Düzüminde biziň ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we edarlarynyň hünärmenleri, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary bolan türkmen wekilýeti Polşa bilim saparyny amala aşyrdy. Bu saparyň maksady adam hukugyny goramak ulgamynda dürli guramalaryň iş tejribesini öwrenmekden ybaratdyr.
Adam hukuklaryna ýardam bermek we goramak boýunça Türkmenistanyň milli mümkinçiliklerini berkitmäge gönükdirilen bu okuw sapary Ýewropa Bileleşiginiň, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň we Ýokary Komissaryň Müdirliginiň bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde guraldy.
Şeýle hem saparyň dowamynda Zähmet we durmuş syýasaty ministrligine, hukuk fakultetinde okatmagyň işi we usuly bilen tanyşmak maksady bilen Warşawa uniwersitetine baryp görmek guraldy. Şeýle hem türkmen wekilýeti işi Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet guulugy akademiýasynyň işine meňzeş bolan Döwlet adminstrasiýasy mekdebinde kabul edildi. Şeýle hem polýak tarapy Bilim institutynyň we BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň ýerli wekilahasynyň hünärmenleri bilen duşuşygy gurady.
On bäş töweregi çäreleri öz içine alýan mazmuna baý maksatnama bir hepdäniň dowamynda oňa gatnaşyjylaryň öz ugurlary boýunça dünýä garaýyşlaryny giňeltmäge mümkinçilik berdi. Bu sapara gatnaşyjy – Türkmenistanyň DIM Halakra gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy kafedrasynyň mugallymy Hoşgeldi Ýomutbaýewiň nygtaýşy ýaly, täze tejribe we toplanan ýörite bilim işgärleriň we bu ýokary okuw mekdebinde degişli ugurlar boýunça bilim alýan talyplaryň arasyndan ýaýradylar.
Türkmenistanyň DIM Halkara gatnaşyklary instituty döredilen ilkinji günlerinden başlap, ABŞ-nyň „ugurdaş“ ýokary okuw mekdepleri bilen gelejegi uly bolan hyzmatdaşlygy ösdürmäge başlady. Ýakyn hyzmatdaşlygyň bir ýyly içinde amerikanyň giňden tanalýan uniwersitetleriniň mugallymlary biziň ýurdumyzyň diplomatiýasynyň ýokary okuw mekdebinde birnäçe sapar gönüden-göni türkmen talyplary bilen sapak geçdiler.
Düzüminde Türkmenistanyň DIM HGI Halkara hukugy we halkara gatnaşyklary kafedrasynyň wekilleri bolan mugallymlar topary ABŞ-ň Döwlet departamenti (bilim we medeni gatnaşyklar edarasy) tarapyndan guralan Amerika jogap okuw saparyny amala aşyrdylar. Bu ýerde olar ýurduň belli ýokary okuw mekdeplerinde ulanylýan okatmagyň häzirki zamamn usullary, şeýle hem, esasan-da diplomatiýa işi üçin hünärmenleri taýýarkamaga ýöriteleşdirilen mekdepler we kollejler bilen tanyşdyryldy.
Türkmenistanyň DIM Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplarynyň mugallymlarynyň baryp gören amerikanyň ýokary okuw mekdepleriniň uly sanawynda – Halkara gullugy instituty, Jorjtaun uniwersiteti, Jorj Hopkins uniwersiteti, Garward we Boston uniwersitetleri, şeýle hem beýleki ýokary okuw mekdepleri bar. Bu ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary öz türkmen kärdeşlerini okatmagyň hazirki zaman okuw maksatnamalary we usullary boýunça tanyşdyrmak bilen, olary myhmansöýüjilik bilen garşy aldylar.
Türkmen mugallymlary ýigrimi güne barabar bolan okuw saparynyň çäklerinde ýurduň ajaýyp künjekleri boýunça syýahatçylyk saparlarynda hem boldular, şeýle hem amerikan maşgalalaryna baryp gördüler. Olary bu ýerde ýerli däp-dessurlar bilen hem tanyşdyrdylar.
Umuman, iki tarapyň hem wekilleriniň belleýişleri ýaly, bu ýerde guralan okuw we syhatçylyk çäreleri köp sanly gymmatly bilimleri almaga mümkinçilikberdi.Bu bolsa, türkmen mugallymlarynyň Türkmenistanyň diplomatiýa gullugy üçin ýurduň gelejekki ýokary hünärli hünärmenlerini taýýarlamak boýunça halypaçylyk okuw wezipelerini ýerine ýetirmekde uly ähmiýete eýedir.
Türkmenistanyň DIM HGI Halkara hukugy kafedrasynyň mugallymy Dürli Ballyýewanyň belleýşi ýaly, şular ýaly bilim boýunça saparlaryň guralmagy – dünýäniň meşhur bilim merkezleri bilen halkara hyzmatdaşlygyny ýaýbaňlandyrmaga gönükdirilen ýokary okuw mekdebiniň okuw maksatnamasynyň möhüm bölegi bolup durýar.
Türkmen mugallymlarynyň mynasyp bolan ýörite şahadatnamalry bu ugurda täze bilimleriň alynandygyna şaýatlyk edýär.