Ï Ýaňlan aýdym, ata Watanymyzyň şanyna
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýaňlan aýdym, ata Watanymyzyň şanyna

view-icon 778
“Ýanlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Şu gün Türkmenistanyň Milli medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde çeper höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasyndaky “Ýanlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi, däp boýunça bu bäsleşik her ýylda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan yglan edilýän “Türkmeniň altyn asyry” atly bäsleşigiň çäklerinde guralýar. Täsirli we hemmetaraplaýyn zehinli türkmen ýaşlarynyň bu döredijilik bäslegi Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, ähli welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri tarapyndan guraldy.

Esaslandyrylan pursadyndan başlap, indi ençeme ýylyň dowamynda bu döredijilik bäsleşigi ýurdumyzyň dürli ýerlerindäki - paýtagtymyzdaky, şeýle hem ondan has daşda ýerleşýän etraplaryň zehinli ýaşlarynyň arasynda meşhurlyga eýe bolup, täsirli bäsleşikleriň birine öwrüldi. Ilkinji günlerinden başlap, häzirki wagta çenli bäsleşige döredijilik taýdan zehinli ýaşlaryň ýüzlerçesi gatnaşýar, olaryň ýerine ýetirijilik ussatlygynyň ýylsaýyn kämilleşýändigine göz ýetirmek kyn däl, şeýlelikde, ata Watanymyzy we dürli ugurlar boýunça uly üstünliklere eýe bolýan ýurdumyzyň gazananlaryny wasp etmek arkaly, täsirli we joşgunly çykyş edip, has tapawutlananlary saýlap almakda emin agzalyrynyň öňünde kynçylyk döremän durmaýar.

Şu gezekki bäsleşik özboluşly türkmen aýdym-saz sungatynyň şanly senä – döwlet Garaşsyzlygynyň 21 ýyllygyna beslenen nobatdaky özboluşly baýramçylygyna öwrüldi. Ýaş ýerine ýetirijileriň her ýylda “Ýanlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň çäklerinde guralýan döredijilik bäsleşikleri täze taryhy eýýamda ata Watanymyzda täze zehinli ýaşlaryň ýüze çykarylmagyna uly goşant goşýar, bu täze eýýamda bolsa, sungat täze belent sepgitlere ýetmekde we uly möçberli özgertmeleri amala aşyrmakda halkymyzyň güýç-kuwatyny artdyrýan ruhubelentliginiň özboluşly gözbaşyna öwrüldi.

Bu umumymilli gözden geçiriliş bäsleşigiň etrap, welaýat derejesindäki deslapky tapgyrlaryndan geçip, paýtagtymyzda geçirilen jemleýji tapgyra ýeten has zehinli ýaşlar üçin aýdym-saz sungatynyň älemine aralaşdyrýan ýolda wajyp ähmiýete eýe bolan waka öwrüldi. Bäsleşigiň maksatnamasyndaky şertlere görä, oňa gatnaşýanlaryň her biri iki sany aýdymy ýerine ýetirýär. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna çykmak üçin, dalaşgärleriň çykyşlaryna aýdym aýtmak, aýdymy täsirli we özboluşly ýerine ýetirmek, şeýle hem ýaş çeper höwesjeňleriň tolgunýandygyny bildirmän, sahna meýdançasynda özlerini alyp barmagy bilen bagly başarnyklaryna baha berilýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň içgin alada etmegt netijesinde, zehinli ýaşlaryň döredijilik taýdan kemala getirilmegine badalga bermek üçin örän oňaýly mümkinçilikler döredildi. Ýeri gelende aýtsak, zehinli ýaşlar türmen halkynyň gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýan özboluşly aýdym-saz sungatyna çuňňur hormat goýup, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe özleriniň döredijiliginde köp asyrlaryň dowamynda belent ruhy däp-dessurlara esaslanýan milli saz ýörelgelerine eýermegi dowam etdirýärler we bulary sahna sungatynyň döwrebap ugurlary bilen utgaşdyrýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaş çeper höwesjeňleriň her ýylda guralýan bu bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara ýollan Gutlag olary üstünlikli çykyş etmäge höwesini has-da güýçlendirdi. Türkmen döwletiniň Baştutany bäsleşige gatnaşyjylara ýüzlenip, ata Watanymyzyň ýaş zehinlerini ajaýyp sungat baýramy bilen tüýs ýürekdken gutlady we mundan beýläk-de döredijilik üstünliklerini gazanmagy arzuw etdi. Milli Liderimiz ýaş ýerine ýetirijileri türkmen aýdym-saz sungatynda gazanylanlary has-da artdyrmaga çagyryp, şeýle diýýär: “Täze döwrümizde agzybir jemgyýetimiziň jebisliginiň barha berkemegi netijesinde, bagtyýar raýatlarymyzyň döretmäge, gurmaga bolan höwesi barha artýar. Bu ajaýyp döwrüň galkynýan sungatynyň bagtyýar wekilleri bolan ýaşlar hem täze döredýän we ýerine ýetirýän aýdym-sazlarynda ýurdumyzda gazanylýan ajaýyp üstünlikleri, döwletmiziň äleme meşhurlygyny, halkymyzyň bagtyýarlygyny we eşretli durmuşyny mynasyp wasp etmegi başarmalydyrlar”.

Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürdäki ýaşlaryň şöhratly halkymyzyň köp asyrlyk taryhyna, milli medeniýetimize we sungatymyza, şirin owazly, çeper many-mazmunly, çuň pähim-paýhasly senedimize söýgüsiniň we buýsanjynyň belentdigine, şeýle hem olaryň türkmen aýdym-saz sungatyny ösdürmek ugrunda öz yhlasyny gaýgyrmajakdygyna ynam bildirdi.

Bäsleşige gatnaşyjylaryň sahnadaky joşgunly çykyşlary milli Liderimiziň ruhubelent çagyryşyna mynasyp derejedäki jogaba öwrüldi. Däp bolşy ýaly, çykyşlar bäsleşige gatnaşyjylaryň ählisi tarapyndan “Ýanlan, Diýarym!” diýen aýdymyň ýerine ýetirilmegi bilen başlandy.Täsirli halk aýdymlary we türkmen kompozitorlarynyň eserleri joşgunly ýaňlanyp, hakyky sungatyň täsirinden estetiki taýdan lezzet alýan diňleýjileriň kalplarynda ýakymly täsir galdyrdy, ýurdumyzyň ýaş aýdymçylary bolsa, bu günki gün ata Watanymyzy, türkmen halkyny, onuň köp asyrlyk şöhratly taryhyny, tebigatymyzyň gözelligini we berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanylýan üstünlikleri wasp edýän aýdymlary ýerine ýetirdiler. Diňleýjiler aýdymlaryň özboluşly we döwrebap äheňlerde ýerine ýetirilişine şowhunly el çarpmak arkaly, mynasyp baha berdiler.

Ýaş çeper höwesjeňleriň bu döredijilik bäsleşigi konserte gatnaşyjylaryň ählisi tarapyndan “Jan, Watan!” atly aýdymyň baýramçylyga mahsus bolşy ýaly, ruhubelent ýagdaýda ýerine ýetirilmegi bilen jemlendi.

Bäsleşigiň netijeleriniň jemlenmegine bagyşlanan dabara bu köp tapgyrly döredijilik bäsleşigine gatnaşyjylar üçin has-da arzyly pursada öwrüldi. Şonda bäsleşigiň ýeňijileriniň atlary yglan edildi, olar ýörite diplomlara, pul baýraklaryna we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gowşurylan gymmat bahaly sowgatlara mynasyp boldular. Ýeri gelende aýtsak, bu giň gerimli aýdym-saz baýramçylygyna gatnaşanlaryň ählisine-de mynasyp baha berildi. Telebäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşanlaryň hemmesine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan ýörite höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy. Zehinli ýaş aýdymçylar ýurdumyzyň Prezidentine “Ýanlan, Diýarym!” telebäsleşige gatnaşyjylaryň ählisi tarapyndan kabul edilen Minnetdarlyk hatyny ýollap, şonda döwlet Baştutanymyzyň ýaş nesliň sazlaşykly ösüşi we türkmen halkynyň özboluşly milli medeniýetiniň mundan beýläk-de rowaçlanmagy ugrundaky ýadawsyz aladasyna joşgunly döredijilik arkaly, mynasyp jogap beriljekdigine milli Liderimizi ynandyrdylar.