Ï Kitaplar dünýäsi—bilimler dünýäsi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Kitaplar dünýäsi—bilimler dünýäsi

view-icon 4415
Şu gün paýtagtymyzyň Sergi köşgünde “Kitap hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoludyr” atly neşir önümleriniň nobatdaky VII halkara sergi-ýarmarkasynyň açylyş dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen geçirilýän ýylyň esasy pudaklaýyn forumyny Türkmen döwlet neşirýat gullugy we Söwda-senagat edarasy guradylar.

Türkmenistanyň şanly garaşsyzlygy mynasybetli geçiriljek umumymilli baýramçylygyň öň ýanynda guralýan neşir önümleriniň sergisi ýurdumyzyň we dünýäniň neşirýat senagatynyň gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyryp, kitap we neşir önümleri babatda giň halkara hyzmatdaşlygy, dünýäniň dürli halklarynyň köpasyrlyk taryhynda toplanan medeni we taryhy mirasy bilen özara baýlaşmagy baş maksady edip goýýar.


Geçirilip gelinýän wagtynyň uly bolmadyk döwründe kitap sergisi Türkmenistanda guralýan ähli halkara duşuşyklary ýaly dünýäniň köp ýurtlary bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň Türkmenistanyna, biziň halkymyzyň baý ruhy mirasyna, onuň özboluşly medeniýetine we sungatyna artýan gyzyklanmanyň subutnamasy bolup durýar.

Şu gezekki duşuşyga gatnaşmak üçin gözel paýtagtymyza Ýewropanyň, Aziýanyň we ABŞ-nyň ýurtlarynyň 26-syndan neşirýat senagatynyň, işewür we edebiýat toparlarynyň wekilleriniň 150-ä golaýy geldiler. Olaryň hatarynda Beýik Britaniýadan, Awstriýadan, Germaniýadan, Türkiýeden, Koreýadan, Polşadan, Eýrandan, BAE-den, Rumyniýadan, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän ýurtlardan we beýleki döwletlerden neşirýatçylar, neşirýat işiniň hünärmenleri, kitap ýaýradyjylar, enjam öndürijiler, menejerler bar.

Wekiliýetleriň düzüminde tanymal prozaçylar we şahyrlar, ussat terjimeçiler, alymlar, suratkeşler, žurnalistler, şeýle hem bu ulgamyň iri ylym-bilim düzümleriniň (Kaliforniýa we Oksford uniwersitetleriniň, Moskwanyň Iwan Fýodorow adyndaky döwlet metbugat uniwersitetiniň, Ukrainanyň metbugat akademiýasynyň) we Aşagabatda geçirilýän kitap sergilerine yzygiderli gatnaşýan biziň ýurdumyzdaky Ýewropa Öýüniň wekilleri bar. Türkmenistana öz wekillerini ilkinji gezek Niderlandlar, Wengriýa we Moldowa iberipdir. Biziň ýurdumyz bilen tanyşlyk olarda ýatdan çykmajak täsir döredipdir.

Halkara forumyna gatnaşyjylar öz birinji iş gününe girişmezden öň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül desselerini goýdular.

Forumyň açylyş dabarasyna Hökümetiň agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary, ylym we medeniýet işgärleri, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.


Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gutlag hatyny uly üns bilen deňlediler. Onda döwlet Baştutanymyz: “Häzirki döwürde neşirýat ulgamynyň işgärleri çeper eserleri, okuw kitaplaryny we gazet-žurnallary öz wagtynda we ýokary hilli çap etmek bilen, mähriban halkymyzy, aýratyn hem ösüp gelýän ýaş nesli ruhy-ahlak taýdan terbiýelemäge, olara dünýä derejesinden bilim berilmegine, halkymyzyň gahrymançylykly zähmetiniň wasp edilmegine, şeýle hem ýurdumyzda giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyny öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar” diýip belledi. Neşirýat ulgamynyň işgärleriniň geljekde hem öz hünär borjuny halal berjaý etmek üçin öz zähmetleriniň, gujur-gaýratlaryny gaýgyrmajakdygyna, ýokary hilli önümleri çap edip, halkymyza hödürlejekdigine ynam bildirmek bilen milli Liderimiz halkara forumyna gatnaşýanlara degişli ugurda tejribe alyşmak boýunça netijeli işlemegi we üstünlikleri arzuw etdi.


Milli medeniýet merkeziniň artistleri we ýaş skripkaçylar topary kitap sergisine gatnaşýanlary we myhmanlary türkmen şygryýetiniň nusgawy şahyrlarynyň ajaýyp goşgularyny labyzly okamak we halk sazlarynyň owazlary bilen garşyladylar.

Dünýäniň köp dillerinde neşir edilen kitaplaryň we beýleki neşir önümleriniň, täzelikleriniň we dizaýnerçilik tehnologiýalarynyň giň gerimli sergisi baýramçylyk lybasyna beslenen sergi merkeziniň giň zallarynda ýerleşdirildi.

Ýurdumyzyň neşirýat senagatynyň ägirt uly mümkinçilikleri, ýokary hilli dürli kitap önümleriniň, neşirýat sungatynyň önümleriniň tutuş ulgamyny iri döwlet kärhanalary we hususy kompaniýalar görkezdiler. Bu ýerde, Metbugat merkeziniň, “Türkmenkitap” lomaý-bölek söwda kärhanasynyň, “Galkynyş” kitap merkeziniň, “Çaphanahyzmatlary” we welaýat çaphanalarynyň pawilýonlarynda täze neşirleriň ajaýyp nusgalary görkezildi. Olaryň sahypalarynda türkmen halkynyň baý ruhy we taryhy-medeni mirasy giňden beýan edilýär.

Dürli reňkli fotoalbomlar, ylmy-köpçülikleýin ýygyndylary, nusgawy türkmen edebiýatynyň gaýtadan neşir edilen eserleri, şol sanda çagalar üçin täze kitaplar, dürli reňkli bukletler we otkrytkalar çeperçilik taýdan bezelişi bilen ünsüňi özüne çekip, bu ugurda ýurdumyzyň diňe bir öňden gelýän hyzmatdaşlaryny däl-de, eýsem Türkmenistanda kitap neşirýaty bilen ilkinji gezek tanyşýanlary haýran galdyrdy.


Bu babatda giň gerimli türkmen ekspozisiýasynyň merkezi diwarlygy guwanç duýgusyny döredýär. Onda durmuş-ykdysady we ylmy-okuw taýdan ösýän hem-de şol bir wagtyň özünde halkymyzyň köpasyrlyk däplerine ygrarly bolup durýan häzirkizaman Türkmenistany dünýä açyp görkezýän täze neşirleriň onlarçasy bilen tanyşmak bolýar. Bu babatda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary nusga alarlykdyr. Olaryň arasynda “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri”, “Türkmenistan-melhemler mekany”, türkmen halyçylyk sungatyna bagyşlanan “Janly rowaýat” ýaly kitaplar bar.

Bu ýerde şeýle hem “Aşgabat—söýgüniň we umytlaryň şäheri”, “Türkmenistan”, “Awaza—özgerişiň mekany”, “Owazly tolkunlaryň mekany”, “Täze Galkynyş eýýamy. Bagtyýar nesiller barada kyssa”, “Margiýana-Merw-Mary. Murgap derýasynyň kenarýakalaryndaky müňýyllyklardan aşan medeniýet” hem-de biziň ýurdumyzyň taryhy we medeni ýadygärlikleri, täsin tebigy künjekleri hakynda gürrüň berýän beýleki neşirler bilen tanyşmak bolýar.


Türkmen neşirýatçylarynyň ekspozisiýasynyň agramly bölegini başlangyç, mekdep we ýokary okuw mekdep biliminiň ähli ugurlary boýunça okuw we usulýet edebiýaty düzdi.

“Gündogar ýyldyzy”, “Intek Media”, “Hatdat”, “Eziz ülke”, “Garant”, “Asuda ýurt”, “Erudit”, “Ajaýyp önüm”, “Toý” we beýleki hususy kärhanalaryň diwarlyklarynda türkmen we dünýä edebiýatynyň nusgawy şahyrlarynyň ajaýyp neşir edilen eserleri, şol sanda CD we DVD görnüşindäki audiokitaplar, owadan bezelen albomlar we senenamalar, önümleriň mahabat we beýleki görnüşleri bu ýere gelenleriň ünsüni özüne çekýär. Munuň özi ýurdumyzyň telekeçileriniň neşirýat pudagyny ösdürmäge uly goşant goşýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Mysal üçin, “Allegro” pawilýonynda çagalar üçin okuw kitaplary we gollanmalary hödürlenýär. Olaryň arasynda “Janly teatr” ýaly täze neşir bar. Ol özünde bir wagtda ýazgylary, sesleri, suratlary we oýunlary jemleýär.

Neşirýat täzeliklerini we bu sungatyň ýokary tehnologik nusgalaryny, şeýle hem olaryň elektron görnüşlerini daşary ýurtly sergä gatnaşyjylar görkezýärler. Beýik Britaniýanyň, ABŞ-nyň, Koreýanyň, Türkiýäniň, Eýranyň ylym-bilim we neşirýat merkezleriniň diwarlyklarynda, “Geotar--Media”, “Medkniga Elbi-Spb”, “Galart”, “Informnauka” (Russiýa), “Kartografiýa” (Ukraina) neşirýat kärhanalarynyň pawilýonlarynda, Ermenistanyň, Belarusyň, Azerbaýjanyň, Täjigistanyň ekspozisiýalarynda ylmy-okuw-bilim, çagalar, çeper edebiýatyň dürli görnüşlerini, sungat we taryh boýunça kitaplary we gollanmalary, kartografik neşirleri we fotoalbomlary görmek bolýar. Täsin kitaplaryň arasynda gadymy “Radziwilly. Portretler” (Belarus) foliantynyň häzirkizaman nusgasy, dünýäniň dürli halklarynyň milli aşhanalarynyň tagamlary barada owadan bezelen ýygyndylar (Polşa) bar. Sergide şeýle hem ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan ilkinji gezek görkezilýän täze elektron ekwiwalenti-ykjam okuw kitaby bar.

Gazagystan Respublikasynyň wekiliýetiniň düzüminde gelen Medeniýet we habar beriş ministrliginiň Habarlar we arhiwler komitetiniň, Milli kitap palatasynyň, “Foliant” neşirýat öýleriniň, “8&8” we beýlekileriň wekilleri “Medeni miras” maksatnamasynyň çäklerinde çap edilen kitaplaryň we neşirleriň 800-den gowragyny getirdiler. Olaryň arasynda gazak alymlary we terjimeçileri tarapyndan taýýarlanylan hem-de türkmen halk we häzirkizaman sazlarynyň ösüşiniň taryhyna bagyşlanan “Türkmen sazy” atly ensiklopediýa neşiri bar.

Halkara sergisinde alymlaryň, awtorlaryň we neşirýat işiniň hünärmenleriniň, seýrek kitaplaryň hakyky muşdaklarynyň ünsüni özüne çeken, Sergi köşgüniň ikinji gatynyň merkezi meýdançasynda ýerleşdirilen gadymy golýazmalaryň sergisiniň töweregi köp mähelleli boldy. Ol Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän çäreleriň maksatnamasyna laýyklykda guraldy. Milli kitaphanalaryň we hususy ýygyndylaryň gaznalarynda saklanýan we sergide ilkinji gezek görkezilen seýrek eksponatlar bu ýere gelenlerde uly täsir döretdi.


Adamzat siwilizasiýasynyň taryhy gaýtadan dikeldýän hünärmenleriň aýawly saklan gymmatly sahypalary arkaly şu günlere gelip ýetdi. Olaryň arasynda orta asyr golland ussatlarynyň golýazma kartalary, ermeni miniatýuralary we 1512-nji ýylda Ermenistanda neşir edilen 1-nji kitabyň göçürmesi, Matenadar saklawhanasynyň gaznasyndan gadymy danalaryň parasatly sözlerini öz içine alýan “Urpatagir” bar. Gazagystan Respublikasynyň merkezi döwlet muzeýi gaýalaryň ýüzündäki gadymy ýazgylaryň dört jiltlik ýygyndysy, şeýle hem gazak golýazmalarynyň ensiklopedik neşiri bilen tanyşdyrdy. Milli kitaphananyň, Ylymlar akademiýasynyň we kitap palatasynyň gaznalarynda aýawly saklanýan gymmatlyklaryň ýygyndylary bilen türkmen kärdeşleri tanyşdyrdylar. Olaryň arasynda nusgawy şahyrlar Magtymguly Pyragynyň, Hoja Ahmet Ýasawynyň eserleri, Firdöwsiniň “Şanama” poemalary bolup, olar geçen asyrlaryň kätipleri tarapyndan göçürilipdir, şeýle hem geçen asyryň başynda Türkmenistanyň çäginde çap edilen ilkinji gazetler--“Zakaspiýskoýe obozreniýe” we “Ashabad” bar. Şu sergide gadymy kitaplary gaýtadan dikeldýän häzirki zaman ussalarynyň işini hem görmek bolýar.

Günüň ikinji ýarymynda halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde “Kitap hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoludyr” atly ylmy maslahat geçirildi. Ol dünýäniň öňdebaryjy neşirýat toparlarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, kitaphanalarynyň, neşirýat önümçiliginiň hünärmenlerini, edebi eserleriň awtorlaryny we žurnalistleri ýygnady.

Duşuşyga gatnaşyjylar dünýäniň dürli ýurtlarynda neşirýat pudagyny ösdürmegiň, kitap we beýleki neşir önümleriniň önümçiligine täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, maglumat bermegiň we kitap ýaýratmagyň elektron hyzmatlarynyň ulgamyny döretmegiň milli tejribesi bilen tanyşdylar. Pikir alyşmalaryň barşynda degişli ugruň düzümleriň arasynda neşirýat işiniň we neşirýat tehnologiýalarynyň hünärmenlerini taýýarlamak, terjimeçilik işi, kitaphana gatnaşyklary we döredijilik alyşmalary babatda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ertir “Kitap hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoludyr” atly neşir önümleriniň VII halkara sergi-ýarmarkasy öz işini dowam eder. Onuň çäklerinde Milli medeniýet merkeziniň Milli kitaphanasynda, A.S.Puşkin adyndaky türkmen-rus mekdebinde we B.Nuraly adyndaky çeperçilik mekdebinde döredijilik duşuşyklary we täze neşirleriň tanyşdyryş dabaralary geçiriler.