Şu gün milli senenamamyzyň şanly senesiniň – Garaşsyzlyk gününiň 21 ýyllygynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň hormatly atlaryna mynasyp bolan medeniýet ulgamynyň işgärlerini we Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy “Serdar” myhmanhanasynda dowam etdirildi.
Ozal habar berlişi ýaly, düýn milli Liderimiz köp ýyllaryň dowamynda tutanýerli zähmet çekip, mähriban halkymyza, öz saýlap alan kärine wepalylygyň ýokary nusgasyny gökrezen adamlaryň käbirine sylaglary we hormatly atlaryň dakylandygy hakyndaky şahadatnamalary gowşuryp, ýurdumyzyň döredijilik işgärlerini hormatlamak dabarasyna badalga berdi.
Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrmagy boýunça geçirilen şu günki dabara gatnaşyjylaryň arasynda Mejlisiň we medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary bar. Dabara gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, şu günki çäre milli Liderimiziň ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň durmuşynda döredijilik işgärleriniň ornuna örän uly ähmiýet berýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Hut şoňa görä-de, häzirki zaman milli medeniýeti ösdürmegiň ähli meseleleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri bilen yzygiderli geçirýän duşuşyklarynda jikme-jik ara alnyp maslahatlaşylýar, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň başlyklygynda geçirilýän hökümet mejlisleriniň gün tertibine girizilýär. Milli Liderimiz medeniýet, teatr we kino işgärleriniň, ýazyjylaryň, žurnalistleriň, muzeýleriň, kitaphanalaryň, medeni mekrezleriň we beýleki ulgamlarynyň işgärleriniň işinde döredijilikli gözlegleriň, özboluşly çözgütleriň we täzeçe çemeleşmeleriň möhümdigini nygtaýar.
Häzirki wagtda medeniýet işgärleriniň üstüne halkymyzyň taryhy we medeni gymmatlyklaryny aýawly saklamak we dowam etdirmek, olary geljekki nesillere geçirmek wezipeleri ýüklenilýär. Çünki, olaryň esasy borjy ýurdumyzyň geljegini kemala getirmäge işjeň gatnaşmakdan, onuň döredijilik kuwwatyny artdyrmakdan, ösüşiň täze belentliklerine ýetmäge mynasyp goşant goşmakdan ybaratdyr. Munuň özi innowasion çözgütleri we çemeleşmeleri talap edýär.
Şoňa görä-de, öz öňünde belent maksatlary goýmaga we olara ýetmäge ukyply döredijilikli nesli terbiýeläp ýetişdirmek häzirki döwürde türkmen medeniýetini ösdürmegiň gaýragoýulmasyz işidir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ähli durmuş we bilim özgertmeleri adamlaryň intellektual mümkinçiliklerini açmak üçin şertleri döretmäge, olaryň hünär taýdan ösmegini höweslendirmäge, zehinleri ýüze çykarmaga we goldamaga zehinli ýaşlaryň ukyplaryny ösdürmäge gönükdirilendir.
Häzirki wagtda ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler halkara medeni gatnaşyklarynyň, döredijilik özara alyşmalarynyň has baý we täsirli bolmagyny üpjün etdi. Türkmenistanyň medeniýeti diňe bir dünýä üçin açylmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä medeniýetiniň gazananlaryny özleşdirýär we pikirleriň, žanrlaryň we ugurlaryň köpdürlüligini döredýär. Bularyň ählisi çeperçilik, aýdym-saz, edebi döredijiligiň ösmegi üçin şertleri döredýär. Munuň şeýledigini her ýyl geçirilýän “Türkmen Altyn asyry” bäsleşiginiň jemleri hem görkezýär. Bäsleşigiň ýeňijileriniň arasynda tomaşaçylaryň ägirt uly söýgüsine mynasyp bolan we öz kärdeşleriniň arasynda abraý gazanan meşhur sungat ussatlary-da, öz döredijilik ýoluna ýaňy gadam basan ýaşlar-da, şeýle hem alymlar, sungaty öwrenijiler, medeniýet işgärleri we beýlekiler bar.
Dabaranyň barşynda hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 21 ýyllyk baýramy mynasybetli hormatly atlary dakmak hakyndaky Permany we döwlet Baştutanymyzyň “Türkmeniň Altyn asyry” baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň jemleri hakyndaky Karary okalýar. Ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan döredijilik intelligensiýasynyň wekillerine hormatly atlary dakmak hakyndaky degişli şahadatnamalar, her ýyl geçirilýän bäsleşigiň ýeňijilerine diplomlar we pul baýraklary, şeýle hem gül desseleri gowşuryldy.
Sylaglananlar – şahyrlar, ýazyjylar, kompozitorlar, sazandalar, suratkeşler, artistler, žurnalistler, zehinli ýaşlaryň halypalary ýurdumyzyň we halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan ägirt uly işleri, milli medeniýetiň we sungatyň ösmegi barada edýän yzygiderli aladasy üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdiler.
Olar milli Liderimiziň çagyryşyna jogap edip, özleriniň döredijilikli zähmeti bilen türkmen halkyny täze üstünliklere we ýeňişlere ruhlandyrjakdyklaryna, ýurdumyzyň medeniýetiniň we sungatynyň ösmegine mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar.
Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edip, özleriniň işine berlen ýokary baha üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler we milli Liderimizi ýetip gelýän uly baýramçylyk – mukaddes Garaşsylygymyzyň şanly 21 ýyllygy bilen gutladylar hem-de mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin öz güýç-gaýratyny we zehinini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.