Aşgabatda GDA ýurtlarynyň harytlarynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen guralan ilkinji ýarmarkasy üstünlikli geçdi
Aşgabadyň günortasynda ýerleşýän “Çandybil” söwdat merkezini ň çäginde 20 günläp GDA ýurtlarynyň sarp ediş bazaralaryna iň bir islegli harytlaryň ýaýbaňlandyrylan sergisi dowam etdi. Ozal habar berlişi ýalw. 10-njy oktýabrda türkmen paýtagtynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlarda öndürilen halkyň sarp edýän harytlarynyň halkara ýarmarkasy tamamlandy. Arkalaşygyň çäklerinde guralan bu forumy 2012-nji ýylda GDA başlyklyk ediji ýurt bolan Türkmenistan şeýle forumy ilkinji gezek geçirdi.
Ýarmarka gatnaşyjylar möçberleri ýyl-ýyldan artýan, geljegi uly türkmen bazaryny öwrenmek üçin ajaýyp mümkinçilige eýe boldular. Bu bolsa Arkalaşygyň ýurtlarynyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň GDA-nyň ykdysady durmuşyndaky möhüm waka bolan ägirt uly gyzyklanmalaryny şertlendirdi.
Aşgabatda geçirilen ýarmarka 8 ýurtdan 115 kompaniýa gatnaşdy. Olar öz önümlerini anyk sarp edijilere göni çykmaga, öz kärdeşleri bilen işjeň gatnaşyklary ýola goýmaga bolan mümkinçilikleri höwes bilen peýdalandylar. Giň möçberli döwletara gözden geçirilişine Russiýa Federasiýasy, Ermenistan Respublikasy, Belarus Respublikasy, Gazagystan Respublikasy, Täjigistan Respublikasy, Özbegistan, Ukraina ýaly ýurtlardan we Türkmenistandan wekiller gatnaşdylar. Wekiliýetleriň düzüminde döwlete degişli we hususy önümçilik kärihanlary, belli kompaniýalar we öz ýurdunyň içerki bazarynda däl, eýsem daşarky bazarlarda, şol sanda GDA-nyň giňişliginde uly abraýa mynasyp bolan firmalar bar.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan ýarmarkanyň üstünligi we oňa goňşy ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň hem-de sarp edijileriniň gyzyklanma bildirmegi tötänden däldir. Toparlaýyn sergä gatnaşyjy ähli ýurtlar bilen Türkmenistanyň söwda-ykdysady ugurlar boýunça köpýyllyk gatnaşyklar, işewür hyzmatdaşlygyň giň ugurlaryny, maýa goýum syýasatyndan başlap, energetika we ulag pudaklaryny öz içine alýan hyzmatdaşlyk baglanyşdyrýar, GDA başlyklyk edýän ýylynda Türkmenistanyň bar bolan mümkinçiliklerini doly güýjünde durmuşa geçirmek ugrundaky tagallalary özara peýdaly gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagyna, ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen oýlanyşykly strategiýasynyň möhüm ugry bolup durýar.
Bu forum ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini yzygiderli durmuşa geçirmegiň, milli önümleriň bäsdeşlige ukyplylyk derejesini ýokarlandyrmagyň ýolundaky ýene-de bir möhüm tapgyra öwrüldi. Türkmen önümleri özüniň talap edijilik, hil we görnüş ugurlary boýunça sarp ediş bazarynda barha uly meşhurlyga eýe bolýar. Munuň özi energetika, ýeňil senagat, oba hojalyk ulgamy, gaýtadan işleýän önümçilik ýaly ugurlary degişlidir.
Sergi ýarmarkasynyň geçirilen ýeri bolan söwda merkeziniň ýerleşen künjegi ýurdumyzyň ösüşini aýdyň äşgär edýän ýere öwrüldi. Soňky ýyllarda ak mermere beslenen Aşgabatda emele gelen ýokary amatlyklary bolan belent ýaşaýyş jaýlary, söwda merkezleri, häzirki zaman ulag düzümi özboluşly binagärlik aýratynlygy bolan desgalar paýtagtymyzyň baş bazagine öwrüldi. Ata-babalarymyzyň binagärlik däpleriniň we häzirki zaman täze tehnologiýalaryň hem-de innowasiýalaryň utgaşmagynda ajaýyp sazlaşygy emele getiräýn türkmen paýtagtynda oňaýly şäher düzümini döretmek boýunça alnyp barylýan işler Aşgabada sebitiň binagärlik merjeni diýip atlandyrmaga esas berýär.
Türkmenistanyň we ýurduň hyzmatdaşlarynyň harytlary ýaýbaňlandyralan söwda merkezi barada hem aýtmaly. Özboluşly bezeg çözgütlerini hem-de binagärlik aýratynlyklaryny özünde jemleýän bu binada ýaýbaňlandyrylan sergi ýarmarkasy meşhur Gündogar bazaranyň gaýtalanmajak keşbini emele getirýär. Şu günler “Çandybil” söwda merkezine gelip boş gideni az-azdyr. Şu döwürde sergi ýarmarkasy netijeli işewürligi alyp barmak üçin gepleşik geçirilýän meýdança öwrüldi.
Her bir kompaniýa özüniň iň gowy önümlerini we öňdebaryjy işläp taýarlamalarny ussatlyk bilen görkezdiler. Ýarmarka gelip görenler diňe bir GDA ýutlarynyň dürli kärhanalarynda önümiň öndürilişi bilen tanyş bolmakdan daşgary olary dadyp hem gördüler. Birnäçe önüm öndürijiler öz şerbetlerini, peýnirlerini, şöhlatlaryny we dürli görnüşli süýji önümlerini dadyp görmek çäresini guradylar.
Ermenistanyň zergärçilik önümleri sergä gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Ol önümler ýarmarkanyň ilkinji günlerinde ýerlendi. Şeýle hem sergä gatnaşyjylarda Belarussiýadan we Ukrainadan gelen wekilleriň görkezen azyk önümleri we halkyň sarp edýän harytlary uly gyzyklanma döretdi. Ýeri gelende aýtsak, “Çandybil” söwda merkeziniň çäginde belarus-türkmen Söwda öýi işleýär.
Özbegistanyň kompaniýalaynyň ýokary tehnologiýaly önümleri hem sergä gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Özbek hyzmatdaşlary sergide köp görnüşli hartylary, hususan-da azyk önümlerini, dokma harytlaryny, ýeňil we ýük awtoulaglaryny, ýörite tehnikalary, gurluşyk materiallaryny, energiýa tygşytlaýjy lampalary, durmuş tehnikalaryny hödürlediler.
Täjigistandan gelen işewürler ýokary tehnologiýalary energiýa tygşytlaýjy ýagtylyk diodly lampalary, yşyklandyryjylary, tygşytlylygy hem-de energiýany az harç edýänligi bilen tapawutlanýan daşarky yşyklandyryjalyr hödürlediler. Hususan-da, Täjigistanyň “SOMON” kompaniýasynyň wekilleri biziň telekeçilerimiz bilen gepleşikleri geçirdiler we ýagtylyk diodly lampalaryň önümçiligi boýunça bilelikdäki k-rhanalaryň döredilmeginiň we olaryň Türkmenistanyň bazarlaryna ugradylmagynyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Sankt-Peterburg şäheriniň “Wozroždeniýe” kompaniýasy Russiýanyň bölüminiň esasyny düzdi. Türkmenistanyň ýol gurluşygy ulgamyndaky hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýan bu köp ugurly kompaniýa sergide tebigy daşlary işläp taýýarlamagyň mümkinçiliklerini görkezdi. Beýleki birnäçe kompaniýalaryň wekilleri uly islegden peýdalanýan harytlaryň giň görnüşlerini sergä gatnaşyjylaryň dykgatyna ýetirdiler.
Sergi gurluşyk materiallaryndan we durmuş tehnialaryndan başlap, gaýtaldan işlenen azyk we ýeňil senagatynyň önümlerine çenli bolan halkyň sarp edýän harytlarynyň giň ulgamyny görkezdi. Sergide goýlan harytlaryň görnüşleri müňlerçe bolup, onda dürli ugurlara degişli önümler bar.
Türkmen önüm öndürijileriniň harytlary sergide iň uly meýdany eýeläp, olar bäsdeşlige ukyply harytlary hökmünde özlerini ykrar etdirdi. Sergi ýarmarkasyna gatnaşyjylar bu ýerdäki haly we dokma önümlerini, milli şaý-sepleri, dürli mebelleri, azyk önümlerini we halkyň sarp edýän beýleki harytlary satyn aldylar. Ol harytlar türkmen bazarynda bolşy ýaly, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň arasynda ýokary hilli önümler hökmünde meşhurlyk gazanan harytlardyr. Munuň özi türkmen harytlarynyň dünýä bazarlaryny nazarlaýandygyny aňladýar.
Ýurdumyzyň sergide görkezilen harytlarynyň köpüsi eksporta gönükdirilenlerdr. Olaryň hatarynda pagta ýüplügi, dokma we jinsi matalary, dürli görnüşli taýýar tikinçilik önümleri we beýleki möhüm pudaklaryň harytlary bar. Serginiň azyk önümleri bölüminde et we süýt önümleri, süýji, çörek-bulkalar bar. Alkogolly we alkogolsyz içgiler, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýji toplumyň önümleri sergä gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Şeýle hem bu ýerde hojalyk-durmuş we halkyň sarp edýän harytlarynyň beýleki görnüşleri, owadan, bezegli gaplarda hödürlenýär.
Serginiň söwda hatarlarynda ykdysadyýetiň döwlete degişli däl ulgamyna aýratyn orun berlipdir. Oba hojalyk we azyk pudaklarynyň dürli ulgamlarynda ýöriteleşdirilen hususy önüm öndürijiler dürli görnüşleri, gurluşyk harytlaryny görkezdiler. Munuň özi telekeçilige goldaw bermek w olary höweslendirmek boýunça maksada okgunly çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginden habar berýär. Ýurdumyzyň öňdebaryjy zärgärleriniň awtorlyk işleri we täsin şaý-sepleri uly islegden peýdalandy.
“Çandybil” söwda merkezinde geçirilen sergi ýarmarkasynyň iň soňky gününe çenli bu ýerde köp adamlaryň bolmagy sergä gatnaşyjylaryň bäsdeşlige ukyply harytlary özüne çekiji görnüşde görkezmek bilen baglanyşykly wezipelere üstünlikli hötde gelendigini alamatlandyrýar. Bu ýerde tamamlanan çäre halkara derejesindäki özboluşly işewürçilik alyş-çalşyna öwrüldi. Yzygiderli tejribe alşylmagyny üpjün eden sergi geljegi uly işläp taýýarlamalary, taslamalary we teklipleri tanyşdyrmak üçin işewür binýat bolup hyzmat etdi. Onda daşary ýurtly myhmanlar Türkmenistanyň halk hojalyk toplumynyň gazananlary bilen içgin tanyşdylar.
Sergi ýarmarkasy Türkmenistanyň GDA başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilen sanawynda görnükli orna mynasyp boldy we Arkalaşygyň ykdysady durmuşyň möhüm wakasyna öwrüldi. 2012-nji ýylda ýurdumyzyň GDA başlyklyk etmeginiň maksatnamasynda 30-dan gowrak çäre geçirmek meýilleşdirildi.
Şeýlelikde, 10-njy oktýabrda Garaşsyz Döwletlaryň Arkalaşygynda agza ýurtlarda öndürilen halkyň sarp edýän harytlarynyň halkara ýarmarkasy Türkmenistanyň başlangyjynda ähli ýurtlaryň we halklaryň bähbidine işewür hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi uly görnüşidigini subut etdi.