Ï Köýtendagyň bir ýylynyň üç pasly
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Köýtendagyň bir ýylynyň üç pasly

view-icon 913
Bulutsyz, aýdyň asmanda ýalkym saçýan günüň şöhlesem jana ýakymly salkyn howa täsir edip bilmän, diňe töwerekdäki daş böleklerini az-owlak gyzdyrýardy. Olaryň üstünde hažžyklar eýläk-beýlak ylgaýarlar. Iki sany, edil bürünç guýulan ýaly kebelek ganatlaryny ýalpyldadyp, daşdan-daşa bökýärdi.

Bu ýerde höküm sürýän, hamala diýersiň bir enaýy ýagdaýy daş töwerekde we ýüzlerçe metr aşaklygyna gaýdýan gaýalarda ýekeje-de agajyň ýa-da ňsümligiň ýoklugydyr. Diňe tikenli ýassyga meňzeş täsin ösümlikler, bir-eýýäm saralyp-solan gur baldaklary, pessejik ýigrimi santimetr töweregi boýy bolan itburunlar göze ilýär. Ýanýodalaryň töwereginde bezeg üçin ösýän otlara meňzeş, biziň görmäge endik edinen güri jeňňellikleri asla ýada salmaýan itburun ösümligini görüp, böwrüňi diňleýärsiň.


Gözelligini beýan edip bolmajak görnüş hemme zady ýerli-ýerinde goýdy. Daglar, maýdanlar, obalar – olaryň üstüni çalaja bildirýän ümür ýapýança gözýetime çenli uzap gidýär. Köňlüňi belentligiň serhoş ediji duýgusy gurşap alýar. Bu duýgy ýer ýüzüniň müňlerçe adamlaryny iň beýik dag gerişlerine çykmaga çagyrýar.

Biz dag belentliginde – durmuşyň belent sepgidinde durus. Hakykatdanam bu gazaply künjege – Türkmenistanyň iň beýik daglaryna – Köýtendag özüniň 3 müň metr belgili belentliginden giň gerişleri bilen garaýar. Ýöne tebigat tomus bilen güýzüň sepgidinde bu ýerde myhmanlara geçirimlilik, hat-da howandarlyk bilen garaýar. Şeýle belentlikde gün şöhlesi ýakymly bolsa-da ultramelewşe şöhleleriniň köplügi sebäpli bu ýerde bary-ýogy iki sagadyň içinde, deňiz kenaryndaka garanyňda, endamyň has gara örtüge öwrülýär.


Bu ýerlerde bize birnäçe gezek bolup görmek miýesser etse-de, Kňýtendag her gezek üýtgeşik keşbe girýär. Birnäçe aý mundan öň – gyşyň we ýazyň sepgidinde bu jelegaýlara gelenimizi ýatlaýaryn. Şonda Köýtendag bizi uzak ýagýan garlary, içiňden geçip barýan ýelleri bilen garşylapdy. Gar galyňlygy adam biline ýa-da ondan hem ýokary ýetýärdi, ýokary galmak üçin buzlardan basgançak ýasamaly bolýardy.

Köýtendag belentligi ýylyň üç paslynda aýratyn, özboluşly durmuşy bilen ýaşaýar. Maýyň ahyryna çenli onuň gerişleri gara we buza bürenendir, ýazyna onuň kert gaýalary otlara we güllere bürense, soňra gün olara altynsow reňk çaýýar. Bu görnüş tä oktýabrda ýagýan ilkinji gara çenli saklanýar.


Pasyllaryň çalyşmagy bilen baglylykda öz keşbini çürt-kesik üýtgedýän Köýtendag daga çykyjylar üçin hakyky mekdepdir. Ol möwsüm aralygynda sportuň bu töwekgelçilikli görnüşi bilen meşgullanýanlar üçin türgenleşik meýdançasy hökmünde bellidir. Bu ýerde gyşyna howa ýagdaýy köp babtda has belent dag gerişlerinde tomsuna bolýan howa bilen meňzeşdir.

Öz keşbini ýygy-ýygydan çalyşmakdan armaýan, gözelligi boýunça haýrana goýýan dag gerişleri ünsli jahankeşdelere ädimme-ädim syrlaryny açyp, özüne maýyl edýär. Köýtendagyň ähli syrlaryny bilip bolarmyka we muňa näçe müddet ýetirmek bolar? Bu soragy Köýtendag goraghanasynyň ylmy bölüminiň başlygy, bu mesele boýunça iň habardar adam Şanyýaz Meňliýewe berýärin.


- Sizi gynandyrmak islämok, ýöne dogrusyny aýtmaly – diýip, ol söze başlaýar. Men ylym bölüminde çärýek asyr işläp, gulluk borjum boýunça-da bu künjekler barada köp zatlary biläýmeli ýaly. Emma bu ýerleriniň her bir täze güni bu ülkäniň tebigaty, haýwanat we ösümlik dünýäsi barada täze maglumatlary äşgär edýär. Siz bu ýerlere näçe gelseňizem, her gezek ilkinji sapar gelýän ýaly duýgulary başdan geçirýänsiňiz. Bu ajaýyp zat! Köp ýyllaryň dowamynda ylmy barlaglary geçirenem bolsak, gözlegleriň aňyrsy görünmeýär. Döwür täze wezipeleri öňde goýýar. Indi biziň ygtyýarymyzda jandarlaryň we ösümlikleriň iň bir gymmatly we seýrek görnüşlerini gaýtadan dikeltmek üçin zerur serişdeler bar. Olaryň köp görnüşleri tohumhanalarda hem-de nahalhanalarda ösdürilip ýetişdirilýär. Şonuň üçin hem Köýtendagyň gaýtalanmajak ösümlik we haýwanat dünýäsiniň wekilleriniň köp sanlysyny ýaşaýyş şertleriniň ähli toparlaryny giňişleýin öwrenmeli.

Türkmenistanyň tebigaty goramak ministrliginiň Köýtendag goraghanasynyň nahalhanasynda we haýwanlaryň ösdürilip ýetişdirilýän ýörite ýerlerinde seýrak duş gelýän burma şahly teke, dag goçlary, käkilikler ýaly jandarlar, arça, itburun, badam, kerkaw ýaly ösümlikler ýetişdirilýär. Ekologlar biodürliligi saklamagyň tarapdarlary bolmak bilen, türkmen tebigatynyň bu täsin künjeginiň ösümlik we haýwanat dünýäsini gowy saklanylmagyny kepillendirýärler.


Barlaglar dowam edýär. Ine şu söhbetdeşlik 2500 metr belentlikde ýerleşýän üçgat ösümliginiň tokaýlygynda bolup geçdi. Adatça bu känbir göüe ilmeýän gyrymsy ösümlik – ýogynlygy üç metre ýetýän köpasyrlyk ägirt agaçlara öwrülipdirler. Nähili ýagdaýlaryň şeýle ägirt agaçlaryň ösüp ýetişmegine sebäp bolandygyny anyklamak, bu täsinligiň syryny açyp, ony belkem durmuşda peýdalanmak ylmyň wezipesidir. Alym-ekologlar bu daglaryň syrlaryny öwrenseler goraghananyň gorag bölüminiň işgärleri bu tebigy baýlygy aýawly saklamagyň aladasyny edýärler.

Köýtendagyň üýtgäp durýan keşbiniň ýene bir täsinligi onlarça kilometre uzaýan ýerasty dünýäsidir. Dag belentlikleriniň we gowaklaryň biri-birine örän ýakyn ýerleşýändigine garamazdan, olaryň biri-birine düýpgöter meňzemeýändikleri barada näme aýdyp bolar. Pasyllaryň we gije-gündüziň üýtgemegi oňa hiç-hili täsir etmeýär. Synag üçin alymlar Köýtendag gowaklarynda birnäçe hepde ýaşanlarynda – olaryň biologiýa ýagdaýlary hem üýtgäpdir. Olar ýokarda, ýeriň üstünde gündizine-gijesine garamazdan öz aýratyn gün tertibi boýunça ýaşapdyrlar.

Doly we baky tümlük ýerasty dünýäsiniň ajaýyp keşbini gurşap alýar. Diňe oňa ýançyralaryň ýa-da fotosurat alyjy enjamyň uçguny düşende – bu syrly dünýä sehelçe salym öz jemalyny açýar... Gündiziň ýagtylyndan daşda, keseki nazaryň düşmeýän ýerinde stalaktitler, stalgmitler, stalagmatlar, täsin lýustralar we atlaryny diňe tejribeli speleolog biläýmese – beýleki köpsanly şekiller haýallyk we üznüksiz ýagdaýda emele gelýärler.

Köýtendagyň jülgesi hem täsindir. Ol gözbaşyny Hojapilden alyp, ilki başda ol çygly bolsa-da suwuň köp bölegini ýerastyna siňdirýär. Ähli gaýalardan bu ýere akýan suwlaryň hemmesini deräniň düýbi özüne sorup alýar. Olaryň galyň gatynyň astynda töweregi ýüzlerçe metre ýetýän, „gaplar“ hakyky ýerasty köller ýerleşýär. Olarda balyklaryň, leňňeçleriň seýrak duş gelýän dünýäniň hiç ýerinde gabat gelmeýän görnüşleri erkin ýaşaýarlar. Ol kölleri öwrenmek üçin diňe bir speleolog bolanyň ýeterlik däldir. Onuň üçin ýene-de örän uly çuňluklara çümmegi başarýan akwalangçiniň hünäri hem gerekdir.

Köýtendagyň ajaýyplyklarynyň hemmesi barada birbada aýdyp bolamýar, onuň köpdürli tebigaty ajaýypdyr. Şu ýylyň bahar aýlarynda hur ÝUNESKO-nyň ýolbaşçylygynda uly göwrümli halkara ekispedisiýasynyň we maslahatynyň geçirilmegi üçin Köýtendagyň saýlanyp alynmagy ýöne ýere däldir. Şonda bu ýerleriniň tebigy gözelligine aýratyn halkara derjesindäki atlara goşmaga taýýarlyk görülmegine badalga berildi.


Bu sebitleriň gelejegi örän ulydyr. Dinozawrlaryň aýak yzlarynyň saklanyp galan ýapgydy, Umbar şaglawygy, Kyrkgyz gowagy, Daraýydere we Hojagaragul jülgeleri, Gaýnarbaba çeşmesi ýaly goraghananyň esasy ýerleriniň berk goralmagy we bu meşhur ýerlere baryp görmäge mümkinçilikleriň bolmagy bu sebiti tebigaty goramak hem-de gözleg işlerini, ekosyýahatçylyk nukdaýnazardan iň bir özüne çekiji, gelejegi uly bolan milli seýilgähi döretmäge mümkinçilik döredýär.