Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň edaralarynyň yzygiderli ösdürilýän hyzmatdaşlygy jähtinden ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi we BMG-niň Türkmenistandaky Çagalar gaznasy tarapyndan şu günler nobatdaky bilelikdäki medeni çäre geçirilýär. Onuň barşynda Türkmen döwlet gurjak teatry ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda “Çagalygyň älemgoşary” atly sazly oýun bilen çykyş eder.
Bu çäre Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabyndan başlandy, şol ýerde artistler Gubadagyň körpe ýaşaýjylarynyň öňünde hem çykyş etdiler. Soňra körpe tomaşasylar “Çagalygyň älemgoşaryna” Balkan welaýatynda-Serdar şäherinde we Magtymguly etrabynda tomaşa ederler. Şondan soňra çagalara niýetlenen oýunlar Ahal, Mary we Lebap welaýatlarynda görkeziler. Bu çäre 10-njy oktýabrda paýtagtymyzda tamamlanar.
“Çagalygyň älemgoşary” atly sazly oýun birnäçe öwüt beriji nowellalardan ybaratdyr. Oýnuň baş gahrymanlary ruhy-ahlak gymmatlyklary wasp edýärler. Sahnada hoşniýetlilik, wepalylyk, söýgi we dostluk dabaralanyp, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ýaş raýatlarynyň sazlaşykly ösmegine we terbiýelenmegine ýardam edýär.