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalarynyň we myhmanhanalarynyň häzirki zaman halkara standartlary we bu ulgama bildirilýän talaplar baradaky düşünjesini giňeltmek maksady bilen geçiriljek bu maslahata olaryň wekilleri gatnaşarlar.

Dünýä tejribesini öwrenmek ýurdumyzda syýahatçylyk işini guramagyň tejribesinde öz beýanyny tapýar. Nobatdaky täzelik bolsa munuň aýdyň mysallarynyň biri bolup hyzmat edip biler – Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň işgärleri “Awazada” dynç almaga isleg bildirýänler üçin ýörite syýahatçylyk ýollanmasynyň täze görnüşini işläp taýýarladylar. Ol ýolagçy peteklerini almakdan başlap, gezelençleri guramaga çenli hyzmatlaryň tutuş toplumyny özüne birleşdirýär.

Göwnejaý meýilleşdirilen we rejeli guralan syýahatçylyk häzirki wagtda köp isleg bildirilýän ulgamlaryň we şol bir wagtyň özünde maddy we tebigy baýlyklaryň daşyna çykarylmagyny talap etmeýän eksportyň netijeli görnüşleriniň biri bolup durýar. Şeýlelikde, geljekde bu pudak türkmen ykdysadyýetinde esasy orunlaryň birini eýelemelidir we ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilmelidir.

Galyberse-de, syýahatçylyk tebigatyň, medeniýetiň, taryhy ýerleriň keşbiniň aýawly saklanmagynda, ekologiýa babatda amatly ýagdaýy üpjün etmekde, şeýle hem biziň şäherlerimiziň we obalarymyzyň gözelligini artdyrmakda möhüm orny eýeleýär. Şu babatda syýahatçylygyň ösdürilmeginiň möhüm ähmiýeti bardyr.

Şunuň bilen baglylykda, syýahatçylygyň milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlaryna we jemgyýetiň durmuşynyň ähli tarapyna oňyn we uzakmöhletleýin täsir edýändigini bellemelidiris. Hut şonuň üçin hem döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow innowasion ösüş, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak babatda hem, ýurdumyzyň medeni özboluşlylygyny saklap galmak babatda hem bu örän wajyp ulgamyň ösmegine aýratyn üns berýär.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz syýahatçylyk ulgamynda täze döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmeginiň başlangyç tapgyrlarynda esaslandyran ugurlaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň berk binýady goýuldy. Milli Liderimiz şol ugurlary dünýäniň öňdebaryjy tejribesinden we Türkmenistanyň mynasyp hyzmatdaş hökmünde dünýä bazaryna goşulyşmagyndan ugur alýan örän ähmiýetli başlangyçlarynda beýan etdi.

... Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2007-nji ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň, Russiýa Federasiýasynyň we Gazagystanyň döwlet Baştutanlarynyň üçtaraplaýyn duşuşygynda ýurdumyzda ilkinji "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny döretmek babatdaky meýilnamalary beýan edende, olar bada-bat giň halkara seslenmesine eýe boldy.

Eýýäm şol döwürde Awaza bilen baglanyşykly maksatnamanyň geljeginiň uludygy äşgär bolupdy. Şol maksatnamany durmuşa geçirip başlamagyň bolsa döwlet ösüşiniň täze döwründe mümkin bolandygyny bellemelidiris. Döwlet Baştutanymyz bu maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin ähli tagallalary etdi we hemmetaraplaýyn goldaw berdi. Şonuň netijesinde, bu ýerde işler giň gerimde ýaýbaňlandyrylyp, olaryň depgini günsaýyn güýçlendirildi.

Soňky ýyllaryň dowamynda Hazaryň türkmen kenary bu ajaýyp mekanyň syýahatçylyk serişdelerini özleşdirmek bilen baglanyşykly giň möçberli özgertmeleriň amala aşyrylýan ýerine öwrüldi. Häzirki wagtda bu ülke ýurdumyzyň tutuş syýahatçylyk pudagyny täze derejä çykarmak üçin özboluşly “kerwenbaşa” öwrüldi.

Ýaş deňiz şypahanasy yzygiderli ösýär we çäklerini giňeldýär, onuň geljegi bolsa örän uludyr. Ýöne, eýýäm häzirden bu ýerde toplanan tejribe gün-günden gülläp ösýän, dünýäniň iň öňdebaryjy gazananlaryny özünde jemleýän we bütin dünýä öz genji-hazynasyny buýsanç bilen açýan türkmen topragynyň ähli künjeklerine baryp ýetýän üstünlikli özgertmeleriň özenine öwrüldi.