Merkezi Köpetdagda Türkmenistanyň gyzyl kitabyna girizilen, seýrek duş gelýän türkmen armydynyň iki müňden gowrak agajy ösüp ýetişýär. Bu agaç Köpetdagyň endemiki ösümligidir we ol başga hiç bir ýerde duş gelmeýär. Şonuň üçin hem olar biziň planetamyzyň ösümlik dünýäsi üçin bu görnüşiň genofondyny saklamak üçin birinji derejeli ähmiýete eýedir. Olaryň ýagdaýynyň monitoringini Köpetdag döwlet goraghanasynyň işgärleri alyp barýarlar. Häzirki wagtda türkmen ýabany ösýän armydynyň bir bölegi Köpetdag döwlet goraghanasynyň çäklerinde goralýar.
Deňiz derjesinden 1900 metr belenlikde jülgäniň gury we daşlyk eňňitlerinde gögerýän aýratyn ýaýran ýabany ösýän görnüşiniň birnäçesi tapyldy we olar öwrenilýär. Olar – ýylylygy söýýän, sowga çydamly we kesellere garşy durnukly ösýän ösümlikdir. Bu ýabany ösýän armyt sekiz ýaşyna ýetip, aprel aýynda gülläp başlaýar hem-de awgust aýynda miwe berip başlaýar. Adatça bu bagyň ömri 50-80 ýyl töweregi bolýar, amatly şertlerde bolsa – 300 ýyla çenli ýaşap bilýär.
Ýabany ösýän armyt ýokary aýazly we gurak howa şertlerine, gowy hilli immun aýratynlyklaryna we şorlaşan topraga uýgunlaşmak häsiýetine eýedir. Şonuň üçin hem ol ýerli howa şertlerine gowy hilli uýgunlaşan ösümlik hökmünde Köpetdag dag tebigaty goraýyş zolagyny tokaýlyga öwürmek üçin üns berilmegine mynasypdyr.
Türkmen armydy ýewropa görmüşinden düýpli tapawutlanýar. Bu bolsa ony özbaşdak görnüşinde tapawutlandyrmaga esas döretdi. Ýabany ösýän armytlaryň gönüden-göni nesillerinden emele gelen armydyň häzirki zaman ýerli görnüşleriniň köpüsi gelp çykyşy boýunça çylşyrymly garnuw häsiýete eýedir.